Gürrüň bermeklerine görä, bir gün Eflatun şäheriň atly-abraýly adamlary bilen bir ýerde oturyp söhbet edýän eken. Şonda biri onuň huzuryna gelip, salam beripdir we ýanynda oturypdyr. Ondan-mundan gürrüň gozgap, soňam: "Eý, filosof, bu gün men pylankesi gördüm. Ol seniň tarypyňy ýetirdi. "Eflatun juda uly filosofdyr. Mundan beýläk onuň ýaly filosof ýa bolar, ýa bolmaz " diýdi. Men onuň öwgüsini özüňe-de eşitdiräýin diýdim" diýipdir.
Filosof bu sözi eşiden badyna, başyny aşak salyp, keýpi bozulyp, hamsygypdyr we gamgyn bolupdyr. Ol adam:
-Eý filosof, men seniň göwnüňe deger ýaly gaty-gaýrym bir zat aýdaýan däldirin-dä, hernä?!
Eflatun oňa şeýle jogap beripdir:
-Özüň-ä göwnüme deger ýaly hiç zat diýeňok. Ýöne welin, bir nadanyň öwmesini uly betbagtlyk saýýan. Diýmek, meniň edýän işim onuň göwnünden turýan bolmaly. Eger-de onuň göwnünden turaýjak işi edýänimi bilen bolsadym, şobada ol işden el çekerdim. Keýpimiň bozulmagynyn sebäbi: men entekler nadan. Çünki nadanlaryň öwgüsine diňe nadanlar mynasyp bolýandyr.