ayymsha
05.06.2024 10:49
Oguldanam artyk olar
Her ogulam iş etmeýär,
Gyz, ulusyn işletmeýär,
Öýe ogul küýsetmeýär,
Ähli ýüküň dartyp alar,
Oguldanam artyk olar.
Olar kimin näzigi ýok,
Gyz bolannyň ýazygy ýok.
Diý: "Oguldan azlygy ýok,
Ýaşaýşyma ýetik olar"
Oguldanam artyk olar.
Halyň agyr ýatsaň eger,
Ýylgyryşy-müň gussaň ýeňer,
Öýe şatlyk, mähir berer,
Başyňdaky derdiň kowar,
Oguldanam artyk olar.
Ogul bor gelniň ýesiri,
Ölseň bolmaýar ses-üýni,
Bar bolsa gynanjak biri,
Gyzyň güler ýüzi solar,
Oguldanam artyk olar.
Awtor: Şanazar Hydyrow
8
127
ayymsha
27.05.2024 19:37
Şeker gyz kalbyny gurşan inçe, näzik duýgularyň peýda bolmagyna ynanasy gelmedi. "Ýok, ýok, beýle bolmaly däl! Indi meniň kalbyma hiç kim, onda-da erkek kişi asyl aralaşmaly däl. Men olaryň hiç birini gowy görüp bilmeli däl ahyry! Ýok men aldanýandyryn. Onuň mähirli gözleri meni aldaýandyr. Men ol garaýyşlaryň öz kalbyma aralaşyp, orun almagyna ýol bermeli däl. Onsoňam ol, belki-de saňa garajak bolup garanam däldir. Hemmelere şeýle garaýandyr ol. Ýogsa-da seniň özüň dälmi onuň hereketlerinden gözüňi aýyrman duranyň. Adam halky özüne seredilýänini ahyr duýýandyr. Olam ozüne seredilýänini duýandyr-da saňa garandyr. Ah, onuň garaýşyny! Ol ýöne-möne garaýyş däl! Mähirden doly. Ýok, ýok, nähili-de bolsa, bu garaýşyň dowamy bolmaz ýaly etmeli. Gaýdyp men oňa hiç wagt garamaýyn. Onuň seredenini-de bilmezlige salaýyn. Şeýtsem, birki ýola sereder-de, soň meni ýadyna-da düşürmez. Meniň onuň nazaryndan şeýle ejir çekenimi hiç wagt bilip bilmez, bu syr meniň bilen dünýäden öter. Ony hiç kim bilmeli däldir. Çünki, ilki bilen-ä, meniň oňa seretmegim, ikinjiden, onuň maňa mähir bilen garamagy gelşikli däl. Ony il bilse meni-de näletlär, ony-da. Meň oňa seretmäge, olam maňa seretmäge mynasyp däl. Biziň ýolumyz başga...." Şeker şu pikirlerden saplanmaga synanyşdy. Bolýan otagynyň içerisine birlaý göz aýlady. Diwaryň ýüzüne gerlip goýlan öz dokan halysynyň ýokarsynda- özüniň portredinde nazary saklandy. Görüň-ä bolýan zady! Şol portrediň ýanynda Zamanyň ýylgyryp duran keşbi peýda boldy. Şeker ony görenden iki bilen ýüzüni tutdy: " Men däliräp ýörünmi?! Maňa ne döw çaldy? Men gaýdyp hiç kimi-de gowy görmerin diýipdim. Söz beripdim. Sözümde tapylmadyk günüm....Ýok, ýok, şeýle gün bolmaly däl..." diýip, Şeker ýene-de şu günki ýygnanyşykda Zamanyň özüne gönügen nazaryny ýatlady. Onuň nazaryna döz gelip bilmän, utanyp aşak bakanyny ýene bir gezek hyýalynda gaýtalady. Ýöne bu gezek şol garaýyşlara ynanmazlyk etdi. "Onuň garaýşynda hiç hili many ýok, ýok, ýok...." Şeker bat bilen ýerinden galyp, äpişgäniň öňüne geldi. Agyrdyr ýeňil maşynlaryň güwwüldisinden doly köçä syn etdi. Onuň gyrasyndaky ýodajykdan ikibara-ýekebara nirädir bir ýaňa howlugyp barýan adamlara Şeker ünsem berip durmady. Ýöne şol adam siliniň içinde saýlanyp, gaýra tarapdan peýda bolan, ýigrimu ýaş töweregindäki bir ýigit bilen bir gyzyň elleriniň barmaklaryny biri-biriniňkiniň arasyndan geçirip gelşi welin, ony özüne çekmän durup bilmedi. Şeker olar öz deňinden geçip, tä daragtlaryň aňyrsynda gozden ýitip gidýänça nazaryny aýryp bilmedi. Olar Şekeriň gözünden gaýyp bolan dessine mundan on ýyldanam gowrak öň, özüniň şolaryň ýaşyndaka bolşy, edil şolaňky ýaly bolup Sapa bilen el tutuşyp şäherde ýörüşleri onuň goz öňünde jaňlandy.....
......Şeker her arakesmede Sapanyň özüne bir zat aýtjak bolup häzirlenýändigini duýupdy. Ýörite tabşyryk berlen ýaly, ol Şekeri nazaryndan sypdyrmaýardy. Nirä ýönelse hol beýleräginde peýda bolýardy. Şekeriň ýeke galaryny pelleýärdi. Şeker welin onuň öz yzynda urup gaçjak ýaly bolup ýormegini,özüne hiç zat diýmegini islemänsoň, joralarynyň ýanyndan aýrylmazdy. Näme üçinligini ozi-de bilmeýärdi. Ondan daşrakda boljak bolardy. Ýöne şol hžgezek welin aýagy duşaklanan ýaly, onuň öz ýanyna gelýänini bilse-de gidip bilmedi. Gidibermäniň hiç ebeteýini tapmady.
Dowamy bar...
20
66
ayymsha
10.05.2024 09:11
Gürrüň bermeklerine görä, bir gün Eflatun şäheriň atly-abraýly adamlary bilen bir ýerde oturyp söhbet edýän eken. Şonda biri onuň huzuryna gelip, salam beripdir we ýanynda oturypdyr. Ondan-mundan gürrüň gozgap, soňam: "Eý, filosof, bu gün men pylankesi gördüm. Ol seniň tarypyňy ýetirdi. "Eflatun juda uly filosofdyr. Mundan beýläk onuň ýaly filosof ýa bolar, ýa bolmaz " diýdi. Men onuň öwgüsini özüňe-de eşitdiräýin diýdim" diýipdir.
Filosof bu sözi eşiden badyna, başyny aşak salyp, keýpi bozulyp, hamsygypdyr we gamgyn bolupdyr. Ol adam:
-Eý filosof, men seniň göwnüňe deger ýaly gaty-gaýrym bir zat aýdaýan däldirin-dä, hernä?!
Eflatun oňa şeýle jogap beripdir:
-Özüň-ä göwnüme deger ýaly hiç zat diýeňok. Ýöne welin, bir nadanyň öwmesini uly betbagtlyk saýýan. Diýmek, meniň edýän işim onuň göwnünden turýan bolmaly. Eger-de onuň göwnünden turaýjak işi edýänimi bilen bolsadym, şobada ol işden el çekerdim. Keýpimiň bozulmagynyn sebäbi: men entekler nadan. Çünki nadanlaryň öwgüsine diňe nadanlar mynasyp bolýandyr.
30
72