awesome
17.08.2022 11:27
AKYL NÄME? GÖWÜN (KÖÑÜL) NÄME?

Her ikisini-de el bilen elläp, göz bilen görüp bolmaýar. Şeýle-de bolsa, akylyñ we göwüniñ (köñüliñ) anyk bardygyna ynanýas. Çüñki bu ikisi biziñ durmuşymyzyñ iñ esasy iki sütünidir!..
Adamzady birnäçe asyrlap başagaý eden we bu boýunça tükeniksiz dünýägaraýyşlary döretdiren, küti-küti kitaplary ýazdyran bu iki adalga durmuşymyzda möhüm rol oýnaýan esasy iki merkez bolmagynda galýar.
Filosoflaryñ käbiri akyly wahyýdan, ynançdan, syzyjylykdan, duýgy, nukdaýnazardan, ("algı" ýa-da "восприятие" -t.b.) we tejribeden tapawutlylykda ýeke-täk adama mahsus bolan bilmek ukyby, dogry düşünmek, karara gelmek we konsepsiýa döretmek güýjünden ybarat hasaplaýar.
Akyl bize ýol görkezýär. Biz akylyñ üsti bilen dogry zat bilen nädogry zadyñ, hakykat bilen ýalanyñ tapawudyny bilýäris. Akylyñ üsti bilen bu boýunça pikir edýäris, gepleşýäris, jedelleşýäris, analiz edýäris, netije çykarýarys. Akylyñ iýmiti özgeleriñ tejribelerinden peýdalanmakdyr, okamakdyr, maglumat goruñy baýlaşdyrmakdyr.
Akyl - adam gatnaşyklarynda we özara düşünişmegiñ ýeke-täk ýoludyr hem-de düşünje prosesini ugrukdyrýan, ýagtylandyrýan konsepsiýalardyr maglumatlar arkaly işleýän ukypdyr.
Akyl - her maglumaty özünde jemleýän, adamy kämilleşdirmek üçin emele gelen iñ gymmatly zatdyr. Oýlanyp-ölçerip bilýän adam üçin akyl bahasyna ýetip bolmajak peşgeşdir. Adamzat durmuşyny öñe äkiden iñ gowy zatlary "pikirlenip" bilýänler oýlap tapdylar. Akylyñ öñüne bent bolýan päsgelçilikler - öýke-kine, men-menlik ýaly ýaramaz häsiýetlerdir.
Hezreti Muhammet (s.a.w) "Adamlara akyllaryna görä ýüzleniñ" diýipdir. Möwlana Rumynyñ: "Düşünýäne düşündirmeseñ zulum edersiñ. Düşünmeýäne düşündirseñ ýene zulum edersiñ" diýen jümlesi-de akyl babatda birnäçe kesgitlemäni öz içine alýar.
Göwün bolsa - gözelligiñ, söýginiñ we Hudaýyñ konsepsirlän merkezidir. Has dogrusyny aýtmaly bolsa, köñül - "Hudaýyñ öýüdir". Dinleriñ ählisinde, ähli taglymlarda, hatda adamzat taryhyñ ähli döwründe "Göwnüñi arassa saklamak" (Göwnaçyk bolmak) düşünjesi öñe tutulupdyr. Öýke-kine, husytlyk, gabanjañlyk, betpällik, gahar-gazap, nebisjeñlik, ten islegleriniñ ýesiri bolmak ýaly duýgulara özüñi aldyrmak göwnüñ içinde dörän iriñli ýaradyr ýa-da arassa göwnüñ öñüne tutulan gara tutydyr.
"Pälibozuklyk", "Göwni garalyk" diýip atlandyrylýan bu adalgalar adamyñ göwnüni daşa öwrüp taşlaýar. Netijede adam akyl ýolundan azaşýar we Hudaýdan daşlaşýar.
Göwün - söýginiñ, syrlaryñ, hikmetiñ merkezi hasaplanýar. Janymyzyñ ujy göwnümizdedir! Hudaýy, söýgini, dostlugy, ylym öwrenmegi göwnüne nagyş eden adam ruhy taýdan kämilleşer we onuñ özüni alyp barşy "Göwne ýaramak", "Göwün awlamak" ýaly sözler bilen häsiýetlendiriler.
Göwnümizi öz eline almak isleýän, hatda talap taşlaýan maddy bähbitlerden aklymyzy ulanyp daş duran halatymyzda, "Hudaýy" duýgylarymyzyñ barçasy bilen görüp, bilip, duýup biljekdigime şek-şübhe bolup bilmez. Säheriñ ümsümliginde ýa-da tebigatyñ melul ediji gözelliginiñ garşysynda, bu ajaýyplyklary görmegiñ özüne nesip edendigi üçin Hudaýa göwnaçyklyk bilen şükür etmekden uly bagt bolup bilmez. Ynha, hut şol pursatam arassalanan göwnüñ Hudaý bilen ýüzbe-ýüz bolýan çagydyr.
Göwnüñi arassa tutmak üçin ilkinji nobatda özümizi tanamak gerek. Ýöne nädip?!.
Oýlanmak, görýän-eşidýän zatlaryña jogap agtarmak - bilýän gowy zatlaryñy ýagşylyk we söýgi bilen bitewileşdirmek üçin iñ ýakyn ýoldur. Bulary akyl süzgüjinden geçirip, bir gezek göwnümize kabul edip alansoñ, hiç bir ýaramaz ýagdaý ýa-da ýaman kişi bizi bu ýoldan sowup bilmez. Biziñ döwrümizde "bol-telki durmuş" reseptleri metbugat serişdeleriniñ, döredijilik dünýäsiniñ, syýasatyñ, maddy dünýäniñ bize berýän oñaýsyz propogandasyndan (Algı Operasyonu -Ý.U.) we çalt sarp edijiligiñ çökder talaplaryndan özümizi halas eden wagtymyzda, barýan ýolumyzy aklyñ we göwnüñ nury ýagtylandyrar.
Ýüreginde söýgini, dogrulygy we ýagşylygy, aklynda ylma bolan höwesi, zähmet çekmäge bolan mizemez ýörelgeleri kabul edip alanlar jemgyýetde mese-mälim tapawutlanar.
Aklyny peýdalanyp bilýän islendik adam her bir ýagdaýyñ, her bir duýgynyñ älemde haýsydyr bir zady täsiri astyna alýandygyna göz ýetiren wagtynda, onuñ eýýäm ruhy taýdan kämilleşme ýoluna düşenligidir. Şeýle nukdaýnazar, garaýşyñ şeýle çuññurlygy ol adamyñ hemişe ünsli bolmagyny üpjün eder. Onuñ ähli hereketi sözüni we duýgularyny gözükdirer. Bu bolsa "Akyl-Göwün bileleşiginiñ" ilkinji ädimleridir.
Jemgyýetde "Göwün birligi" (Hemdemlik, raýdaşlyk agzybirlik -t.b.) diýip atlandyrylan bu oñaýly üýtgeşme şular ýaly ilkinji ädimleriñ yzysüre gelýär. Akyl we göwün birligine gowşanlar her hili ýagdaýda biri-birlerine sazlaşykly hereket edýärler. Ýöne aklyny göwni üçin ulananlar bu iki güýç merkezini "Bir" eder. Adam aklyna doly eýelik edip bilse-de, öz göwnüniñ raýyny ýykybilmeýän wagtlary az bolmaýar.
Iñ howply duzak - egodyr. Egosyny ýeñip bilýän, düşünjesine gözegçilik edip bilýän, aklyny we göwnüni bir saklaýan adamlar köpeldigiçe, jemgyýetiñ asudalygynyñ, sazlaşygynyñ hem şonça üpjün edildigidir.
Maddy we ruhy taýdan ösmek - jemgyýetçilik bagtyýarlygynyñ açarydyr.

Ýylmaz ULUSOÝ.
16
81
awesome
16.08.2022 17:04
Çarlz Bukowski: "Söýgi hakda iň uly geň zat: Dogry adamy nädogry wagtda söýmek". Ine, Bukowskiden şeýle sòzler. Girseňiz girip bilmersiňiz, gitseňiz gidip bilmersiňiz. Näme etjegiňi bilmeýärsiňiz, başarsaňam edip bilmeýärsiň. Wagt geçip barÿar ,bir zat gowulaşar öýdýärsiňiz, beýle däl; tersine, hasam erbetleşýär. Iki tarapam söýýär; ýöne bu mümkin däl; ondan hiç zat gelmez. Derdiňizi içiňize gömüp başlaýarsyňyz, durmuşyňyzy dowam etdirýärsiňiz. Yöne dowam etmez. Başararsyňyz Isleýşiňiz ýaly bolÿan ÿaly bolor, ýöne bolmaz ,bašarmarsyñyz. gaharlanarsyňyz. Gülersiñ,aglarsyñ begenersiñ garašarsyñ gelmez. Geler yöne sen yokdyrsyñ.Ikiňizem gelersiñiz durup bilmersiňiz. Görüšersiñiz.Bakarsyñ.Bakar.Gözleriñi aÿyrarsyñ.Gözlerini aÿyrar.Pikirlenersiñiz.Bolmaz.Mümkin däl.Mümkin däl söÿgi.Mümkinçilik yok.Beÿle bolmaly däl.Beÿle bolsa hemme zat gowy bolor.Beÿle bolsa hemme zat bulašarŠeÿle gapma-garšylyk.Bulašyklyk.Ine suna meñzeš zatdyr mümkin däl söÿgi.Mümkin däl bolsa-da söýýärsiň, söýülýändigiňi bilýärsiň. Bu size bagt berýär. Ondan aýry bolsaňyz, her sekunt size düşündirip bolmajak agyry berse-de, siziň bile bolan ýekeje sekuntyňyz bu agyrylaryň öwezini dolýar. Wagtyň geçmegi bilen öwrenişdiň. Basylan duýgularyňyzy basýarsyňyz.Görjek wagtyña garašarsyñ.Görersiñ.Emma iki nätanyš ÿaly.Šeÿle bolmaly.Bolÿa diÿersiñ,görmäÿin,görmesin.Bagtly bolsun yeter.Ol Bagtlymydyr?Bilmersiňiz Belki ýok. Senem däl. Ony bagtly etmek üçin özüňden daşlaşjak bolýarsyň. Gitýän ýaly. Gynanarsyñyz. Ÿakynlašdyrjak bolýarsyňyz, ÿakynlan yaly bolar. Beýle bolmaly däl. Gynanarsyñyz. Ol gynanar. Bu zadyň soňy ýok. Durmuşyňyz ýaly görgüleri dowam etdirýärsiňiz. Hiç zat bolmadyk ýaly ... Günler geçýär, aýlar geçýär, ýyllar geçýär, durmuş geçýär. Aklyñdan gitmez.Adam dogry; emma wagt nädogry. Ol ýüz öwürmeli. Söýgiden däl. Ondan. Sen henizem söýýärsiň. Sen bilmeýärsiň dogry adam; emma nädogry wagt. Çarlz Bukowski: "Söýginiň iň geň tarapy: Dogry adamy nädogry wagtda söýmek". Ine, bu şeýle .. ýagdaý.
18
57
awesome
15.08.2022 15:42
GÖWNÜÇÖKGÜNLIGE NÄME SEBÄP BOLÝAR?

«Men sebäpsiz ýere döreýän gaýgydan, gorky we howsala duýgularyndan ejir çekýärin. Toýa­-sadaka, myhmançylyga barmaga çekinýärin, öýe myhman gelende özümi oňaýsyz duýýaryn. Adamlaryň arasyna çykanymda kelläm, ellerim, aýaklarym gatan ýaly bolýar. Kellämi, ellerimi sypalap oturmak endige öwrülipdir. Hiç kim bilen gürleşesim gelmeýär, diňe özümden bir zat soralanda jogap berýärin. Meniň üçin durmuşyň gyzygy ýok. Men siziň maslahatyňyza mätäç».

Bahar MAKSATOWA,
Lebap welaýatynyň Köýtendag etraby.

