babamyrat
05.11.2019 08:26
Gowy, gowy zatlary
Görseň ýürek ýylynýa,
Görmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Bu dünýäde aglanýa,
Bu dünýäde gülünýä,
Gülmän geçsek näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözi ýaşlyny görsem,
Ýürek-bagrym dilinýä.
Dilinmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Kişä ýagşylyk etseň,
Ýagşy sözler diýilýä.
Diýilmese näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Biri dünýäden gitse,
Ýene biri dogulýa.
Dogulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!

Gözüň bilen görülýär,
Ýürek bilen duýulýa,
Duýulmasa näderdik —
Şükür, Elhamdülillä!
8
140
babamyrat
13 Noýabr 2019
????
Myhman
8 Noýabr 2019
oran onat
Myhman
5 Noýabr 2019
Gaty gowy bizi şu dünýäde ýaşadýandygyna Beýik Alla şükür etmelidiris.
Myhman
5 Noýabr 2019
Gaty gowy.Biz ynsanlar bolup şu dünýäde ge

Gaty gowy.Biz ynsanlar bolup şu dünýäde ge

Gaty gowy.Biz ynsanlar bolup şu dünýäde ge

Gaty gowy biz şu dünýäde ýaşaýandygymyza
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.