awesome
13.08.2022 00:48
Osman ÖDE

▶ BAKYLYK KÜÝSEGI
Eger dünýäde «ölüm» diýlen närse bolmadyk bolsady, adamzat şindizem gowakdan çykmazdy!..
Eger «ölüm» diýlen nägehan bolmadyk bolsady, palçykdan ýasalan mahluk şindizem mahluklygyna galardy.
Eger ölüm bolmadyk bolsa, ýaşaýşyň arzysam, tagamam, bahasam bolmazdy.
Adam ogly ölümden çykalga agtaryp, dirilik suwy – abyköwser suwuny toslap tapýar. Adam ölümden gorkusyna, ýüzlerçe Hudaýlary toslap tapýar, ýüzlerçe butlara sežde edýär.
Ölen adamyň endamyndan tutan badyňa, tüýüň bar bolsa, üýşenip, iýniň üşüdip gidýär: jesediň sowuklygyndan däl, ýok, sen jesetde öz ölümiňi görýärsiň! Berekella, öli ýuwýan babalylara!
Dinlerde öleniňden soň dirilen birnäçe adam hakda rowaýatlar ýaşaýar. Isa pygamber ölmezinden ozal öljegini, üç günden soňam dirilip gitjekdigini aýdypdyr. Ol kyýamat-ahyr bolanynda, ýaňadan dirilip, adamlaryň halasgäri bolmaly.
Dünýäniň ähli filosofiýasy ölüme baryp direýär, ähli filosoflar ölümden aňyrda näme bardygyny biljek bolup garaheläk.
Häzir ylym-tehnika gaty ösdi, netijede, ölümiň aňyr tarapyna kiçem bolsa yş açyldy. Amerikaly meşhur lukman Raýmond Moudi kliniki ölüm hadysasyndan soň doktorlaryň ýaňadan direlden ýüz elli adamy bilen gürleşip, olaryň öleninden soň gören, duýan, başdan geçiren zatlaryny öwrenýär. Olaryň ählisiniňem aýdýan zatlary meňzeşräk. Keselhanada kliniki ölen adamlaryň bäş, on, on bäş, otuz minutdan soň ýaňadan direldilenleri kän. Olaryň hemmesi hem öz ölýän pursatlaryny, ejir çekip ýatan pursatlaryny, birdenem ähli ejir, yza el bilen aýrylan ýaly aýrylyp, nirädir bir ýaňa uçup gidýändigini, özleriniň guş ýaly ýeňläp, beýan edip bolmajak halda keýplenýändigini gürrüň berýärler. Bu – ruhuň göwreden çykmasy! Ruhuň – yzadan, keselden, ejirden ybarat göwresini taşlap, ýaşaýşyň ikinji stihiýasyna bakan atlanmasy!
Ölüm: «Ýagy ýaly gelerin, ýag ýaly alaryn» diýipdir. Adam ogly ölüme çenli yza çekýär, ölümden gorkup gam çekýär, horlanýar, emma ölüm golaý gelenden, ol haýran galaýmaly owadanlaşýar, köşeşýär, yzasyny unudýar. Ölüm golaýlanynda, elhenç keseliň yzasy nirä zym-zyýat bolýar? O dünýä uçup barýan bendäniň yzasyny kim aýryp, oňa «paraşýut» berýär? Alymlar barlap görse, ajal gujagyny açyp, golaýlan pursaty ynsanyň beýnisi B-endrofini işläp çykaryp, yzany özi ýom-ýok edip goýberýär eken.
Gitleriň egindeşleriniň biri ýokary jeza garaşyp ýatyrka, onuň aýaly duşuşyga barypdyr hem diliniň aşagyna salyp baran awusyny türme gözegçilerine duýdurman, ogşaşan bolup, adamsyna beripdir diýip eşidip, haýran galardyk… Uruşda agyr ýaralanyp, kömegiň gelmejegine ynanan söweşijileriň özüni atýandyklary hem tassyk bolan zatlar. Diýmek, beýik Allatagala öljek mahaly hem adamy ýalňyz goýmandyr, oňa öz ezýetini özi ýeňip biler ýaly em beripdir…
Alymlar Hudaýyň bardygyna ýürekden ynanýan Hudaýhonlaryň gaty asuda, ateistleriň bolsa jebir çekip ölýändiklerini hem ýazýarlar. Adam ölýär. Ölen güni, üçi, ýedisi, kyrky güni üýşülip, dini dessurlar berjaý edilýär. «Adam öleninden soň hossarlaryndan hem her gün bir ädim daşlaşarmyş» diýen bir gepem bar.
