atawatan
20.01.2023 12:26
Täsin we gyzykly wakalar💡😯
📌Bellik: Her täsin wakalaryñ özüniñ suratlary hem bardyr, bir az garaşsañyz çykar. Görüp bilersiñiz👍🏻
🔴1) Toýda kesmeklik üçin süýjülik tortyny almana pullary ýok bolany üçin bu iki ýaş juwan mesga çalynan çörekden tort ýasapdyrlar. Köp adam üçin gülkünçdir ýöne karz edip tort alanyñdan barja zadyña şükür etseñ dogry bolar.
=====================================
=====================================
🔴2) Kemal Sunal ölmezinden bir gün öñ iñ ýakyn dosduna düýşünde özüniñ ölendigini aýdypdyr.
=====================================
=====================================
🔴3) Arktika🏔️⛰️🌬️
Ýüz ýyl mundan öñ we şu wagtky suraty.
=====================================
=====================================
🔴4) Bu adam 1871-nji ýylda ýangyn sebäpli batan gämi heläkçiliginde gudrat bilen diri galýar. Şol günden soñ onda gorky galýar we gämä münmeýär. 41 ýyldan soñ ahyry gorkusyny ýeñip geçip deñiz üsti bilen syýahata gitmek üçin Titanic gämisine blet alýar. Ýöne bu gezek onuñ bu syýahaty pajygaly ölüm bilen gutarýar.
=====================================
=====================================
🔴5) Bu gowaga girýän adama näme bolýandygy belli däl. Amerkada tapylan bu gowakda gaty kän ençeme jesetler we süñkler tapyldy. 1977-nji ýylda bir 51 ýaşyndaky aýal bu gowaga giripdir, yzyna çykaranlarynda bolsa bu aýalyñ dili tutulypdyr. Hiç hili geplänokdy käşgä birini görüp dili tutulan ýalydy. Ol aýal käte bir düşnüksiz zat samraýardy. Käte "ANA OL GELÝÄR. OL BÄRDE. OL MAÑA SERETÝÄR" ýaly sözleri hem diýýär eken. Köp adamlaryñ aýtmagyna görä bu aýal bir gaty erbet düşnüksiz gorkunç sypatly adamy görüpdir we gorkunçlygyndan ýaña hiç ýeri ysmaz bolupdyr.
Bu dogrumyka, ony ömrüne ysmaz ýaly etjek gorkunç zat nämekä?
=====================================
=====================================
🔴6) Dünýäde iñ akylly haýwan bolan Koko atly gorilla adamlar bilen el hereketleriniñ üsti bilen aýtjak zatlaryny aýdyp düşünşip bilýär. Ol Koko gorillasy pişik bilen gepleşýär we ol hereketleri bilen gepleşenlerini adamlara ýollaýar. "Meniñ adym Koko 35 ýaşymda pişik bilen gürleşdim adamlardan nä razydygyny aýtdy adamlar pişigi depýärler, kowýarlar, men adamyny gowy görüp aýagyna süýkenýän olar meniñ adama bolan söýgümi bilenoklar meni kowýarlar, adamlar bize gün berenok tebigatam adamlara gün berenok men adamlardan örän öýkeli diyip pişik Koko ýüzlendi.
=====================================
=====================================
🔴7) Amerikaly bir adam, araplaryñ hapysa bolandygyny aýtýar! "Bir musulman adam ondan soraýar: Günde näçe sapar ýüzüñizi ýuwýarsyñyz? Ol jogap berdi: Iki sapar, irden we agşam ýuwýaryn! diydi. Musulman adam: Biz musulmanlar aýagymyzy günde 5 sapar ýuwýarys, biziñ aýagymyz siziñ ýüzüñizden arassa" diyip jogap berdi👍🏻📿🕋🔥
=====================================
=====================================
🔴8) Men çilim çekemok, ýöne hemişe ýanymda kükürt göterýän. Haçanda günä iş etsem kükürdi ýakyp elime basýan we öz - özüme diýýan.
- Ey Ali ! Sen şujagaz oda çydap bilenok, dowzah oduna nädip çydajak!?...
=====================================
=====================================
🔴9) Şu suratdakylary okañ, size uly kömek we peýda getirip biler we dostlaryñyz bilen hem paýlaşyñ
=====================================
=====================================
🔴10) Allahyñ gudraty bilen bag ýerden dälde ýokarky aýlaw haýatdan baş aşak ösüp başlady. SUBHANALLAH🔴 Allah islese bolmajak zat ýokdyr!!!