Aşgabat NOHUROW,
Myrat Garryýew adyndaky TDLU­nyň psihiatriýa, narkologiýa we medisina psihologiýasy kafedrasynyň müdiri:

— Gynansak-da, Bahar Maksatowa özüniň hatynda ýaşy, şahsy durmuşy, ýaşaýyş-durmuş şertleri, saglyk ýagdaýy baradaky maglumatlary görkezmändir. Belki, ol haýsydyr bir betbagtçylykly waka, meselem, ýakyn adamyny ýitirmegi zerarly ýa-da şum habary eşidendigi sebäpli stres geçirendir. Belki-de, onuň özüniň ýa-da ýakyn adamlarynyň biriniň agyr kesele duçar bolmagy sebäpli stres ýüze çykyp, stresden soňky newroz dörändir. Bu ýagdaýlarda daş-töwerekdäki adamlar bilen aragatnaşyk saklamakdan, köpçüligiň öňünde çykyş etmekden gorkmak bilen häsiýetlendirilýän sosial fobiýa (köpçüligiň arasyna çykmakdan gorkmak) ýüze çykyp bilýär. Stresden soňky newrozlaryň «erkiňe goýmaýan ýagdaýlaryň newrozy» diýlip atlandyrylýan beýleki bir görnüşinde kelleden çykmaýan nähilidir bir pikir näsagyň aňynda berk ornaşýar we tiz-tizden gaýtalanyp durýar ýa-da syrkawda onuň özüne bagly bolmadyk endikler döreýär. Näsag bu ýagdaýyň kadaly däldigine düşünip, kellesinde ornaşan pikirden, öz erkine döremeýän endiklerden dynmaga synanyşýar, ýöne muny başarmaýar. Arterial gan basyşynyň, keýpiň ýygy-ýygydan üýtgäp durmagy, ýürek urgularynyň ýygylaşmagy, ukynyň bozulmagy, endamyň gyzmagy bilen ýüze çykýan klimakteriki newroz diňe aýallara mahsusdyr. Newrotiki depressiýada näsag mydama keýpsiz bolýar, göwni çökýär, sussy peselýär.
Bahar Maksatowanyň märekäniň üýşen ýerine barmaga çekinmegi, köpçüligiň öňünde geplemäge gorkmagy sosial fobiýany, ellerini, kellesini sypalamak endigi erkiňe goýmaýan ýagdaýlaryň newrozyny, el-aýaklarynyň, kellesiniň gatamagy newrotiki depressiýany güman etdirýär. Aýallarda aýbaşydan galynýan döwürde klimakteriki newrozyň döräp bilýändigini hem göz öňünde tutmaly. Jemlenilip aýdylanda, okyjyda sosial fobiýanyň, erkiňe goýmaýan ýagdaýlaryň newrozynyň, newrotiki depressiýanyň (belki-de, klimakteriki newrozyň) utgaşyp gelen bolmagy mümkin.
Newrozyň, göwnüçökgünligiň döremegine stresler we gipertoniýa, ateroskleroz hem-de kelle beýnisiniň damarlarynyň beýleki keselleri, zyýanly endikler, göwnüçökgünlige nesilleýin meýillilik, aýallarda klimaks döwri sebäp bolup bilýär. Agzalan keselleriň döremeginiň sebäplerine seretmezden, psiholog bilen maslahatlaşmak, psihiki bozulmany güman edip, psihoterapewte ýa-da psihiatra ýüz tutmak, bejeriş almak hökmandyr. Okyjy eger islese, bu mesele boýunça bize ýüz tutup biler.
Biziň telefon belgimiz: 48-98-85
18
76
awesome
15.08.2022 01:36
KOLA WE BIZ!

Kolaly içgiler, süýjüli-gazly şireli suwlar gündelik durmuşymyzyñ bir bölegine öwrüldi diýen ýaly...
Aýratynam çagalarymyz, ýaş oglan-gyzlar yssy günlerde sowuk şireli suwlary içip, suwsuzlyklaryny gandyrýarlar.
Hawa, kola içip suwsuzlygyny gandyrýanlar munuñ berýän zyýanlary hakda oýlanýarmyka?

* * *

Ethem Öztürk atly bir ildeşimiz 2014-nji ýylda Ekerançylyk we tokaý ministrligine ýüz tutup: "Kolanyñ saglyga berýän zyýanynyñ anyklanmagyny, onuñ her dürli mahabatlarynyñ gadagan edilmegini" talap etdi.
Ministrlik bu şikaýatnamada görkezilenlere seretmekden ýüz öwrensoñ, Ethem Öztürk Ankaranyñ Administratiw işlere seredýän 18-nji sudyna ýüz tutdy. Bu sudam 2015-nji ýylda işe seretmekden ýüz öwürdi.
Ethem Öztürk raýyndan gaýtmady. Bu gezek Döwlet sowetine (Danıştay) ýüz tutdy.
Döwlet sowetiniñ 10-njy bölümi işe seretmekden ýüz öwren ýerli sudyñ kararyny söküp, ildeşimiziñ şikaýatnamasynda görkezilenleri dogry hasaplady.
Döwlet sowetiniñ bu kararyndan soñ ýerli sudyñ öñünde iki ýol bar. Eger sud öñki kararyny üýtgetmese, ýurtdaşymyz meseläni Döwlet sowetiniñ Baş hukuk bölüminiñ öñünde goýar.

* * *

Kanuny ýagdaýy-ha şeýleräk…
Biz esasy meselämize geleliñ.
Kola zyýanlymy, ýa dälmi? Düzüminde nämr bar? Iñ esasysy-da şeker!
Kolanyñ düzümindrle ep-esli mukdarda şeker bar we bu diýseñ zyýanly!
Lukmanlar şekere "datly zäher" diýýärler. Bu ýagdaýda, gynansak-da, çagalarymyzy görnetin zäherleýäris.
Düşünjesi pes jemgyýetlerde bu hasam beter duýulýar!

* * *

Alymlaryñ geçiren barlaglary kola-fanta ýaly içgiler bilen bir hatarda her dürli gazlandyrylan alkogolsyz içgileriñ, sowuk çaý ýaly şekerli we gazly şireli suwlaryñ ýürek-damar keselleri we düwnük ölümleri bilen baglanyşyklydygyny ýüze çykardy.
ABŞ-da geçirilen bir barlagyñ netijesi şekerli we gazly suwlaryñ her ýyl dünýä boýunça 184 müñden gowrak adamyñ ölümine sebäp bolýandygyny görkezdi.
Tuft uniwersitetiniñ mugallymy Dr. Dariuş Mozaffariýan we onuñ toparynyñ elli bir ýurtda geçiren barlagy 184 müñden gowrak adamyñ şireli suwlaryñ döredýän şikesleri we keselleri sebäpli aradan çykandygyny ýüze çykardy.

* * *

Söýgüli okyjylar...
Kolaly içgileri hasam beter çagalar gowy görýär. Emma..
Çagalaryñyzy gowy görýän bolsañyz, onda olary kola we beýleki şireli suwlardan hem-de ähli süýjüli iýmitlerden daşda saklañ.
Çagalarymyz biziñ iñ gymmatly baýlygymyzdyr. Olara dözmäñ!

• Kolaly içgiler nähili täsir döredýär?

"Kolaly içgileriñ birini içende endamymyzda nämeler bolup geçýär, bilýärsiñizmi?"
Kolaly içgileriñ altmyş minutda organizmde döredýän täsiri şeýle:

1). Birinji on minutda: Ganyñyza 10 çaý çemçesi çemesi şeker girýär. Bu gündelik girmeli dozadan ep-esli mukdarda köp. Ýürek bulanmalaryñ bolmazlygynyñ sebäbi-de, düzüminde fosfor kislotasynyñ bolmagydyr.

2). Birinji ýigrimi minutda ganyñyzyñ süýjülik derejesi çakdanaşa ýokarlanýar. Munuñ netijesi öthaltada insuliniñ çakdanaşa üýşmegine getirýär. Ganda süýjüligiñ ýokarlanmagy bagyrda ýag üýşürdýär.

3). Kyrk minudyñ dowamynda: kolanyñ düzümindäki kofeiniñ hemmesi gan aýlanyş sistemañyza aralaşýar. Gan basyşyñyz ýokarlanýar, bagyrda gereginden artyk şeker çykarylyp, gana geçýär we gan şekeri gaýtadan ýokarlandyrýar.

4). Kyrk bäş minudyñ içinde: Beýnide dopamini artdyrýar, özüñi birihili bagtly duýup başlaýarsyñ. Geroiniñ täsirine meñzeş täsir emele gelýär.

5). Altmyş minudyñ dowamynda: Birdenkä ajygyp başlaýarsyñ.

6). Ikilenç taýyn iýmitlere we şireli suwlara topularsyñyz!

7). Şu göýdük döwre dowam etdigiçe bagyrda we garynda ýag üýşýär.

8). Semizlik keselini möçükdirýär.

9). Kolaly içgileriñ ýerine nämüçin täzeje sykylan pyrtykalyñ, mandariniñ, naryñ ýa-da kiwiniñ suwuny içeñzok?

Saglygymyz iñ gymmatly hazynamyzdyr. Ony neçün bisarpa tutýarsyñyz?

• GÜNÜÑ SÖZI

Hakyky dostluk saglyk ýalydyr, ýitirmezden gadry bilinmeýär!

Rahmi TURAN.
20
116
awesome
14.08.2022 21:42
#2. Oskar Uaýld – "Bilbil we Bägül".
Bir wagtlar logika we metafizika bilen gyzyklanan talyp bolupdyr. Ýöne bir gün, ähli gyzyklanmalaryny çete zyñdyryp, onuñ ýüregine söýgi oky bilen gözel gyzyñ ady girýär. Şondan soñ onuñ bar pikirleri diñe şol gyzy nädip özüniñki etmek hakynda bolýar. Oña muny etmäge ýardam edip biljek zat bardy. Ertir şazada uly şagalañ berýär we onuñ söýen gyzy hem şol ýere barýar. Ýöne nädip ol gyza, talyp, özüne bolan gyzyklanmany döredip biler? Bu barada pikir edip başlanynda, gyzyñ onuñ bilen tans etmäge çykjagyny aýdany ýadyna düşýär. Emma munuñ üçin oña gyzyl bägül gerek. Gyzyl bägüller bolsa, näçe ýyllardan bäri onuñ baglygynda ösenokdy. Diýmek, talyp indi ol gyz bilen bile bolup bilmezmi?

Talybyñ nalaýşyny diñläp oturan Bilbil, beýik söýgi hatyrasyna, gyzyl bägüli tapyp, oña kömek etmek isleýär. Onuñ gözlegleri ilkibada netije berenok. Dünýädäki bütin bägüller birden-hä ýok bolan ýaly. Çyndanam, olar nirä ýitdikä?

Soñ, bir gülden başga güle uçup ýörkä, Bilbil bir Gyzyl Düýp bilen tanyşýar. Ol bolsa, Bilbile bägüli nädip alyp bolýanyny gürrüñ berýär:
"Eger sen gyzyl bägüli alasyñ gelýän bolsa, ony özüñ döretmeli bolarsyñ. Aýyñ şöhleleri serpigip durka, aýdym aýdyp, onuñ seslerinden ýasap, soñra ýüregiñ gany bilen ony gandyrmaly bolarsyñ. Sen meniñ tikenlerimi öz ýüregiñden geçirip, seniñ ganyñ meniñki bolýança, bütin gije saýrap, aýdym aýtmaly bolarsyñ".

Beýik söýgi üçin Bilbil ähli zada taýýar. Hat-da, öz janyny bermäge-de!
Ol talybyñ ýanyna dolanyp:
"Begen! – diýip, gygyrýar. – Begen. Seniñ gyzyl bägüliñ bolar. Men ony aý ýagtylygynda, aýdymymyñ sesleri bilen ýasap, öz ýüregimiñ gany bilen gandyraryn. Bularyñ ählisi üçin men senden diñe bir zady haýyş edýärin: öz söýgiñe wepaly bol, sebäbi filosofiýada näçe paýhas bolsa-da, söýgide ondan has köp, we höküm nähili güýçli bolsa-da, söýgi hökümiñ üstündenem hökmüni sürer" diýýär.

Soñra näme bolar? Beýik söýgi üçin Bilbil bu zatlara çydap bilermi? We ondan soñ talybyñ ykbaly nähili bolar?