Ölen bende üç günläp öz öýünden, hossarlarynyň ýanyndan aýrylyp bilmän, pel-pelläp uçup ýörermiş. Üç günden ýedi güne çenli ol özünden öň ölen dogan-garyndaşlary bilen duşuşyp, didarlaşarmyş. Ýedi günden kyrkyna çenli bolsa o dünýä bilen tanyşarmyş. Kyrk günden soň onuň ol dünýädäki, ikinji ýaşaýşyndaky borçlary başlanýar… Emma bir zat weli takyk: Peterburgyň tehniki uniwersitetiniň professory, tehniki ylymlarynyň doktory Konstantin Korotkow köp ýyllar bäri ölüm fenomenini öwrenýär. Alym jesedi örän kuwwatly elektromagnit meýdanynyň şöhlelenmesinde goýýar. Jesediň ýanynda jesediň diýseň ýagty aurasy peýda bolýar, ol kyrk güne çenli onuň ýanyndan aýrylmaýar. Kyrk günden soň bolsa aura ýitirim bolýar.
Ýaňy-ýakynda alymlar şeýle bir tejribe geçirýärler. Uly şäherlerde ýer gytlygy üçin, jesetleriň ýakylýanyndan siz habarlysyňyz. Tejribe jeset ýakylýan krematoride geçirilýär. Otlanyljak jesediň dürli ýerlerine güýçli-güýçli datçikleri goýýarlar. Ol datçikler beýnide, ýürekde, göwräniň bir ýerinde sähelçe üýtgeşiklik bolsa duýup bilýär. Tabyt krematoriniň jaýyna getirilýär, datçikler hiç zady görkezmeýär, tabyt eskalatorpodiumyň (aýlanyp tabydy peje alyp gidýän eskalator, çeki) üstüne goýulýar, datçikler hiç zat görkezmeýär, ine birdenem eskalator herekete gelip, tabyt peje garşy süýşüp ugraýar. Dessine datçikler süýşüp, gyrmyldap başlaýar. Tabyt peje golaýlaşdygyça, datçikler sözüň doly manysynda urnup ugraýarlar. Ensefalografyň perolary dürli çyzyklary çyzyp, herekete gelýär. Ensefalografyň şol çyzgysy gaty gorkuzylan diri adamyň endamynda ýerleşdirilen ensefalografyň çyzgylary bilen birmeňzeş.
Öliniň, diriniň gorkusy meňzeş!
Biçäre ruh öz jesediniň depesinde pelesaň urýar, emma edip biljek zady ýok. Bu dünýäniň öz kada-kanuny bar, uly şäherlerde ýer ýok, adamy isleseň-islemeseň ýakaýmaly. Adam ölmezden öň öz ýakyljagyny bilýär, ol uly şäherde ýaşaýar, emma bedibagt ruh bolsa jesediň üstünde kökenek gerýär, ýöne o dünýäniň kada-kanuny hem bu dünýede ýöränok.
Alymlar öz ajalyna, awariýada, başga hili ýagdaýlarda ölen adamlaryň ruhlarynyň göwreden aýrylyş pursatlaryny öwrenipdirler…
Ýene türkmen mamla bolup çykýar. Öz garyp çatmasynda aýagyny uzadyp öleniň ruhy ganat-perini ýitiren guş ýaly dogumly bolýarmyş…
Adam şekilli ýaşalyň, adam şekilli ölmek hem miýesser etsin!
17
91
Myhman Myhman
15 Awgust 2022
Hmmm dogry makullayan
ylham_gurbanaly
13 Awgust 2022
Salam. Hei jigimjan maňa bal berip bilseň bal bersene)
Relax
13 Awgust 2022
Yüregim sanjyp gitdaý😣

ýalñysmasam hyatýda ýakalar oýdýän ölini brem hindiler☹️
wolf
13 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
alisherxon
13 Awgust 2022
Archi, dogry... 👍👍👍👍👍
Archi
13 Awgust 2022
Çüň manyly...👍

Çüň manyly...👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.