ayenesh
16.10.2023 08:17

Argentinaly kofe gaýnatjak bolup, tokaýy otlady


Argentinaly kofe gaýnatjak bolup, tokaýy otlady

Argetinanyň Wilýa-Karlos-Pas şäherinde ýerli ýaşaýjylaryň biriniň kofe içmek islegi güýçli tokaý ýangynyna sebäp boldy diýip, «MIR 24» habar berýär.


Ýangyny müňlerçe ýangyn söndüriji öçürip bilenok. Ot barha şäheri gurşap alýar, ýerli häkimiýetler ilaty gyssagly göçürýärler. Polisiýa kofe gaýnadynmak isläp tokaýda ot ýakan ýerli ýaşaýjyny saklady. Emma ol ýangynda özüni däl-de, birdenkä başlanan güýçli şemaly günäkärleýär diýlip, habarda aýdylýar.

15
102
ayenesh
10.10.2023 00:08

Fransiýada tagtabitler sebäpli mekdepler ýapyldy

Bütin Fransiýada mekdepleriň birnäçesini tagtabitleriň köpelmegi sebäpli wagtlaýyn ýapmaly boldy diýip, «Habar 24» ýazýar.


Ýurduň Bilim ministrligi mör-möjekleriň synp otaglarynda we umumy ýaşaýyş jaýlarynda duşýandygyny habar berdi, häzir mekdepleriň 5-si ýapyldy we okuwçylaryň 1,5 müňüsi onlaýn okuw düzgünine geçirildi.


Golaýdaky dynç alyş möwsümi 21-nji oktýabrda başlanar we okuw binalarynda arassaçylyk işleri geçiriler.


Ýeri gelende aýtsak, tagtabitler soňky günlerde Fransiýada öýlerde, hassahanalarda, kinoteatrlarda we kitaphanalarda duşýar. Şeýle hem olaryň jemgyýetçilik ulaglarynda hem duşýandygy barada köpsanly habarlar gelip gowuşýar. Ýerli häkimiýetler Parižde Olimpiýa oýunlarynyň başlanmagyna çenli olara garşy göreşmek boýunça çäreleriň görülmeginiň zerurdygyny aýdýarlar.

17
119
ayenesh
06.10.2023 15:01

Adamyň her bir gözi 107 million töweregi ýagtylyga duýgur öýjükleri özünde jemleýär;


- Adam gözi açyk ýagdaýynda asgyryp bilmeýär;


- Takmynan 10 000 ýyl mundan ozal ýer şaryndaky ähli adamlaryň gözleriniň reňkleri goňur bolupdyr;


- Gözlerimiziň diametri 2.5 santimetr bolup, onuň agramy 8 grama barabardyr. Kitleriň gözüniň agramy bolsa 1 kilograma barabardyr;


- Adam ortaça ömrüniň dowamynda 24 million töweregi şekil görýär;


- Täze doglan çaga 6-8 hepdelik bolýança onuň gözi gözýaş bölüp çykarmaýar;


- Adamyň gözi diňe 3 sany reňki, ýagny gyzyl, ýaşyl we gök reňkleri saýgaryp bilýär. Galan reňkler bolsa şu reňkleriň birleşmesidir;


- Bir gije-gündiziň dowamynda adam göz gyrpmak üçin 55 minut sarp edýär, ýagny adam 1 minutda 6-dan 17 gezege çenli gözüni gyrpýar. ( Aýallar erkeklere görä iki esse köp göz gyrpýar);


- Bir gezek göz gyrpmak üçin ortaça 0.05 sekunt gerek bolýar;


- Tehnologiýanyň ösmegi we sanly ulgamyň rewolýusiýasy adamlaryň durmuşynda kompýuter we şuňa meňzeş enjamlaryň üsti bilen giňden orun eýeledi, emma biziň görejimize zeper ýetirýän monitorlar däl-de , ekran bilen dowamly kontakt arkaly gözümize ýetýän ýadawlykdyr;


- Ýer ýüzünde diňe 1% adamlaryň çep we sag gözleriniň reňkleri dürli-dürlüdir. Muňa geterohromiýa diýilýär;


- Gözýaşlarymyzyň himiki düzümi näme sebäpden aglaýanlygymyza baglydyr;


- Häzirki wagtda medisinanyň ösmegi bilen adamyň köp organlaryny bir adamdan beýleki adama göçürip ( transplantasiýa ) bolýar. Emma häzirki wagta çenli göz transplantasiýasy mümkin däldir;


- Gyzyl reňkli göz diňe albinoslarda duş gelýändir , sebäbi olaryň organizminde melanin ýokdur;


- Goňur reňk iň köp duş gelýän göz reňkidir, ýaşyl reňkli göz bolsa iň az duş gelýändir;


- Garaňkyda görmek üçin niýetlenen enjamlar ähli zady ýaşyl reňkde görkezýän edilip bejerilmeginiň iki sany sebäbi bar:


1. Bu reňkli gammada detallary görmek aňsat.

2. Ýaşyl reňk adamyň gözüni kemräk ýadadýar.