P.S.: Bilbiliñ aýdýan sözleri soñky boljak zatlara gönükdirýär. "Wah, şol Bilbil şeý diýipdi..." diýdirýän gönükdirme.
13
73
awesome
14.08.2022 12:09
DÄDEM GORKUDYŇ PENDI

Ozal zaman bir danadan: «Ajal nämedir?» diýip soranlarynda: «Wagtdyr» diýip jogap beripdir. Wagt – sagat, gün, hepde, aý, asyr aýlanyp dur. Çarhypelek hemme zady üwäp, beýlesine taşlaýar. Biz onuň çarhynyň bäri tarapynda, aňyrsynda näme boljagymyzy Alla bilsin!
Dünýä döräp, ölmez-ýitmez bolmak – ynsanyň ýeke-täk beýik islegi. Belki, şol islegem oňa ol dünýäniň barlygyny, hiç bolman, öleniňden soň hemişe ýaşap boljakdygy hakyndaky pikire eltip, kalbyna kanagat salandyr.
Faraonlar – wagtyň garşysyna ullakan piramidalar gurup, mümkin boldugyndan özleri hakdaky ýatlamany uzaltjak bolupdyrlar.
Emma dünýäniň özi wagtlaýyn.
Emma üstünden wagt geçdigisaýy könelmän, tersine, beýgelýän beýik eserler bolýar. Ölmez-ýitmez eserler. Olar juda seýrek. «Dädem Gorkudyň kitaby» hem şol eserleriň biri! «Dädem Gorkudyň kitaby» wagt geçdigiçe jöwher açýar, many saçýar!
«Oguznama», «Dädem Gorkudyň kitaby», «Görogly» ýaly eserler dünýäde barmak basyp sanaýmaly! Olardan hem hut üç sanysy türkmeniň bagtyndan çykypdyr! Şunuň özi hem bir halka döşüni gaýşardyp gezmäge ýeterlik buýsanç! Bu eserler näme diýip ölmez-ýitmez? Bu eserler edil ynsan beýnisi ýaly gat-gat, eýýam aýlandygyça täze many saçyp bilýär. Şol hem olary ölmez-ýitmez edýär.
«Dädem Gorkudyň kitaby» – «Gurhandan» ozalky türkmen-oguz Gurhany! Häzir biz ony gyzyklylygy üçin okaýarys, ata-babamyzy öwrenmek üçin okaýarys, emma onuň aňyrsynda eýýamlara, neberelere, nesillere goýlan wesýet-nesihatlar ýatyr. Bu ajaýyp diwanyň her bir boýunda gyzykly, manyly wakadan başga-da, beýik parasat ýatyr, beýik akyl ýatyr! Dünýäni galdyradyp ýören oguzlara pespällik bilen ýazylan bu boýlar nämä gerek?
Kuwwatly, berkarar, agzybir oguz döwletine daşdan howp salyp biljek bela ýok, beýle kuwwatly döwletler içden synýar. Ony nämeler syndyrýar? Ine, bu babatda Dädem Gorkudyň pikiri:
1. Men-menlik. «Döwha ogly Däli Domrul» boýy göçme many bilen hut şol pikiri berýär. Dünýäde özünden güýçli kişi ýok diýip ýören oguzlaryň içinde Däli Domrul diýen bir är kişi gury çaýyň, suwsuz derýanyň hanasynyň üstünden köpri gurýar. Kim onuň köprüsinden geçse otuz pul, köprüden geçmedigi bolsa urup-urup, kyrk pul almaga başlaýar. Ol buz üstünden tozan araýar. Ol güýç synanyşmaga är agtarýar. Edil şol mahallaram köprüniň goltugyna göçüp gelen kiçijik bir obada bir ýagşy ýigit ölüp, agy-perýat başlanýar. Domrul gelip soraýar:
– Meniň köprimiň ýanynda näme üçin aglaýarsyňyz, bu ýas, bu gowga näme?
– Hanym, biziň bir ýagşy ýigidimiz bardy, şol öldi, şonuň üçin aglaşarys.
Şu taýda bir hindi däbini ýatlap geçeliň. Biriniň gardaşy ölse, obanyň «men» diýen adamlary üýşüp şol öýe geler ekenler.
– Pylana näme boldy?
– Pylany öldi...
– Ony kim öldürdi?
– Şum ajal!
– Sen bize şol şum ajaly görkez, biz onuň özüni öldürip, gardaşyňyzy yzyna alyp bereli!
– Wah, biz onuň nämedigini nä bileli!
– Onda biz ony pul döküp alaly...
– ?..
Gardaşy ýogalan adam jany baýlyk bilen alyp bolmaýanyny aýdýarmyş.
Şonda olar üýşüp:
– Eger gardaşyňyzy güýç bilen alyp bolmaýan bolsa, pul döküp alyp bolmaýan bolsa, onda biz bialaç. Siz hem bialaç! Oňa diňe çydaýmak galýar – diýşip, göwünlik berýär ekenler.
Bu däp türkmenlerde hem şol durşuna saklanypdyr, emma diňe ýokarky jümleler diýlenok. Ýöne, «gamlanmaň, aglamaň, biz bar, biz şonuň ýerine geldik» diýen manyda biz kaza edeniň ýerine barýarys.
Däli Domrul: «Ýigidi kim öldürdi?» diýip soranynda, olar: «Ajal» diýip jogap berýärler. Domrul Ajaldan asgyn gelýär.
Hekaýatdan çykýan netije: – Sen kim hem bolsaň, «men-menlik» etme, sen göze görünmeýän ajaldan hem asgynsyň! «Gurhanda», «Hadysda» iň halanmaýan häsiýet – men-menlik.
2. Berkarar, halal döwlete ýene näme howp salyp biljek? – Haramylyk! Dana Gorkut atamyz bu beýik paýhasyny «Besediň Depegözi öldürdigi boýuny beýan eder» atly boýunda örän ussatlyk bilen beripdir.
Günleriň bir gününde Oguzyň bir obasynyň üstüne ýagy dökülýär. Oba gorkup, gaçýar. Başagaýlykda Oraz gojanyň ýaşajyk bir oguljygy gaçyp galýar. Oglanjygy dag içinde ýaşap ýören arslan ýetişdirýär. Üns beriň, ynsan çagasyny – haýwan kemala getirýär.
Şol oba yzyna gelip, bir zamanlar geçensoň oglanjygy tapyp alýarlar. Ol oba öwrenişip bilmän tokaýa, daga gaçýar, oňa şonuň üçin BESET – «Gaçmany bes et!» diýen manyda Dädem Gorkut at goýýar.
Oguzlarda, häzirki türkmenlerde çopanyň käri iň halal kär hasap edilýär. Şonuň üçinem yhlas bilen ýigrimi ýyl goýun bakana Hydyr ata duşýarmyş diýip aýdylýar. Çopan halal bolmaly, sürä halal adamy çopan goýýarlar, sebäbi halk oňa baýlygyny ynanýar.
Şol halal çopanlaryň biri Sary çopan ýazlaga göçýär. Birden ol bir bölek guşuň kölüň boýuna gonup, perä öwrülenini görýär. Çopan usullyk bilen baryp, oýlugyny oklap, perileriň birini tutýar-da, zyna edýär... Peri – jennetiň ýaşaýjysy, halallygyň aňry başy, çopanyň hem iň halal kişidigini ýaňy aýtdyk. Peri haram iş edeni üçin çopana ýaramaz gepleri aýdyp, bir ýyldan hem haramdan bolan zady ýargagy bilen taşlap gidýär. Çopan depip görýär, ol depdigiçe ulalýar. Çopan gaçýar, ol ýargaga şikara çykan Baýandyr han begleri bilen duşýar. Ýargagy ýaryp görseler içinde bir oglanjyk bar. Onuň depesinde-de käse ýaly gözi. Ony hem Oraz goja terbiýelemäge alýar.
Dädem Gorkut peri bilen halal çopandan önen zady adama terbiýä berýär. Oglanjyk bir emende enekäniň emmesini üzüp alýar. Soň ganyny sorýar. Asyl ol oguzyň baýlygyny tükedip barýar. Näme tapsaň, ýalmap-ýuwdup barýar. Oňa şert goýýarlar: «Iliň içinden çyk, her günüňe iki adam bilen bäş ýüz goýun bereli». Ol oguzyň başyna görülmedik betbagtlygy getirýär: adamlaram, mal-garanam saýpallap barýar. Ahyry ony Arslanyň golunda kemala gelen Beset öldürýär. Netije: – Oguzyň başyna bela haramylykdan geler! Haramylykdan daş geziň!
3. Oguzyň başyna näme bela gelse, agzalalykdan geler!
Bir gezek Gazan hanyň öýi ýagmalanýar. Ýagny Gazanyň obasyna ýagy dökülip, talaň bolýar. Ol mahal şonuň ýaly talaňçylyk bolup, üste ýagy dökülse, üç ok hem boz ok dessine ýygnanar eken. Emma soňky gezek ol Daşoguz bilen bolman, diňe içoguz bilen bolýar.
Şujagaz bahana hem, baý, agzybir içoguz bilen daşoguzyň arasynda uly duşmançylyk oduny tutaşdyrýar. Ozalky daýy-ýegen, aga-ini, dogan-doganoglan biribirine duşman bolup, uruş içde başlaýar. Uly uruş başlanýar!
Netije: – Oguzyň başyna näme bela gelse, agzalalykdan geler. Agzybir boluň!
Dädem Gorkut şol uly urşuň kiçijik sebäpden döreýändigini örän inçelik bilen hekaýatda beýan edip, geljekki nesle sapak edip galdyrypdyr...
Umuman, «Dädem Gorkudyň kitaby» hakda köp ylmy makalalar ýazyldy, emma her bir boýyň düýp manysyny yzarlap, düşündirip ullakan kitap ýazmagyň wagty ýetdi. Ol wezipe maňa başardar öýdemok, bu ýazgymyň çygrynda asla men bu beýik diwany düşündirmegi maksat hem edinemok, ýöne gadymdan galan ölmez-ýitmez diwanlarymyzy ölmez-ýitmez edýän ýaşyryn paýhaslara ünsi çekmek isledim.

Osman ÖDE.
18
84
awesome
14.08.2022 11:50
SERWI AGAJY ÝA-DA SENTIMENTAL POEMA

Ondan bäri geçdi nijema ýyllar,
Ýadarça wagt geçdi bolsady ekseň.
Şäherdäki şöhlebaldyr gözeller
Boý alan çaga deý çykdy köýnekden.
Ýeller geçdi ýalňaryp dört pasyly,
Ýyllar geçdi jykyr kimin aýlanyp,
Meniň seň dünýäňden gidesim geldi,
Ýöne... nirä, nirä gitsem aýralyk.
Hatda ýaşlygymdan gidesim geldi,
Netijesiz gözleglerden el çekdim.
Gülen zadyň gelýän bolsa alnyňa
Islendik adama gülüp biljekdim.

Gunler iňrige däl,
Gama batdylar,
Ýaşlyk geçdi gam-gussasy egsilmän.
Garrady gyzlaryň tutuş tapgyry,
Ezizim, bir seni gaýtalap bilmän.

* * *
Ýadyňdamy?..
Ýadyňdadyr, elbetde,
Bahary ir gelen şol ygally ýyl.
«Dünýä göruüeniň» ýaşyl jülgesi,
Maýsalar dyzyňdan,
Howa-da maýyl.
Ýadyňdamy?
«Erikliniň» ýanynda
Ýas-ýaňy çatmasy dikilen bakja,
Ýaňy gola ýörän ýaşyl biýara.
Tüýs joş urup ýören çagy ýazyň-da,
Tüýs düýş görüp ýören çagy ýaşyň-da,
Gark bolup bahar deý dyňzan hyýala,
Tutýardyk bileje bakjanyň suwun,
Entek sen hüýr kimin owadan däldiň,
Entek göwün lowlamandy ataşda.
Entek aramyzda hiç bir zat ýokdy,
Pynhan-pynhan syrly bakyşdan başga,
Hemem reýhan bolan bahardan başga.

Birdenem...
Hol gözýetimi garalap,
Gara serpignni büräp jahanyň,
Gylyç syryp alaman deý harasat
Depesinden indi ýaşyl baharyň,
Şuw...
Şuww...
Şuwww....
Akýar sary sil deý çaňjarýan ýeller,
Ýerden maýsa akýar,
Asmandan bulut.
Ýapyryp, ýatyryp ýaşyl bossany
Öz oýnuna göwni göterlen Burkut
Ýyldyrym gylyjyn her ýana salyp,
Garpyz kimin parçalaýar asmany.
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Para-para asman dartdy-da nagra
Möňňürip goýberdi, meňzäp zeminiň
Üstünden seçilýän göwhere-lagla
Şapyrdap, şabyrdap guýuldy çagba.
...Aslynda-da aşygy men tupanyň,
Gaýda-harasatda ýüregiň gopýar.
Gorkunç töwekgellik küýseýän kalbyň
Özüniň gödeňsi ruhdaşyn tapýar.
Oglantaň döwürlem harasat tursa,
Ýelken kimin faner dakyp tigrime,
Ganat baglap öz göwnümiň yzyndan
Giderdim men gara ýeliň ugruna.

—Ylga, Selbi! Ezilersiň jalada,
Erigin düýbüne!
Piliňi taşlap! —
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Ýaňlanýar ýeliň däl, ýazyň perýady
Ylgadyň sen goňur ýeli gulaçlap,
Ylla boýlap barýan ýaly derýany
—Ylga, senem!
Ýylgyrýarsyň edaly,
Seriň çigniň üste bir ýana burup.
Ýaşyl deňizdäki ýalňyz ada deý
Erige çolaşyp ýazyň şemaly
Näler urunýardy boşanjak bolup.