=====================================
=====================================
Şular ýaly gyzykly postlaryñ dowamy üçin like👍🏻👍🏻👍🏻 basyñ!!!
29
394
atawatan
18.01.2023 14:18
Sanjymlar hakynda 11 gyzykly maglumat💉
Agzalar bu post siziñ göwnüñize ýarasa ýekeje like👍🏻basyñ, siz şeýle etseñiz biz begeneris😁...
Täsinliklerem bar soñunda siz diñe like👍🏻goýuñ.
Gowy we gyzykly postlar bizden, laýklar👍🏻👍🏻👍🏻 bolsa sizden...😁
Sanjymlar hakynda 11 gyzykly maglumat
Sanjymlar däp bolan lukmançylyk çäresine öwrüldi. Biz olaryň başdaky ýüze çykarylmagy we ulanylyşy bilen bagly täsin zatlar barada seýrek oýlanýarys. Sanjymlar barada 11 sany gyzykly maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris:
1)))Soňky 60 ýylyň içinde sanjymlaryň netijesinde mama keseli düýbünden ýitirim boldy we poliomelit keseli bolsa ýitirim bolmaga ýakyn geldi.
2)))Sanjymlar her ýylda 2,5 milliondan gowrak ölümiň öňüni alýar.
3)))Täze we heniz ýeterlik ulanylmaýan sanjymlar halas edilen adamlaryň sanyny her ýylda 4 milliona çenli ýetirip biler.
4)))Käbir ene-atalaryň ynanýandygyna garamazdan, ylmy barlaglar heniz hem sanjymlar bilen autizmiň arasynda hiç hili baglanyşygy ýüze çykarmady.
5)))Sanjymlar «toparlaýyn immunitet» döredýär. Bu diýildigi, 90%-i sanjymlanan jemgyýetiň içinde ýaşaýan beýleki sanjym almadyk adamlaryň (allergiýaly, neslegeçiji kesellei we ş.m.) kesellemek howpy pesdir. Sebäbi töweregindäki sanjym alan adamlar kesellere garşy goragly bolýar.
6)))Sanjymlar 2000-nji ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda dünýä boýunça gyzamykdan aradan çykmagyň derejesini 78% peseltmäge kömek etdi.
7)))Rotawirus we pnewmoniýa kesellerinden gorap bilýän sanjymlar bar. Bu iki keselden her ýylda bäş ýaşa çenli çagalaryň 3 milliondan gowragy aradan çykýar.
8)))CDC-niň habar berşi ýaly, 1988-nji ýylda gemofil taýajygy — Haemophilus influenza keseline garşy sanjymyň girizileninden bäri, bu kesel zerarly ýüze çykýan bakterial meningit bilen kesellemegiň derejesi 99% aşaklady. Bu bakteria köp sanly çaga ýokanç kesellerini, şol sanda meningit, bakteriemiýa, septiki artrit, pnewmoniýa, traheobronhit, orta otit, konýunktiwit, sinusit we ýiti apiglottit döredýär. Bu ýokançlar endokardit we peşew ýollarynyň ýokanjy ýaly uly adamlarda hem ýüze çykyp bilýär.
9)))30 ýyl iş alnyp barlanyndan soňra, 2019-njy ýylyň aprelinde Afrikada ilkinji gezek gyzzyrma garşy sanjym peýdalanyldy. Kliniki synaglaryň dowamynda ýüze çykarylyşy ýaly, bu sanjym gyzzyrma keseliniň 10 ýagdaýdan 4-siniň, şol sanda jan üçin howply bolan gyzzyrmanyň agyr ýagdaýynyň 10-syndan 3-siniň öňüni alyp bilýär. Bäş ýaşa çenli çagalarda gyzzyrmanyň howpy has ýokarydyr. Tutuş dünýä boýunça gyzzyrma keselinden her ýylda 435 müň adam aradan çykýar, olaryň aglabasy çagalardyr.
10)))Sanjymlaryň ählisi şpris arkaly inýeksiýa edilip girizilmeýär. Käbir sanjymlar peroral ýagdaýda girizilýär — dermanyň birnäçe damjasy agza damdyrylýar; intranazal (ýa-da aerozol) — sanjymyň birnäçesi damjasy burna damdyrylýar ýa-da howa sepip ysgadylýar; deri içi we derasty ýagdaýda girizilýär.