18
74
ayenesh
09.07.2023 17:27

Oylanma...

Bu gün yene-de seni ýatladym,unutmaga synanşdygym saýy has köp ýatlaýan dogrusy.Seni söýmek şeýlebir täsin duýgy eken welin,söz bilen düşündirip bolmajak...Men içimdäki SEN' den halas bolup bilemok,nirä gitseñ git,sen hemişe meniñ bilen sebabi yanymda bolmasañam ýüregimde saklayan seni❤️‍🩹🥹

"Bir kagyzyñ öñ we arka taraplary ýaly biz,mydama bile yöne hiç wagt bir birimizi görmeyäs...💔

4
23
ayenesh
08.07.2023 16:30

Elimde çakylyk bar gözlerimde ýaş,

Elimi näçe uzatsamda indi ara daş,

Gördüm aljagyñam gözel galam gaş,

Bagtly bol söýenim meni ýatlama...


Kalbymda yaralar orun tutdy-la,

Yaralap biwepam bagtly gezip yör.

Men bolsa henizem aglaýan dynman,

Ondan başgasyna bolan ýaly kör.


Öz geljegiñe bak sen meni oýlama,

Käteler yatlabam özüñ gynama,

Bu biziñ ýazgydymyz ondan nalama,

Bagtly bol soýenim meni ýatlama...


Seniñ durmuşyñda meniñ ýerim ýok,

Söýgülim diýmägede indi hakym ýok,

Saña erbetligim,gargyşymam ýok,

Bagtly bol soýenim meni ýatlama...

16
73
ayenesh
06.07.2023 12:39

Salam hemma.Köp adamlar diyya şu kynçylyklary görenimden ölenim gowy diyip,siziñ pikriñizçe bu dogrumy?

Men öz pikrimi aytsam dogry dälmika diyyan, sebabi adamyn her agzyndan çykan gowy yaman zatlara perişdeler âmin diýýän eken.Edil diyilişi ýaly : Iñ bagtly günüñde eşider seni...

Özüne şunuñ yaly ölumi dilesen gowy günleriňde başyña gelmegi mümkin.Şonuñ uçin başymyza nahili kyncylyklar duşsese sabyr edip yeñip geçmegi başaralyñ! Bu erbet zat name üçin bolduka,men name günä etdimkam diyip özüñizi yazgarmañ,her bolyan bolmayan işdede hayyr bardyr,bardyr Beyik Allanyñ bir bildigi negatif dälde pozitif pikir edeliñ şonde gowy zatlar başymyza geler sag boluñ!!!☺️

12
85
ayenesh
05.07.2023 14:34

Içimde bir ses bar agyry duyyan,

Gidenler yzynda yaralar goyyar,

Gozlerime baksan olar has ayan,

Utulan hemişe soyenler bolyar...


Bagt gozlap hasrat tapanlar olar

Dowulen yürekler son nadip güler

Soymedik duymaz ony soyenler biler

Utulan hemişe soyenler bolyar


Ýüzüm güler welin,ýüregim aglar,

Garañky gećmişem özüne baglar,

Yadyma düşende bagrymy daglar,

Utulan hemişe soyenler bolyar


Yüregime diyyan bes et söymegi,

Ol soyenok indi unutdy seni,

Belki sen yerine goydy birini,

Utulan hemişe soyenler bolyar...

14
70
ayenesh
03.07.2023 14:18

Bu gün yagyş yagyar çala damjalap,

Her yagyş yaganda seni yatlayan.

Sönen duygularymy yene oyaryp,

Asman bilen bile menem aglayan.


Yadyña duşyarmi şol yagyşly gün,

Bile gaydypdyk biz yagyşa ezilip.

Yagyşa ezilenimi duymandym asla,

Señ yanymdadygyña juda begenip.


Kaşga şol gunler dey bolsady yene,

Her gün yagyşa ezilmage tayyndym.

Yone senin pikrin beyle däl eken,

Mana biwepalyk eden hayyndyñ...

13
50