Ýyldyrym!
Ot alyp köne pagta deý
Ýanýar ýyldyrymyň iki degresi.
Bogun-bogun söküp onurgasyny
Asmanda uzaýar gögüň nagrasy.
Yranyp, yňranyp gojaman erik
Gitjek bolýar bulut bilen göterlip.
Kökleri müňňüldäp aýak astynda
Çaýkanýar çal asman,
Endireýer Ýer.
Şabrap degýär ýagyş nowça erik deý.
Paýrap ýagýar ýagyş ýaly erikler.

Şindem göz öňümde hünjüli kirpik,
Çyg basan gara gaş,
Ünjüli dide.
Ter ýaňaga daman damjalar tyrpyp
Al yzyn galdyryp syrygýar bada.
Tirpildeýär sarç gaşlaryň üýşenip.
Üşerýäň jeren dek.
Çakýar ýyldyrym.
Gülap ýaly çagbasyna baharyň
Ýuwlan ýaňak... ýuwlan syrly ýylgyryş...
Howply eken golaýdan gyza seretmek...
Orap uçjak bolýan saçyň boýnuňa,
Ýüzüň sylýaň, ýylgyrýarsyň çalaja.

Ýyldyrym!
Sen gysmyljyrap goýnuma
Ejap edýäň,
Çapak çalýar jala-da.
Sen şindem sojaýaň başagaý halda
Özüni güjeňläp dem alýar göwsüň.
Bagyşla!
Şonda men göz gyýgym bile
Gümmezlän mämeleň şeklini gördüm,
Gördüm hem utandym.
Ezlen köýnegi
Ýel ýelmäpdir beýgi-pesine synaň.
Gördüm.
Tümmerip dur enaýy ujy
Maňa hem şemala gezelen mämäň.

Şindem göz öňümde heserli dide,
Bulduran garaýyş,
Jadyly keşbiň.
Nazarym gark bolýar düýbüne ýetmän
Duýgudan ümurläp süzülen çeşmiň.
Zordan nazarymy bir ýana sowýan,
Göreçde görejim eräpdi tasdan.
Garagym gapylýar,
Tisginýär gowräm
Gursagym ýumruklap urulýan sesden.
Aşak baksam ýene-de şol dideler,
Otly gözler gabagymy galdyrsam.
Nazarlar tapyşýar hem aýlanýar ser
Rogwaty ýok sandyraýan baldyrlaň.
«Selbi» diýdim, «Selbim» diýdim pyşyrdap,
Gözlerimi süzüp «ezizim» diýdim.
Soň nätanyş, wagşy galpyldy bilen
Bir ajap pursata diledim idin.
Soň gözümiň öňi dumanlap gitdi,
Ses-üýn ýitdi,
Jigläp-jigläp gitdi in.
Towlandy goýnumda eýjejik peri
Arzuwym, yhlasym, inçe bil Selbim.

Ter göwüsler özün maňa urdular,
Gursagymda goşa döş yzyn goýdy.
Baş bermedi dyňzap gelen duýgular
Näzijek leblerde diş yzyn goýdy.
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Ýyldyrym!
Garantga alysda heşelle kakýar.
Ýyldyrym asmanda gögerdi birdem...
Hatda ganat baglap göterlen çatma
Pel-pelledi,
üzdi örküni ýerden.
Şuw...
Şuww...
Şuwww...
Ýyldyrym!
Gujagym ýanýar ot ýaly.
Ýüregim jigleýär,
barýarys uçup,
Goja erik ylla paraşýut ýaly...

* * *

Men nireden gelýän?!
Barýaryn niräk?!
Şol düýpsüz ummana gitmelimi zut!
Heý, hähim almanmy aýagym diräp,
Heý, biz ýere düşmerismi, paraşýut?!
Bu ukusyz gijeleriň içinden,
Bikarar gündizleň içinden parran
Geçip, erksiz-ygtyýarsyz nirädir,
Nirädir bir ýaňa şuwwuldap barýan.
Zeminde gudrat ýok söýgüden gaýry.
Eý gudraty guýçli, Allam, sen kaýda?
Häzir ýyrtyp gök atlazyn asmanyň,
Aýdaýyn:
— Eý, Taňry, taňryýalkasyn!
Deň-duşlaryň hem biperwaý ýaşlaryň
Ýaşlygyň duşundan badymyza biz
Geçip, nirä, nirä barýas, paraşýut,
Söýgämi biz?
Ýa-da bakylyga biz?

* * *

Soňra okuw.
Oka tä äýnege çen
Hem geçir aýralyk günlerin sanap.
Ha gije, ha gündiz galsam ýeke men
Studentiň soňsuz işleri sabap,
Hyýalymda giderdim seň ýanyňa
Ukymy arzuwa bererdim gurban.
Irkildigim, gelip meniň düýşüme
Girerdiň sen hiç bir kese duýdurman.
Çözlenen saçlaryň üstüme döküp,
Gandyryp ruhumy mähir meýinden
Ýumşajyk lebiňi meniň dodagma
Ykbalyma basyp möhür deýin sen.
Söýgä posa bilen geçerdiň güwä,
Posa bagtymyza kepildi kepil.
Ýürekleri biraz köşeşdirmäge
Awiahatlar aralykda ser-sepil.
Bagtyýar bolmaga ýetikdi hyýal,
Düýşler bolsa ýalňyzlyga teselli.
Günlerin bir güni...
9-njy wal...
Senden hat geldi...

* * *

Soň ikinji geldi...
Aýyldy essim.
Dünýäm ters aýlandy,
Titredi zemin.
Suratyň öňünde mynajat etdim
Ölüme buýrulan hudaýhon kimin.
Üçünji gelmedi...
Garaşdym şeýle,
Üçünji, üçunji gelmedik hatyň
Ýazdyňmy Selbim ýa meniň täleýme?

Dogrudanam, şol haty sen ýazdyňmy?
Şol yzgytsyz haty?
Elhenç jümläni?
«Sen meni bagyşla, hag ýazma gaýdyp».
Ýeri, şeýdip üzäýjekmi düňlämi,
Ýa-da sen dünýämi ýykjakmy şeýdip?

Meniň gyzgyn gujagymda towlanyp,
Ýaňagymdan emaý bilen iteklän,
«Söýýän» diýsem,
«Utan» diýip eljiräp,
Dört barmagyň bilen dodagmy beklän,
Şol üzüm barmaklaň ýazdymy haty,
Jogap ber, jogap ber, jogap ber hany?
Stoluň başynda gara syýaly,
Gar ýaly kagyza ýazaňda, Selbim,
Her harpyňy, her sözüňi yzarlp,
Ýanmadymy seniň ýalanňa, Selbim,
Özelenmedimi ýarym-ýaş bozlap
Garaçygy söýgi bilen buldurap
Duran dideleň wah,
Jeren dideleň.

Syrly ýylgyraňda naryň çigdi deý
Dişleriň ýalkymyn oýnan lebleriň,
Ertir boýnumdaky yza gülmäge
Gijeler «ýaprak» yz goýýan leblerin,
Heý, pyşyrdap gaýtalap bir gördümi
Söýgä ýazan ajal permanyň seniň?

* * *

Aýna deý söýgümi,
Aý deý söýgümi
Neçün kül-pagş etdiň?
Sebäbi näme?
Çilim tüssesine saçym agardyp,
Oňa jogap agtardym men dünýäde.
Baryp jeýhun derýa sowal berdim men.
Jogap ýok.
Ses-üýnsüz süzüberdi ol.
Soň keremli daga berdim soragym,
Soragym özüme gaýdyp berdi ol.
Daşa çyksam sowal berdi ýedigen
Öýe girsem sorag çykdy öňümden.
Ýa-da köýüp şahyr ýaly söýgi hem
Özün halas edýärmikä ölümden?!
Bu nähili beýle bolýar?
Gygyrýan!
Döşümi ýyrtan deý ýarýaryn ýakam.
Eý, çagbaly öýlän, meni oýaraý,
Neneň elhenç basyrgansaň oýakaň!

Meni barmagynda aýlady ykbal,
Nirä barýan?
Neçün?
Nädersiň bilseň!
Barýan taýak degen ýaly kelläme...
Selbim, Selbim, saňa duşmajak bolsam,
Ýeri, onsoň nirä gidemde näme?!

Ýumruklarym duwýän, gözlerim ýumup,
Gazaba çydaman çatlaýar dişim,
Şumat gök ýuzünde görunsedi Aý
Ýekeje ýumrukda görerdim işin.
(Aýda seniň keşbiň görünýär çünki).
Saçym penjeleýän, ýanýar gözýaşym,
Damarlar dartylyp ýetipdir çäge.
Şu mahal ýeterlik bir jynssyz gülki,
Bir jynssyz gykylyk — däliremäge!

Boýnuma kerep deý oraşýar şemal,
Demigýän, darygýan tütün deý tümden.
Müňde bir ýerinden ot berlen asman
Ýanyp gelýär,
Inip gelýär üstümden...
Ýanyp, ýakyp gelýär ot berlen asman,
Ol meniň kalbym deý eleme-deşik.
...Men bir ýola aglap gördüm ýurekden
Hem bir ýola bilmedim men köşeşip.

* * *

(Söýgüsi köýen ýaşlyk,
Syrçasy giden dişdir.
Ýaşlygyň ömri söýgiň
Soňlanarna deňiçdir.

Örtenme sen, ýüregim,
Çekdirme maňa gussa.
Men ol gyza deregem
Söýýän seni iki esse.

Demikseň-de köňülde
Çyda mümkinkä häli.
Biz bir gyzyň öňünde
 Beýdip ejizlemäli.

Sen gursagma sygmasaň,
Sygmasaň öz çygryňa,
Gir durmuşda utulan
Gözelleriň buthana
Girişi deý şygryma!)

* * *

Sen nämä çalyşdyň ýelli öýläni,
Ýeri, ol nämemiş söýgüden beýik?!
Söýgi mydam gurban edýär söýýäni
Seniň pidaň boldum men seni söýup.
Sen nämä çalyşdyň yşkyň, dilberim?
Telim ýyllap seň derdiňden kösene
Söýgiň ýatlamasyn çalşyp bilmedim,
Men sendenem has owadan gözele.
Yşkyň hasratyny çalşyp bilmedim
Posasyna meni söýen gyzlaryň.
Telim göwse oýkap aýryp bilmedim
Gursagymda goýan oýuk yzlaryň...
Men seni gan ýuwdup unutjak boldum.
Selbiň «S» harpynam almadym dile.
Sen diýip ýetim deý bozlaýan kalbym
Gark edip taşladym ajy meý bile.
Ýöne nädeýin men älemgoşarly
Fontanlar «Selbi» diýp suwun saçsalar.
Ýagyşlar sen bolup pyşyrdaşsalar,
Ýapraklar sen bolup pyşyrdaşsalar...

* * *

Ýolda-yzda ogryn-dogryn sereden
Owadan gyzlarym günämi geçsin:
Olaryň säher deý päkize hem ter
Ýüzünden gözledim men seniň keşbiň.
Meni söýen gyzlar günämi geçsin:
Sarkýarka ýaradar ýüregmiň gany
Şol gyzlaryň otly kesindi deýin
Yşky bilen dagladym men ýaramy.
Bagyşlasyn söýüp bilmediklerim:
Gursakda ýürek däl, köýük galypdyr.
Dilimde ilkinji posaň tagamy,
Kalbymda gaşlardan gyýyk galypdyr...

Ah, seň söýgiň ot bolaýan bolsady
Otparaz bolardym şol günden başlap.
Ýa ony söndirdi gözýaşym meniň.
Derýa bolan bolsa urardym başşak
Hem gaýnar durardy meň çumen ýerim.
Seniň söýgiň göwher bolan bolsady,
Tapardym men ony düýbünden deňziň,
Ýa ebedi galardym men şol ýerde.
Seniň söýgiň altyn bolsa çöllerde
Deşim-deşim bagrym elek deý eläp
Ýuwardym çägäni, tapardym, ýogsa
Jöwzada salgym deý giderdim eräp...
Deňziň gaýy, çölün tüweleýi men
Idedim delmurup,
Her ýana bakyp.
Ah, şu mahal duşsaň — alardym janyň
Gunça deý lebiňe dodagym basyp...

