Giňlik ber Allam.
Bilmedim näme üçin ýürek syzlaýar.
Näme üçin gaýgydan dolýar gursagym.
Durmuş hasabymdan agyr ekeni.
Giň dünýäme sygman daralýa köňlüm.
Giňlik ber gursagma giňlik ber Allam.
Gaýgylam boýnumdan atyp dur hallan.
Giňlik ber şatlyk ber gursagma durman.
Galmasyn ýürekde ýekeje arman.
Öýe-de sygammok basýa gam-gussa.
Daşlaşsam dertlerim azaljak ýaly.
Asmanam bulutly saçanok şöhle.
Göwnüme hemmeler gussaly ýaly.
Asyl baksam döwür şeýleräk eken.
Gaýgy-da bar gussa-da bar herkimde.
Ýöne welin şol ýollardan geçmeseň.
Geljek ýagtylykdan ýat bolýan ýaly.
Ataş aýdar bugün gussasyn jemläp.
Ýüregme Giňlik ber Giňlik ber Allam.
Arzuwlaryma ýetir döret ýeňillik.
Ýolumy açyk et Ýoldaşymy Hak.
Düzen özüm baha beräýiň
Ataş Kakamyradow