Elimde çakylyk bar gözlerimde ýaş,
Elimi näçe uzatsamda indi ara daş,
Gördüm aljagyñam gözel galam gaş,
Bagtly bol söýenim meni ýatlama...
Kalbymda yaralar orun tutdy-la,
Yaralap biwepam bagtly gezip yör.
Men bolsa henizem aglaýan dynman,
Ondan başgasyna bolan ýaly kör.
Öz geljegiñe bak sen meni oýlama,
Käteler yatlabam özüñ gynama,
Bu biziñ ýazgydymyz ondan nalama,
Bagtly bol soýenim meni ýatlama...
Seniñ durmuşyñda meniñ ýerim ýok,
Söýgülim diýmägede indi hakym ýok,
Saña erbetligim,gargyşymam ýok,
Bagtly bol soýenim meni ýatlama...