* * *

Köne dert gozgarmyş wagty gelende.
Dermany bar, lukmany ýok keselim
Suňňüm sökup, jepa berip ýazyna
Şol ýelli öýläni salýar ýadyma.
Ýadymda meň söýýän diýjek boluşym,
Ýöne ony diýjek-diýjek bolamda
Söýýäni-de ejiz görüp ýüregmiň
Özi gelip direlerdi bogazma.
Şol mahallar geljekmidi kellä heý
Ýüregimi tüýdüm-tüýdüm tüýdüp men
Çagasyn aýyrdýan loly gelin deý
Şygyr ýasamaly borun öýdüp men.
Söýgi — okuň jamy.
Seniň güýjüňe
Okgunyňa, hyjuwyňa ot berip
Göçdügi—öňünde döw dursun onuň.
Ýöne nädeýin men jamym ýaryldy,
Ýöne nädeýin men göçmedi okum.
Aý, jähennem, oňa agranok nebsim,
Ýürek ýitgisine kemsiz düşünýä.
Ýagyş ýagýar – beterleýär keselim,
Ýagyş şol öýläni ýada düşürýä...

* * *

Ýene men obada,
Ýene-de şemal
Ýaraty deý hasrat çekýär daşarda.
Meniň pälwan dostum, ýalňyz syrdaşym
Zol maňa iýdirip, içirjek bolýar
Göwnüm näler açjak bolýar başarsa,
Doldurýar bulgury yzly-yzyna
Hem garagol çagalygmyz ýatlaýar.
Meni bolsa daşky şemal köredip,
Kül içinden közüm tapyp otlaýar.
Uwlaýar daşarda yzgytsyz şemal,
Kalbym zaryn iňňildiden gyrmalap.
Güwläp-güwläp pejiň turbasyny däl,
Meniň simlän ýararlarmy dyrmalap,
—Belkem, men giderin...—
Oňlamaýar ol.
—Sen meni ýazgarma,
Göwnüm ýykmaýyn...
Daşa çykýas, garşylaýar gara ýel
Naýynsap ýel, meniň gödek ykbalym.
Ýene yranýandyr şol ýalňyz erik,
Yňranýandyr ýele, bize garaşyp
(Oňa Selbim «serwi agajy» diýerdi,
Men diýerdim oňa «Selbi agajym»)
Belkem, gidip...
Basyp ony bagryma
Soňky gezek çekip söýgimiň zaryn,
«Selbi agajym» diýip...
Gara bagtyma
Şol ýaşajyk oglan bolup aglaryn.

Kül reňk dünýä.
Tupan kakyp heşelle
Iç-daşymda şatyr ýaly pyrlanýar.
Gözüm çal kirşenden, göwnüm şemalyň
Agyr hasratyndan püre-pürlenýär.
Ynha şol tam,
Ynha şol eziz howly,
Penjirede ýele urunýar yşyk.
Serde serhoşlukdan galmandyr nyşan
Güýjeýär dem saýyn ýüregiň dowly,
Köne galpyldysy on ýedi ýaşyň
Gyzamyk deý örýär.
Galpyldaýaryn.
Seni söýüpdirin halys ýürekden
Hem söýýänim üçin alaryn arym.
Ar alasym gelýär
Basgylap birdem
Maňa biwepalyk eden duýgyňy.
Agladasym gelýär,
Aldadasym gelýär,
Ar alasym gelýär...
Ýeri, men nämeler samraýan, serwim,
Senden başga kimim bar meň dünýäde.
Men edeýin tagzym, senin adyňy
Pyşyrdaman aýdyp bolýamy näme?!
Sen otyrmyň, serwim, otyrmyň tenha,
Otyrmyň şol ýelli öýläni ýatlap.
Nälet okaýarmyň ykbala sen ýa
Gama batyp,
Gamgyn gözleriň ýaşlap?
Içerden çalaja çykýar hümurdi,
Juda tanyş äheň, juda tanyş ses.
Girmelimi? Dälmi? Ysanok bognum.
Girjek men...
Nirde sen tüýlejik gürji
Bahanalyk üçin jöw-jöwleseň bes.
Ýüregimi mynçgalaýar tanyş ses
Tisginýär, üşerýär gabanjaňlygym.
Düşnüksiz hümürdi eşdilýär çala
Gelýän ýaly aňyrsyndan kän ýylyň.
Daşaryk bat bilen serpýän gabsany.
Mahmaldan tutyny syrýan bir ýana.
Maňa jebir beren gamdyr gussanyň,
Aýralygyň perdesi deý hamana.
Doňup galdyň,
Doňup galdy dodakda
«Hih» diýip tisginen näzijek sesiň.
Egniňde tolkunýan bir desse gije,
Gylyç deý göterlen gaşlaryň seniň.
Görsem, magnitofon zaryndan zaryn
Bir sydyrgyn günler ýaly aýlanyp,
Meniň sesim bile okaýar goşgy...
Meni tanap durlanýar seň nepesiň
Gorkudan hem geň galmadan aýňalyp,
Agýar owasyndan balkyldan ýaşyň
Ýadyrgaýaň, basýan seni bagryma.
Tolkun atyp ýatan şar gara saçyň
Saňa derek horkuldaýar sagryda.
— Aglama, ezizim, geldim men ynha,
Men şol ýaş şahyryň,
Şol köne şeýdaň.
Ynha gursagymda seniň söýgiňden,
Seniň gözleriňden sanjylan peýkam.
Men ýaradar gezdim ençe ýyl bäri,
Aýlandym kän ýeri sarkdyryp ganym.
Hiç bir gyz bolmady derdime däri
Hem dözmedi gözelleriň hiç biri
Şol peýkamy sogrup, almaga janym...
Bilýämiň, men sensiz bölündim ikä,
Des-deň ikä böldüm ähli zadymy:
Maňa huşum bile gam-gussa ýetdi.
Saňa berdim düýşüm bilen ýadymy.

Gijäniň bir wagty, bilemok ýatyp,
Ýüregim agyrýar. Ýok zerre keýpim.
Ses-sedasyz gije çyrasyn ýakyp
Başly-barat egne ilteýän geýmim.
Bu nähili beýle boldy? Düşemok!
Kemmagalmy? Mydam tersine meňki.
Meni bir bakyşda otlap goýberen
Dodakdan meý beren,
Jadyly Selbi
Pynhan syrly Selbi,
Gel, gel şu senmi?
Ysganymda garpyz kimin burk uran,
Telim ýyl dilimde eremän duran,
Ajy ykbalyma süýjüsin beren
Hany şol göreç
Hany şol posa,
Hany şol Selbi?
Hany gözlerdäki jadyly oduň
Eredip goýberýän täsin şöhlesi.
Ynandym men: eger söýgi bolmasa
Meňzeş bolýar zenanlaryň ählisi.

Men durmuşda gaty kän zat ýitirdim,
Ýitirdim ýaşlygym—ömür ýazymy.
Ýöne seni göterdim men kalbymda
A sen weli ýitiripsiň özüňi...
A sen ynha ýitiripsiň özüňi
Maňa öýlänçi deý duşmarsyň gaýdyp.
(Şu güne çen bagtly ekenim ýansam-da.
Çünki ynanýardym, ýoluksam saňa
Ýene-de jadylap goýbärsiň öýdüp)
Aýna deý söýgimi,
Aý deý söýgimi
Neçün kül-pagş etdiň?
Köne sowaly
Telim ýyldan soňra saňa berdim men.
Başyň egip sorag belgisi ýaly
Aglaberdin sen...

Hoş gal ýaşlyk.
Hoş gal,
Men aýna ýaly,
Men Aý ýaly yşkyň döwgüni çöpläp,
Ýitirlen ýerine doňan gözýaşym
Päkize düýşüm hem ýatlama sepläp,
Keşbin synlamaga meni ýakanyň
Ýasaryn söýgimiň mozaikasyn.

...Seni emaý bile yza iterýän,
Hopugýaryn,
Dünýäm barha darykýar.
Pyýala gözleriň sürmesi däl-de,
Al ýaňakdan gara gözýaş syrykýar.
Daşa çykýan,
Çykýan adaty dünýä
Syrylypdyr gara ýeliň perdesi.
Serimde duman ýok, kalbymda heser,
Uçubam baramok önkim ýaly zut.
Hanha kempir, hanha köne kerseni,
Tamam tylla balyk hakda erteki,
Meni aýlap-öwrüp öňki dünýäme
Taşlap, nirä gaýyp bolduň, paraşýut?!
Ýeri duýýan dabanymyň astynda,
Geçipdir çagbaly güýzüň şemaly.
Ýüzüni ýuwupdyr ýyldyzly asman,
Şeýle bir durudy,
Aýdyňdy dünýä,
Hiç mahal harasat gopmadyk ýaly
Ýagyşam ýagmadyk ýaly aslynda
Ýaganam däldir ol...
Ahmal..
15
41
awesome
13.08.2022 23:23
Heserli, gudratly sözüň şahyry

Hakdan içen, halkdan içen uly şahyrlar edebiýata öz ýoly, öz dünýägaraýşy, öz stili bilen gelýärler, öz şahyrana dünýäsini döredip halkyna bagş edýärler.
Atajan Annaberdi uly şahyrdy, üýtgeşik şahyrdy, onuň uly şahyrdygyny ilkinji bolup Gurbannazar Ezizow görüp, gazetde oňa ak pata berip, röwşen ýol açypdy. Entek Atajanyň kitaby beýlede dursun, uly-uly goşgular toplumlary hem çykmanka, Ýazyjylar birleşigine agzalyga aldyrypdy, sebäbi beýik şahyrGurbannazar Ezizow diňe beýik şahyr bolman, hakyky poeziýany, hakyky eseri
gorap bilen şahyrdy.
Ol döwürlerde Gurbannazaryň özem ýaşdy, ýöne abraýy, agramy juda ulydy. Gurbannazaryň «Edebiýat we sungat» gazetinde Atajana baha bermegi – eýýäm Atajanyň ykrar edilmegidi. Gurbannazar neressäniň jahandan ir gaýtmagy bolsa diňe Atajan ýa meni däl, gaty köp ýaş şahyrlary ýetim goýupdy. Ýaş poeziýa arkadagsyz galypdy...
Atajan düşünmesi aňsat, düşündirmesi juda kyn şahyrdyr.
Men Atajan Annaberdiýewi tas elli ýyl bäri tanaýan, goşgularyny okaýan. Ikimizi nähilidir bir waka geçen asyryň altmyş bäşinji ýylynda duşurdy, ilkinji talyplyk tanyşlygy dessine çuň hem mizemez dostluga öwrülip gitdi. Biz talypdyk, Atajan uniwersitetiň fizika-matematika fakultetinde, ajaýyp ýazyjy Akmyrat Şirow rus dili-edebiýatynda, men bolsa nemes dili bölüminde okapdym. Okuwlar agyrdy, şoňa garamazdan her şenbede duşup Akmyrat Şiriň kireýine ýaşaýan otagynda pikir alyşardyk, jedelleşerdik...
Poeziýa nähili bolmaly? Şygyrda esasy zat pikir-paýhasmy ýa duýgumy, ýa-da düşündirip bolmaýan başga bir zatmy? Bu barada Pindar döwründen bäri jedelleşilip gelinýär, emma «poeziýa ine şeýle bolmaly» diýip çürt -ke ýol görkezen ýok. Ýadymda: Akmyrat Şir ikimiz şygryýetde pikir-paýhasy bijebaş edýärdik, sebäbi Sokratdan başlap aýdylan ajaýyp pikirler şu güne çenli ölmän ýaşap ýör, beýik pikirler bakylygyň parçasy, beýik pikirler üçin Wagt diýen düşünje ýok, olar könelmeýär, garramaýar, hemişe şamçyrag ýaly şugla saçyp ýaşaýar diýen pähimi öňe sürýärdik. Atajan şonda «Dogry, beýik pikirler ýaşaýar, ýöne aforizmler kitabynda ýaşaýar, olar uçmaýar. Beýik pikir tapmak towugyň tylla ýumurtga doguryşy ýaly bir zat, beýik pikir ýekeje pursatda dünýä inýär, ýöne onuň uçmagy üçin ýigrimi bir gün gursagyňy ýere berip, kürk bolup, şol beýik pikire jan bermeli, ganat bermeli!» diýipdi. Atajan ömürboýy şol pikirini durmuş kredosy edindi, her bir edebi gürrüňçilikde şol pikiriýanjardy, şol sebäplem ol sözler meniň ýadymda galypdyr...
Atajan Annaberdi sözüň tagamyny, sözüň heserini bilýän şahyr, ol her bir sözüň jadyly gudratyna açmaga ymtylýar...
Atajanyň «Mukaddeslik» atly irki goşgusyny okap göreliň:

Käte üýşmeleňde öwüt berdiler,
Bolmasa-da boýnun burup soraýan.
Iň zerur zatlary mugut berdiler,
Berdiler öwezne hiç zat soraman.

Belentdir bar zatdan namysym-arym,
Asmanym, Watanyň belent-pesligi.
Belki, bize mugt berleni üçindir,
Bahasyz zatlaryň mukaddesligi.

