babamyrat
08.11.2019 18:55
Kämahal şeýle bir gepläsim gelýär,
Küýseýän şeýlekin hemsyrdaş adam
Dyzba-dyz oturyp şol adam bilen,
Geçmiş elipbiýin hetjikläp «A»-dan,
«Ýa» harpyna çenli çözläsim gelýär.
Isle zenan adam, isle-de erkek –
Sözledesim gelýär,
Sözläsim gelýär.
Iň bagtly günümde duşupdy biri.
Sözläpdim, diňläpdim. Giňäpdi göwnüm .
Işimem şowludy, ýüzümem ýagty,
Ýüregmiň urşy-da başgady şo gün...
Kämahal şeýle bir dymasym gelýär.
Ne adam küýseýän, ne-de bir gürrüň.
Dyzba-dyz oturyp öz-özüm bilen,
Gaýgym,
söýgim,
ömrüm,
aladam,
döwrüm.

Hakynda gürrüňler edesim gelýär.
Özümden özgäni küýsänok ýürek.
...Häp-häzir nähili? Häzirem seýlemikän
8
75
babamyrat
13 Noýabr 2019
???
Myhman
9 Noýabr 2019
ajaýyp
Myhman
8 Noýabr 2019
oran onat
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.