ayaz
26.10.2023 09:09

Seň ýokluguň bildirýäle bakyda.

Her gijeler seni görýän ukuda.

Ýeke wagtym gelip gitýäň hakyda.

Sensiz dünýä agyr gelýär jan Kakam.


Söz açylsa sen barada aýat-da.

Goýmadylar söz kemini sen hakda.

Dolan wagty göz ýaşlarym gabakda.

Agladymla içgin içgin jan Kakam.


Saýlap alyp gözel gyzlaň Şasyny.

Sowgat berdiň dört gyzyl gül bägüli.

Diläp aldyň ogullaryň özüni.

Goýup gitdiň bizi ýalňyz jan Kakam.


Ala ýazdy ol bar wagty jahanam.

Miwe berdi bugün eken nahalam.

Agyr gelip gyşyň Fewral säherem.

Aýra saldy bizi senden jan Kakam.


Ogluň goşup ýürek ahy setire.

Menziller kän seň yzyňdan ýetere.

Ýazdym şu sözleri dile getire.

Ýatan ýeriň ýagty bolsun jan Kakam


Düzen özüm baha beräýiň

Ataş Kakamyradow

14
42
ayaz
26 Oktýabr 2023
Sagbol minnetdar
ayaz
26 Oktýabr 2023
Sagbol minnetdar
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.