... Hawa, Adam ogluna iň zerur, iň beýik zatlar mugt berilýär: barlyk, watan , toprak, ene-ata, dogan-garyndaş, söýgi, mähir. Hakyky adam bolsa şol mugt berlen zatlaryň öwezini özüniň manyly ömri bilen yzyna bagş edýär.
Atajan Annaberdi 1946-njy ýylyň güýz paslynda Murgap etrabynyň Çäçdepe obasynda dünýä indi. Atajanyň aňyrsy Ahaldan göçüp Murgaba barypdy. Kakasy Annaberdi aga Beýik Watançylyk urşunyň weteranydy, döşi köp orden-medally, ýöne maýyp bolup gaýdyp gelipdi. Fizika-matematika mugallymydy.

Kakam maýyp, inwalidi,
Watançylyk urşunyň.
Kellesinde göterip ýör
Gyýçagyny gurşunyň.
Degipdir dogry kelleden
Bir haýynyň atany.
Ýöne kakam şol gülleden
Halas etdi Watany.

Men bu zatlary näme diýip ýatlaýan? Atajan uniwersiteti-de gowy gutardy, islän gazetine işe ýerleşip hem biljekdi, ýöne ol kakasynyň egninden diremelidi, sebäbi Atajan doganlaryň iň ulysy bolup, özünden soň sekiz dogany bardy. Elbetde, Atajan şäherde ýaşanynda has beýik, has uly, has ähmiýetli şahyr bolup bilerdi, ýöne ol maýyp hem merdana kakasynyň dadyna ýetişip, uly maşgalanyň keşigini öz üstüne aldy, kakasy ir aýrylansoň ähli doganlaryny kaka bolup olary adam eden Gara dogan bolup ýetişdi. Sebäbi Atajan ýüregi ýukady, hakyky şahyr ýüregidi, has dogrusy Atajanyň ýüregi sowutsyzdy, sähelçe zada ýaralanyp, ganyny saçyp duran hakyky şahyr ýüregidi...
Geliň, indi Atajan şahyryň syrly, owadan şahyrana dünýäsine aralaşalyň. Men onuň «Guýy» atly goşgusyny gaty gowy görýärin, sebäbi ol goşgyda Atajanyň ömür ýolunyň mazmuny bar.

Şeýle bir çuň,
Şeýle bir çuň bu guýy.
Äpet guýguç ýaly barha daralyp,
Uzap ýatyr,
şeýle bir çuň
düýbüne
Gün şöhlesem zordan ýetýär saralyp.
Ölümdigin bilmeýän ýok,
guýular
Gazylanda hile, galplyk etmegiň.
Ol tä suwa çenli uzalyp ýatyr,
Ýowuz ýoly ýaly bagta ýetmegiň.

Şeýle bir çuň guýy,
Belli düýbüne
Bir ussadan özgäň aýak basmany.
Ussa ýer şaryny deşip gidipdir,
Görünip dur o tarapyň asmany...

Şahyr Atajan Annaberdi guýy ussasy ýaly galplyk etmän, hile gurman özüniň poeziýa dünýäsini döretdi, bagta, mertebä ýetmegiň ykrar edilmäniň ýowuz ýoluny geçdi, ol bakylyga suwarlan ýüzlerçe goşgusyny dünýä berdi. Atajanyň her bir goşgusynda onuň ýüregi gürsüldäp, owadan şahyrana kalby görnüp dur.

Uçup barýan gazlaryň
Boýny gelýär üzlere.
Bilýän ganma ýokdugyn
Bu intizar gözlere...

«Çagalygyň dünýäsinde» atly goşgusynda:

Unutmaz ol gök otlukda,
Agynaplar dynç alşyny.
Unutmaz ýazda ýodalaň,
Gün geçdikçe inçelşini.

Goýras ysyn kükedende,
Basylan otlaň küdesi,
Ýodajykdan derýa çenli
Geler oň ylgap gidesi.

Uzakda bolsa lowurdap
Göze iler ýanýan bulut,
Görüner derýaň aňyrsy –
Açylmadyk dünýä bolup.

Şol ýerden eşdilýän aýdym
Gamgyndyr hem uzakdadyr.
Belki, ol goja balykçyň
Ýowuz ykbaly hakdadyr...

Ygsyn ýörsün uzakda
Ýeke özi hasratyň...

Edebiýat ylmy, edebi tankyt, şahyrlar gaty gowy şahyr Kakabaý Ylýasowa hem-de Atajan Annaberdiýewe «obany wasp edýän, oba gözelliginiň şahyry» diýip at berdiler, ýöne aslynda bu pikir bir taraply pikir. Kakabaý Ylýas-da, Atajan Annaberdi-de, Mämmetnazar Babanazarow-da, ajaýyp şahyr Guldurdy Sähetdurdyýew-de obada ýaşaýar, ýöne aýdyň hany haýsy şahyr obalarymyzyň, ilkidurmuş gözelligini saklap ýatan daglarymyzyň, derelerimiziň, çöllerimiziň, sähralarymyzyň, ala-ýaz meýdanlaryň waspyny etmedi? Şahyrlar obada dogulýarlar, şäherde hem ölýärler diýlişi ýaly, şahyrlar şäherde ýaşasa-da, entek
gyz päkligini saklap oturan gözel tebigatymyzyň waspyny edýärler ahyry!

Golaýlaşýar barha gyş,
Tomus barha daşlaşýar.
Düşüp barýan ýapraklar
Pyşyrdaşyp hoşlaşýar.

Güýzde gussa terlener,
Bulutlar lemmerlener,
Azaldykça meýdanda –
Süýjeýär güýz terneler.

Bişmek bar hyýara-da,
Saralýar biýarada.
Kän oýlanar güýz güni
Her kim özi barada.

Kalby tämiz, göwni sap,
Özünden sorar hasap,
Howlukmarsyň gyşa sen,
Özi geler alňasap.

Iýiler gyşyň gamy,
Güýz ruhuny tijeýär.
Bu durmuşyň tagamy
Gün geçdikçe süýjeýär...

Meniň çuňňur ynanşymça, obaly ýa şäherli şahyr diýlen zat ýok. Dünýäde beýik bir hakykat bar. Her bir beýik şahyr durmuşyň manysyny, jümle-jahanyň hakykatyny agtarýar. Bu syrdan, kerem-keramatdan, pähim-parasatdan doly Adamy öwrenmek üçin ilki ýaşap ýören syrly dünýäňi öwrenmeli! Adama akyl ýetirmek üçin, onuň nurana röwşen kalbyny açyp görmek üçin tebigatyň gözellikler dünýäsine aralaşmaly, açmaly!..
Atajan bolsa tebigatyň gözelligini wasp edip, ynsan kalbyna aralaşmagyň ussadydyr. Şahyr Atajan Annaberdiýewiň döreden owadan poeziýa dünýäsiniň syrly gözýetimleri «gözüňe sygmaýar», ol ýerde toplanyp däli derýa akyp ýatyr, derýa hanasyna sygman joşan çagynda, ol seni hem joşdurýar, güýzde saralyp ýatanynda bolsa kalbyňa gussa bagladýar, ol ýerde toraňňylar goýry kölegesiniiki ýana bulap, dürli guşlar owaz edýär, ol reňbe-reň owazlary elläbem, dadybam, görübem bolýar, emma el degirmäge dözmeýärsiň.
Atajan tebigy gözellikleri wasp edip, ynsanyň kalbyna aralaşmaga hem-de şol gözellige garyp pähim-parasatly pikir aýtmaga ymtylýar. Bu bolsa hakyky şahyrlaryň ýoludyr. Atajanyň döreden ajaýyp dünýäsinde jansyz zatlara jan berlip, göze görünmeýän zatlar görünýär, ysy-koky ýok zatlar müşki-anbary bilen başyňy aýlaýar. Onuň «Gowak» atly ajaýyp goşgusyny okap göreliň.

Gaplapdyr bu ýeri müdimi tümlük,
Ýatyr, bu gowaga gohly dünýäden
Gaçyp zordan özün atan ümsümlik.
Mundan kerep bilen torlanan ýyllar
Hem gögümtil daşlar ýatyr zeňleşip...
Ýylana çalymdaş garamtyl kökler
Göwnüňe, galtaşsaň çakaýjak ýaly.
Hem alnyňdan ilkidurmuş adamy
Tüýlerin hüwjerdip çykaýjak ýaly...
Adam sulbasyna gözüm düşende,
Ýüregim agzymdan çykypdy tasdan.
Ýatyr bu gowakda gowgaly geçmiş,
Gygyryp turjak ol üstünden bassaň...

Ynha, hakyky kämil goşgy! Ýazylyşy ýönekeý, manysy çylşyrymly... Goşgy dürli kartinalar arkaly adamyň beýnisinde dürli pikirleri oýarýar. Munda pikir okyja çeýnelip berilmän, ýagny aforizm, nakyl derejesinde berilmän ýaňzydyp goýbermek usulynda berilýär. Öz pikir edişiň nähili derejede bolsa, şol derejede oýlanybermeli, ýönekeý pikirlenýän okyja-da, çuňňur pikirlenýän alyma-da, filosofa-da oýlanmaga esas bar. Adamzadyň ýaşap ýören dünýäsi gowak, geçmiş bolsa diňe geçmişde galandyr öýtmek bolmaýar, gowgaly geçmişiň hatarly ýeri, ol adamzadyň alnyndan hem çykyp dur, ýagny gowgaly geçmişiň bilmän üstünden
basaýdygyň gygyryp turýar!..
Allatagala tükeniksiz älemlerini, owadan dünýäni nähili gözel, nähili jadyly edip ýaradypdyr. Ümürsin tokaýlar, başy ala garly daglar, düňle çöller, iňňildäp ýatan sähralar kimde bolsaň gözelligine imrikdirýär, emma dördünji adamyny bolsa özüne benduwan eýläp, ýüregini oýnap, duýgularyny heýjana getirýär. Kompozitor öz gözellikleriniň al-ýaşyl owazyny eşidip joşa gelse, nakgaş owaz edip ýatan gözellikleri görüp polotnosyna geçirýär. Şahyr bolsa hem görýär, hem eşidýär, hem beýan edýär.
Dünýäniň jadyly poeziýasy şahyra berlendir, jümle-jahanyň ilkidurmuş gözelligi şahyryň şygryna, kompozitoryň mukamyna girmek üçin ýaşaýar, şol gözelligem täsin pikirleri oýarýar.

Deňziň güýji derýa bagly,
Derýaň güýji – ýagyş-gara.
Joşar derýa doňan gary
Gün edensoň pagyş-para.

... Joşgun, hyjuw söýgä bagly,
Söýgiň güýji aýralyga...

... Bir del duýgy ýüregimde möwç urýar,
Ýöne bilemok ol agymy, aýdym...
Atajan Annaberdiýew köptaraply adamdy. Uniwersitetde okap ýörkä, uly-uly alymlar onuň düýrmegi bilen fizika ylmyna berilse, ondan beýik alym çykjagyna ynandylar, emma Atajan söz mülküni saýlady. Atajan ajaýyp aýdymçydy, ol äpet akkardeonyny gujagyna alyp, dolup-daşyp aýdym aýdanynda diňleýjisini güldürip-de, agladyp-da bilýärdi, tä daňdana çenli aýdym aýdyp bermäge gory bardy, esasan Magtymgulydan aýdardy. Atajan üstesine ýaýanda-göýende-de, aýdyjy-rawydy. Ýaýanda-göýende – diýmek näme? Häzirki biziň degişme aýdyp, sahnada ikibir oýnaýan artistlerimiz ýaly geçmişde zehinli adamlar iki -üç bolup birleşip, özleri halka ýaraýjak eseri bada-bat döredip, ýagny göýendelik edip, ile ýaýyp ýaýandalyk edipdirler. Atajan aýdyjy rawydy...
Bir gezek Maryda belli mugallym Ata Akbäbäýewlerde birnäçe şahyr bolup myhmançylykda bolduk. Ýagşy zyýapatdan soň Atajan saz çalyp, Magtymgulydan onlarça aýdym aýtdy. Birdenem ol Görogly geçip birnäçe aýdym aýdanyndan soň, Göroglynyň gojalykdaky gözgyny hal-ýagdaýyny gürrüň berip, dessany has süýjedip, rawylyga başlady. Biz ozal Atajana belet bolamyzdan soň, onuň diňleýjileri «Ýene geldiňmi?» diýen aýdyma taýýarlaýanyny bilýärdik. Atajan dolup-daşyp, dünýäni sorap oturan Görogly begiň gojalyk zerarly düşen ýagdaýyny şeýlebir çeperlik bilen beýan edýärdi, has dogrusy goja Göroglyny janlandyryp alkymyza göteripdi. Şol ýagdaýda Agaýunus peri yzyna gaýdyp gelýär. Atajan gara derini hem meger gözýaşlaryny hem seçelendirip, (sebäbi ol gara derdi, haýsynyň der, haýsynyň gözýaşdygy saýgardar ýaly däldi) aýdyma başlady. Aýdym gutaran badyna açyk gapynyň aňyrsyndaky giň zaldan agy sesleri başlandy, asyl görüp otursak Atanyň garryja ejesi, gelnejesi, aýaly dagy açyk gapydan diňläp oturan eken, biz gözlerimizi balkyldadyp otursak, olar dyňzap gelen duýgularyna bäs gelebilmän aglaşyp başlan ekenler...
Men ençe-ençe şeýle wakalaryň şaýady bolamsoň, käte «Atajan özünde beýik fizigi, beýik aýdymçyny, suratkeşi öldüren bolaýmasyn?» diýen oýlara batýaryn hem «Ýok, Atajan aýdymçynyň-da, aýdyjy rawynyň-da, suratkeşiň-de zehinini poeziýasyna siňdirdi. Ol tamam jümle-jahanyň poeziýasyna gulluk etdi. Onuň köptaraply zehini, çuňňur oý-pikiri Atajany aşa duýgur, syzgyr, sähelçe zady ýaralanyp duran näzik ýürekli eýledi. Atajan elem, dilem, kalbam açyk şahyrdy. Ýagyşlar şowhun bilen onuň kalbyna ýagýardy, älemgoşarlar onuň gursagyna öwüşginini çaýyp heýjana getirýärdi. Elbetde ýuka ýürek, näzik duýgular şahyryň beýik şahyrlygynyň belent şaýadydy, ýöne eziz ýürek bilen, sowutsyz ýürek bilen ýaşamak weli kyn-da...

