babamyrat
11.11.2019 08:37
Men ony söýmändim. Söýmek hakynda
Pikirem etmändim. Söýüpdi özi.
Özi, özi, özi! Onsoň men söýdüm.
Soňy näme boldy?
Agyrdy yzy.

Ýöne öňde-soňda aýtmaly bolsa,
Aýdylmagy gerek. Galmasyn kaza:
Söýülenim,
emma söýmänim üçin
Ol maňa beripdi şeýle bir jeza,
Şol jezaň astynda çekilen jepaň
Näçe tonnadygyn
bir ýürek aýdar.
– Dünýäniň ýüzünde iň betbagt kimkän
– Söýülen mahaly söýmedik adam.
18
103
babamyrat
10.11.2019 21:23
«Söýgi näme?» diýdim bir ajap Gyza.
Ol iki elini uzadyp yza,
Diýdi: «Söýgi meniň edebim, haýam.
Ýogsa şol ýigidi
Guçardym eýýäm!
12
120
babamyrat
10.11.2019 20:56
Ýarygije. Bir zat okap otyryn.
Çyramyz söndi.
Ýanyp durka bilmändirin gadyryn.
Hany, bilmäbilseň bilme-dä indi.

Şu gün gören dostuň – erte görseň ýok.
Çyra dek sönýär.
Gezip ýörkä gadyryny bilemzok.
Onsoň bilinýär.
AşGES-e aýdaryn. Çyramyz ýanar.
Dostlar hakda nirä bereris habar?
12
94
babamyrat
09.11.2019 20:18
Şu gün gapymyzdan bir adam geldi –
Ne-hä pasporty bar,
Ne-de bir ady.

Ne-de bilýän,
Ne-de düşünýän zady
Ýöne weli ol adamyň üstünden
Alkyş, şöhrat çabga ýaly ýagýady.
Biri oňa uzak ömür dileýär.
Şöhratdan ýükleýär ýene-de biri.
Ol bolsa olary nä-hä diňleýär,
Ne-de jogap berýär ertirden bäri.
Aý geçer, ýyl geçer. Dürli howada
Görer ol durmuşyň yssysyn, sowgun.
...Şonda-da şowhuna, şöhrata, ada


Öýe gelen adam kim bilýäňizmi barmy
10
146
babamyrat
09.11.2019 19:46
Ir bilen oýanýan. Öýüň ýerbe-ýer.
Keýpiň kök, janyň sag, hudaýa şükür,
Goňşyňdan bir dertliň nalasy gelýär,
Şonda näme hakda edersiň pikir –

Öýüňdäki ajap sapa hakdamy?
Ýa şol dertlä gerek şypa hakdamy?
10
113
babamyrat
09.11.2019 08:46
Puly ýokdan gaçma,ynsaby ýokdan gaç....
9
128
babamyrat
08.11.2019 20:19
Ynha bir mele, gelin,
gözleri çanak ýaly,
Gabagy gaýmak ýaly,
syraty baýdak ýaly.

Gün ýerinde durmaýar,
Aý ýerinde durmaýar.
Aý geçýär, ýyllar geçýär,
mele gelin garraýar.

Şeýle gelinleň biri
geçip barýar köçeden...
Düýnem «Jeren gyzdyň» sen,
bu gün «Jeren eje» sen.

Düýnem «A-ýu, jigidim»,
indi «A-ýu, ýaşuly!»
...Klasdaş jan, biz şeýdip
Taşlaýarsmy ýaşlygy?!
10
98
babamyrat
08.11.2019 19:57
Şirin jany .alyp bolmaz pul bilen
Hemme zady ,edip bolmaz dil bilen
Ýakyn ýoldan bagt tapmak mümkin däl
Gidiber.. täleý ýoly bilen .....
9
90
babamyrat
08.11.2019 18:55
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwnüm .
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...
Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.

Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem seýlemikän
8
75
babamyrat
06.11.2019 20:05
[] + []=8
+ +
[] - []=6
= =
13 8

Jogabyny bilýäniz barmy
8
113