Gamlanma,
Gün nuruna
Gül ömrüňi eýlesin.
Gün doganda gamlanan,
Gün batanda neýlesin?!..

... Şu Aý, şu suw gözüm açyp görenim,
Şu ýyldyzlar nurun çaýýar sözlerme.
Şonuň üçin awap ýanýar ýüregim,
Şonuň üçin ýaş çaýylýar gözlerme...

Ýa-da ol «Kebelek» atly goşgusynda:

Jan jesetden çykdy kebelek bolup,
Gitdi gülli sähra ganat ýaýyp ol...

... Tutdy ony selme ýygýan oglanjyk,
Düňderip asman deý mawy jamyny.
Goýber jigim, bir pahyryň jany ol,
Aljak bolma öň alynan janyny.

Bir gezek duşanymyzda Atajan ýokarky «Kebelek» goşgusyny okap berip:
– Ynha, adamzat ýaşaýşynyň tymsaly şüý! Ullakan gulplaryň kiçijik açary bolşy ýaly, dünýä, älemlere akyl ýetirmegiň ähli tymsallary zeminde bar. Soňky döwürlerde altyburçlyk nyşan ýurdumyzyň nusgawy emblemalarynyň birine öwrülendir. Ol altyburçluk türkmen haly göllerinden alyndy. Planetalary we olaryň ýerleşişiniň hereketiniň dört sany beýik kanuny açan I.Kepler atly beýik nemes alymy älemde planetalaryň, ýyldyzlaryň ýerleşişini düşündirende şu alty burçlukdan ugur alýar: garlar altyburçluk bolup ýagýar, günebakaryň öýjükleri,
naryň içindäki çigitleriniň ýerleşiş tertibi hem şeýledir. Ol älemde ýyldyzlaryň ýerleşişini günebakaryň çigitleriniň öýjükleriniň... ýerleşişi ýalydyr diýen ylmy gipotezany öňe sürdi. Onsoň oturyp-oturyp gadymy ata-babalarymyzyň nähili dana bolandygyna haýranlar galýarsyň – diýipdi. – Biziň ýaşap ýören dünýämiz ýekeje, Günümiz, aýymyz, ömrümiz ýekeje! Gün gündizine görünýän ýeke-täk ýyldyz!
Hany gijelerine asmana bir seret: milliard-milliard ýyldyzlar galaktikasy, ulgamy mawyja, gökje gözlerini gyrpyldadyp, sessiz çawuş çakyp özüne bendiwan edýär. Eýse Hudaýym olary çölde kerwen çekip barýan kerwenbaşy ugur alsyn diýip ýa çopan howanyň öwzaýyny bilsin diýip, ýa şahyrlar magşugyna şol ýyldyzlary gül kimin alyp bersinler diýip ýaradanmydyr?!.. Biz olara perwana bolup, kebelek bolup gitmeli bolsak bildiňmi?
Atajan Annaberdiýew zandy şahyrdy, ol goşgy ýazanda-da, aýdym aýdanyndada, ýaýandalyk-göýendelik edeninde-de, ýaşanda-da şahyrdy. Sözüň gudratyna, keramatyna halys ýüreginden ynanýan, uýýan şahyrdy. Ol bir gezek:
– Her bir gowy şahyr kompozitordyr, nakgaşdyr. Her ajaýyp goşgy özüniň sazy bilen dünýä inýär, guşuň ganaty bilen dogulyşy ýaly... Kompozitor gowy goşgularyň sazyny agtarmaly, ýöne olar köplenç tersine edýär, özleri saz tapyp şoňa-da şygyr ýazdyrýar... – diýip, ol Gurbannazardan bir goşgy okap berdi. Ýeri gelende aýtsak ýagşy, Atajanyň ýatkeşlik ukyby görlenden däldi. Ol Magtymgulynyň, Mollanepesiň, Seýdiniň, Keminäniň bagşylar tarapyndan aýdylýan aýdymlarynyň aglabasyny, Kerim Gurbannepesowyň poemalarynyň birnäçesini, Gurbannazar Ezizowyň, Halyl Kulyýewiň, Italmaz Nuryýewiň, ýene birnäçe şahyrlaryň onlarça-ýüzlerçe gowy goşgularyny ýatdan bilýärdi.
Atajan bagşyçylyk-aýdymçylyk edip toýlara gideninde baý adam bolup bilerdi, emma ol poeziýany, şahyrlygy saýlady. Sebäbi onuň baýlyk hakyndaky düşünjesi başgady, ol her bir täze tapan pikirine, meňzetmesine, duýgusyna, kapiýasyna, her bir täze ýazan goşgusyna ýürekden begenýärdi. Edil kömelek tapan adamyň begenişi ýaly. Kömelek duzlap iýeniňde ýekeje lukma, emma ony tapanyňda nähili begenýärsiň, sebäbi ol ýazyň ruhy, sebäbi ol ýazyň gözelligi, gudraty! Atajan her tapan pikirini, her goşgusyny okan okyjynyň ýüregi gobsunar, ruhy galkynar ýaly arman-ýadaman işleýärdi, sünnäleýärdi... Atajanyň kitaplaryny okan okyjyň onuň
filosof şahyrdygyna göz ýetirer!
Şahyryň durmuşdaky ýaragy, iş guraly – ýüregi, onuň eýelemek isleýän beýikligi-de ynsan ýürekleri. Ýürekden çykan duýgy ýürege barýar, ýürekden çykan mähir ýürekleri ýyladýar! Akyldarlar, filosoflar beýnisi bilen pikirlense, şahyrlar ýüregi bilen pikirlenýär. Ýürekden çykan pikirler ýürekleri heýjana salýar, beýniden çykan pikirler bolsa, beýnä, aforizmler kitabyna girýär.

Lezzeti bar kalba ýakyn sözleri
Saýlaşdyryp,
sazlaşdyryp ýörmegiň.
Belki, bular iň ýakymly täridir,
Birahat ýüregi köşeşdirmegiň.

«Dostlaryma» goşgusynda:

Şatlanyň aç-açan,
Söýüň aç-açan, gussaňyzy külterlemäň, çözlemäň.
Hem siz keýpi, şatlygňyzy hiç haçan
Özgeleriň hasratyndan gözlemäň...

Atajan sözüň doga ýaly, sena ýaly gudratlydygyna, yşk ýaly heserlidigine ýürekden ynanyp, gursagyndaky zehin oduny ýakyp, her bir söze, jümlä zergärleriň kümüşe zer çaýyşy ýaly yşkyny çaýýardy, şonuň üçinem onuň bugdaýly meýdanlar, boz topraklar hakdaky goşgularyny okasaň, tamdyrdan çykan çöregiň meýmirediji ysy burnuňa ursa, miweli, bakjaly meýdanlaryň gözelligini wasp edýän goşgularyny okasaň, pazyllarda ýaşyl biýaradan jyklap ýata sary gawunlaryň ysy kükeýär.
Atajan gyssanman sünnä işlese-de, gaty köp goşgulary, poemalary bize serpaý
galdyrdy. Onuň Watan, ene toprak, diýar hakyndaky göçgünli goşgularynyň özi bir tom boljak, pelsepewi filosofik goşgularynyň özi ýeke bir tom boljak, gamgyn, gussaly söýgüsi hakdaky goşgulary bir tom boljak... Emma gynansak-da, Garaşsyzlyk ýyllaryna çenli Atajan ýaly goşgularyny gazetde çykardyp bilmän kösenen şahyr ýokdur. Ol tomluklary çykmaga mynasyp şahyrdy, ýöne gynansakda, halypasy Gurbannazar ýaly iki sany çelpek deý kitapça bilen oňmaly boldy. Herhal ol giň göwrümlilik bilen:
– Şu günki goşgulary ýazýan şahyrlar goý, şu gün çykardyp ýetişsin, ölmejek, jahanda galjak goşgulary haçan çykardanyňda-da bolýar – diýip, özüne teselli bererdi. Garaşsyzlyk ýyllary ýurdumyz galkynyp, metbugat serişdeleriniň köpelip, edebiýata, çeper söze gadyr goýlan zamany Atajan has öndümli işledi, toplumtoplum goşgularyny okyjylara ýetirdi, aýratynam çagalar hakynda örän köp ýazdy, çagalara peşgeş berdi.

Toprak eklär, sen topragy ekleseň:
Ýöne ol özünde bar zadyn berýär,
Sen özüňe gerek zady ekmeseň...

... Adamy bezeýän oý-hyýalydyr:
Öz bilýän zadyňy öwretmän gitmek,
Halypaňy gizläp giden ýalydyr...

Dünýäde beýik-beýik filosoflar gaty köp!
Dünýäde köp ýazan ajaýyp şahyrlar gaty köp!
Emma her bir goşgusyna ýürejigini, mähir-muhapbetini, uçganaklap duran şatlygyny, mylaýym gussasyny goýan şahyrlar bolsa beýle kän däldir. Atajan söýgi goşgularynyň ruhy, jany-jigeri gussadan ybarat, ýöne «ol gussalar çişligiň tüssesi ýaly ezizdir, heýjana getirijidir, çünki ol gussalarda ýanýan şahyr ýüreginiň tüssesi bardyr» diýmegi halardy...

Öz ornuň tap, ilden janyň aýama,
Eger telpek bolsaň, başda götärler,
Köwüş bolsaň geýilersiň aýaga.

Şahyr Atajan Annaberdi edebiýat meýdanynda uzak bolmadyk ömründe öz etmeli işini etdi, döretmeli eserlerini döretdi. Öz döwründe ony edebi tankyt, edebiýatçylar gazanan belentligine götermese-de, Atajan özüniň näderejededäki şahyrdygyny, ýüzlerçe pikiriniň, onlarça-onlarça goşgularynyň ölmän ýaşajakdygyny bilýärdi. Men şu makalamy ýazyp otyrkam öz ýanymdan «Men şu makalany Atajan aýatda aman çagam ýazyp bilerdim ahyry, näme üçin dostlar hakyndaky yssy sözleri mydama öleninden soň aýdýarys» diýip pikir etdim. Aýdyp bilerdim, ýöne Atajan oňa mätäç däldi, ol özüniň ajaýyp şahyrdygyny bilýärdi, meniň, şahyr dostlarynyň, Kerim Gurbannepesow ýaly, Gurbannazar ýaly beýik, läheň şahyrlaryň özüni ykrar edendigini bilýärdi. Atajan ýene bir zady –ýaramaz, gowşak şahyrlaryň bir kitap ýazyp, özi hakda otuz iki öwgüli makala ýazandygyny, edebiýata girip bilmese-de, mekdepde okadylýan edebiýat kitaplaryna girjek bolup gözden düşüşlerinem bilýärdi.
Atajan edebiýata girmegiň ýalňyz ýolunyň – ynsan ýüregine girip, tämiz hem sarç duýgularyňy, ojar közi ýaly lowurdap duran pähim-paýhasyňy, mähirmuhapbetiňi, söýgiňi bagyş etmelidigini, Bagtyň-da, Beýikligiň-de, Bakylygyň-da ynsan ýüregindedigine çuňňur ynanýardy, şol ynamyna-da bütin ömrüne ygrarly gulluk etdi.
Pes pälli, kiçi göwünli Atajan «Pygamber boljak bolupdam, Bedbagt şahyr boldum zordan» diýse-de ol ajaýyp şahyr bolup bilipdi, okyjylaryň söýgüsine mynasyp bolmagyň hötdesinden gelipdi...
Atajan jahandan ir gaýtdy, emma onuň poeziýasy biz bilen ýaşap ýör, onuň kitapçalarynyň daşyny ýaňadan jiltläp ýaş şahyrlar elden goýman okap, öwrenip ýör. Munuň özi şahyryň bagty ahyry.

Şahyr ýene sähra tarap ýöneler
Düşünmän söýginiň nämedigine.
Murty taban ýetginjege näz eden
Gözel söýer ony,
ýaş şahyr bolsa,
Söýgi hakda goşgy ýazar täzeden,
Ýene ýagyş ýagar, çakar ýyldyrym,
Gök gürläp,
äleme ýaýrar çakylyk.
Eziz Watan!
Bize miýesser etsin
Diňe bäş gün döwran,
saňa bakylyk!

Nobatguly REJEBOW
17
84
awesome
13.08.2022 00:48
Osman ÖDE

▶ BAKYLYK KÜÝSEGI
Eger dünýäde «ölüm» diýlen närse bolmadyk bolsady, adamzat şindizem gowakdan çykmazdy!..
Eger «ölüm» diýlen nägehan bolmadyk bolsady, palçykdan ýasalan mahluk şindizem mahluklygyna galardy.
Eger ölüm bolmadyk bolsa, ýaşaýşyň arzysam, tagamam, bahasam bolmazdy.
Adam ogly ölümden çykalga agtaryp, dirilik suwy – abyköwser suwuny toslap tapýar. Adam ölümden gorkusyna, ýüzlerçe Hudaýlary toslap tapýar, ýüzlerçe butlara sežde edýär.
Ölen adamyň endamyndan tutan badyňa, tüýüň bar bolsa, üýşenip, iýniň üşüdip gidýär: jesediň sowuklygyndan däl, ýok, sen jesetde öz ölümiňi görýärsiň! Berekella, öli ýuwýan babalylara!
Dinlerde öleniňden soň dirilen birnäçe adam hakda rowaýatlar ýaşaýar. Isa pygamber ölmezinden ozal öljegini, üç günden soňam dirilip gitjekdigini aýdypdyr. Ol kyýamat-ahyr bolanynda, ýaňadan dirilip, adamlaryň halasgäri bolmaly.
Dünýäniň ähli filosofiýasy ölüme baryp direýär, ähli filosoflar ölümden aňyrda näme bardygyny biljek bolup garaheläk.
Häzir ylym-tehnika gaty ösdi, netijede, ölümiň aňyr tarapyna kiçem bolsa yş açyldy. Amerikaly meşhur lukman Raýmond Moudi kliniki ölüm hadysasyndan soň doktorlaryň ýaňadan direlden ýüz elli adamy bilen gürleşip, olaryň öleninden soň gören, duýan, başdan geçiren zatlaryny öwrenýär. Olaryň ählisiniňem aýdýan zatlary meňzeşräk. Keselhanada kliniki ölen adamlaryň bäş, on, on bäş, otuz minutdan soň ýaňadan direldilenleri kän. Olaryň hemmesi hem öz ölýän pursatlaryny, ejir çekip ýatan pursatlaryny, birdenem ähli ejir, yza el bilen aýrylan ýaly aýrylyp, nirädir bir ýaňa uçup gidýändigini, özleriniň guş ýaly ýeňläp, beýan edip bolmajak halda keýplenýändigini gürrüň berýärler. Bu – ruhuň göwreden çykmasy! Ruhuň – yzadan, keselden, ejirden ybarat göwresini taşlap, ýaşaýşyň ikinji stihiýasyna bakan atlanmasy!
Ölüm: «Ýagy ýaly gelerin, ýag ýaly alaryn» diýipdir. Adam ogly ölüme çenli yza çekýär, ölümden gorkup gam çekýär, horlanýar, emma ölüm golaý gelenden, ol haýran galaýmaly owadanlaşýar, köşeşýär, yzasyny unudýar. Ölüm golaýlanynda, elhenç keseliň yzasy nirä zym-zyýat bolýar? O dünýä uçup barýan bendäniň yzasyny kim aýryp, oňa «paraşýut» berýär? Alymlar barlap görse, ajal gujagyny açyp, golaýlan pursaty ynsanyň beýnisi B-endrofini işläp çykaryp, yzany özi ýom-ýok edip goýberýär eken.
Gitleriň egindeşleriniň biri ýokary jeza garaşyp ýatyrka, onuň aýaly duşuşyga barypdyr hem diliniň aşagyna salyp baran awusyny türme gözegçilerine duýdurman, ogşaşan bolup, adamsyna beripdir diýip eşidip, haýran galardyk… Uruşda agyr ýaralanyp, kömegiň gelmejegine ynanan söweşijileriň özüni atýandyklary hem tassyk bolan zatlar. Diýmek, beýik Allatagala öljek mahaly hem adamy ýalňyz goýmandyr, oňa öz ezýetini özi ýeňip biler ýaly em beripdir…
Alymlar Hudaýyň bardygyna ýürekden ynanýan Hudaýhonlaryň gaty asuda, ateistleriň bolsa jebir çekip ölýändiklerini hem ýazýarlar. Adam ölýär. Ölen güni, üçi, ýedisi, kyrky güni üýşülip, dini dessurlar berjaý edilýär. «Adam öleninden soň hossarlaryndan hem her gün bir ädim daşlaşarmyş» diýen bir gepem bar.
Ölen bende üç günläp öz öýünden, hossarlarynyň ýanyndan aýrylyp bilmän, pel-pelläp uçup ýörermiş. Üç günden ýedi güne çenli ol özünden öň ölen dogan-garyndaşlary bilen duşuşyp, didarlaşarmyş. Ýedi günden kyrkyna çenli bolsa o dünýä bilen tanyşarmyş. Kyrk günden soň onuň ol dünýädäki, ikinji ýaşaýşyndaky borçlary başlanýar… Emma bir zat weli takyk: Peterburgyň tehniki uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlarynyň doktory Konstantin Korotkow köp ýyllar bäri ölüm fenomenini öwrenýär. Alym jesedi örän kuwwatly elektromagnit meýdanynyň şöhlelenmesinde goýýar. Jesediň ýanynda jesediň diýseň ýagty aurasy peýda bolýar, ol kyrk güne çenli onuň ýanyndan aýrylmaýar. Kyrk günden soň bolsa aura ýitirim bolýar.
Ýaňy-ýakynda alymlar şeýle bir tejribe geçirýärler. Uly şäherlerde ýer gytlygy üçin, jesetleriň ýakylýanyndan siz habarlysyňyz. Tejribe jeset ýakylýan krematoride geçirilýär. Otlanyljak jesediň dürli ýerlerine güýçli-güýçli datçikleri goýýarlar. Ol datçikler beýnide, ýürekde, göwräniň bir ýerinde sähelçe üýtgeşiklik bolsa duýup bilýär. Tabyt krematoriniň jaýyna getirilýär, datçikler hiç zady görkezmeýär, tabyt eskalatorpodiumyň (aýlanyp tabydy peje alyp gidýän eskalator, çeki) üstüne goýulýar, datçikler hiç zat görkezmeýär, ine birdenem eskalator herekete gelip, tabyt peje garşy süýşüp ugraýar. Dessine datçikler süýşüp, gyrmyldap başlaýar. Tabyt peje golaýlaşdygyça, datçikler sözüň doly manysynda urnup ugraýarlar. Ensefalografyň perolary dürli çyzyklary çyzyp, herekete gelýär. Ensefalografyň şol çyzgysy gaty gorkuzylan diri adamyň endamynda ýerleşdirilen ensefalografyň çyzgylary bilen birmeňzeş.
Öliniň, diriniň gorkusy meňzeş!
Biçäre ruh öz jesediniň depesinde pelesaň urýar, emma edip biljek zady ýok. Bu dünýäniň öz kada-kanuny bar, uly şäherlerde ýer ýok, adamy isleseň-islemeseň ýakaýmaly. Adam ölmezden öň öz ýakyljagyny bilýär, ol uly şäherde ýaşaýar, emma bedibagt ruh bolsa jesediň üstünde kökenek gerýär, ýöne o dünýäniň kada-kanuny hem bu dünýede ýöränok.
Alymlar öz ajalyna, awariýada, başga hili ýagdaýlarda ölen adamlaryň ruhlarynyň göwreden aýrylyş pursatlaryny öwrenipdirler…
Ýene türkmen mamla bolup çykýar. Öz garyp çatmasynda aýagyny uzadyp öleniň ruhy ganat-perini ýitiren guş ýaly dogumly bolýarmyş…
Adam şekilli ýaşalyň, adam şekilli ölmek hem miýesser etsin!
17
91
awesome
13.08.2022 00:42
Oskar Uaýld – "Bagtly Şazada".

Adyndan belli bolşy ýaly, bu erteki bagtly şazada hakynda. Şazadanyñ ölüminden soñ, bedeniniñ üstüne gymmat materiallar guýup, owadan heýkel görnüşinde şäheriñ merkezinde goýupdyrlar. Ähli adamlar ony örän owadan görüpdirler. We bir gezek heýkeliñ aýagynda – ýyly Müsüre uçup barýan – demini dürslemek üçin, gysga wagtlyk garlawaç gondy. Ol ýañy-ýañy uklamak üçin ýeleklerini pürjerdip başlanynda, kellejigine bir damja damypdyr. Garlawaç ýagyş ýagyp başlajak bolýandyr öýdüp, kellesini ýokary galdyrypdyr. Soñ bir seretse, ol damja – ýagyş damjasy däl-de, Bagtly şazadanyñ gözünden akan ýaş ekeni. Ol şazadadan näme bolanyny soranynda, Şazada oña:
"Diri wagtym mende hakyky diri ýürek bardy. Men göz ýaş diýilýän zadyñ nämedigini bilemokdym. Men gamgynlygy içeri göýberilmeýän San-Souci köşgünde ýaşaýardym. Gündiz bagda deñ-duşlarym bilen oýnardym, gije bolsa, olar bilen şagalañda tans ederdim. Baglygy uzyn diwarlar gurşasa-da, bir gezegem onuñ añyrsynda näme bardygy hakynda hiç zat soramandym. Meniñ daş-töweregimde ähli zat diýseñ gowy, ýakymly, kaşañdy! Ýanymdakylar maña "Bagtly şazada" diýýärdiler. Hakykatdanam, men bagtlydym. Eger bagt wagtlaýyn lezzetlerden durýan bolsa... Men şeýle ýaşaýardym we şeýdibem ýogaldym. Indi bolsa, ölenimden soñ, meni paýtagtymyñ merkezinde, şeýle ýokarda goýdular welin, bu ýerden şäherimdäki bar bolan ähli ýeter-ýetmezçiligi, gamgynlyklaryny we sebäplerini görýärin. Häzir meniñ ýüregim demirden bolsa-da, aglaman durup bilemok.
Ho-o-ol daşky öwrümde men bir çat açan jaýy bardygyny bilýärin. Bir äpişgesi açyk durany üçin, ol ýerde garry aýalyñ oturandygyny görýärin. Ýadaw ýüzli, elleri gatap, gyzaryp, iññeleriñ çümmeginden ýaña derisi deşik-deşik bolup giden. Ol tikinçi. Şa aýalyñ ýüpek köýneklerine gözel-gözel ýalpyldawuk gaşlaryny tikýär. Ýanyndaky düşekçede bolsa, onuñ ýarawsyz çagasy ýatyr. Eýýäm niçe günlerden bäri, ol öz ejesine pyrtykal alyp bermegini haýyş edýär. Onuñ ejesinde bolsa, diñe çeşme suwy bar. Başga hiç zat ýok. Ol oglanjyk bolsa, hiç özüne gelmän, ysgynsyz aglap ýatyr. Garlawaç, garlawaç, jan garlawaç! Meniñ gylyjymdan bir rubin daşyny goparyp, oña eltip berip bilmezmiñ? Aýaklarym berkidilen. Özüm ýerimden bytnap bilemok..." diýýär.

Garlawaç şazadanyñ eden haýyşyny ýerine ýetirermikä? Ol tizden-tiz Müsüre uçup gitmeli ahyryn.

Muny siziñ özüñiz "Bagtly Şazada" ertekini okap, öwrenip bilersiñiz.
12
70