11)))Sanjymlar arkaly öňi alynýan keselleriň aglabasy ösen döwletlerde indi ýaýramaýar. Muňa garamazdan, eger-de sanjym alynmasy bes edilse, kesellänleriň sany tiz wagtda onlarça ýa-da ýüz müňlerçe görkezijä ýetip biler.
👁️🗨️Agzalar bu sanjym baradaky maglumatlar siziñ göwnüñize ýaran bolsa like👍🏻basyñ hökman, kyn dälä🙄
=====================================
=====================================
🔴🔥Agzalar indi bolsa täsinlikler, hany laýklaryñyzy goýan bolsañyz başladyk.
Täsinlikler💡bölüm_8🔥🔥🔥😯
43]🔴Taýland döwletiniñ döwlet gimni rus kompozitory tarapyndan ýazylandyr.
44]🟠Angliýadaky ähli Guwlar Şa aýalyñ emlägine degişlidir.
45]🟡Pandanyñ çagasy dogulanynda onuñ çagasynyñ agramy syçanyñkydan hem ýeñildir.
46]🟢Fransuz dili 600 ýyldan gowrak wagt bäri Angliýanyñ resmi dili bolup gelýär.
47]🔵Dünýäniñ iñ uly ýurdy Russiýa, 17,125 million km kwadrat ýa-da dünýädäki ähli ýerleriniñ sekizden bir bölegini eýeleýär.
48]🟣Soltan Kösen Ginnesiñ rekortlar kitabyna görä dünýädäki iñ uzyn diri adam hasaplanýar. Boýy 2 metr 51 santimetr
🔴🟠🟡🟢🔵🟣
Bu täsinlikleri halan bolsañyz ýekeje like👍🏻basyñ agzalar. Bize siziñ laýklaryñyz👍🏻👍🏻👍🏻zerur, gysganmañ kyn dälä🙄
🟣🔵🟢🟡🟠🔴
15
247
atawatan
17.01.2023 15:40
Manyly sözler. Ýaltanmanjyk okañ, belki sizde örän oñat täsir galdyryp biler.
Gowy we gyzykly postlar bizden, laýklar👍🏻👍🏻👍🏻bolsa sizden😁👍🏻👍🏻👍🏻
👁️🗨️Bir az garaşsañyz suratlary hem çykar, görüp bilersiñiz. Sebäbi bu manyly sözler suratlary bilen has manyly.
=====================================
=====================================
1) Gidene ýol bermegi başaryñ,
goý gelenler aýakda garaşmasyn.
=====================================
=====================================
2) Kimdir birlerine laýyk bolmak üçin özüñe zeper ýetirme!
=====================================
=====================================
3) Gowy we manyly bir kitap señ durmuşyñy üýtgedip biler.
=====================================
=====================================
4) Yşyk hökmünde özüni gören ýagty saçmaz💡
=====================================
=====================================
5) Üstünligiñ seni tapmasy üçin garaşma, özüñ tijende al.
=====================================
=====================================
6) Adamlaryñ durmuşynda şeýle bir ýer ediniñ, goý gideñizden soñ ýeriñiz uly bir boşluk bolup galsyn!!!
=====================================
=====================================
7) Mylaýymlygymy, hoşniýetliligimi ejizlik bilen çalyşmañ.
=====================================
=====================================
8) Gülýärkäñ ýitirenleriñi, aglap gazanyp bilmersiñ.
=====================================
=====================================
9) Käbir adamlar gepi aýdañda däl, 1 , 2 udar bereñde düşünýäler.
=====================================
=====================================
10) "Ynjytsalaram ynjytma" garşylyk görkezmek, garşyñdakydan tapawutly däldigini görkezmekdir diñe!!!
=====================================
=====================================
11) Hiç wagt daş görnüşe seretmäñ, göräýmäne duzam şekere meñzeýändir.
=====================================
Agzalar bu manyly sözleri halan bolsañyz ýekeje like👍🏻gysganmañ!!!
=====================================
=====================================
Täsinlikler💡bölüm_7🔥🔥🔥🤔
37]🔴Ynsanyñ ýüregi, gany dördünji gata (etaža) çykarmak üçin ýeterlik basyş döredýär.
38]🟠Adamyñ gözi 10 million reñki saýgaryp bilýär.
39]🟡Çaga doglanda onuñ bedeninde 300 töweregi süñk bolýar. Ulalansoñ olaryñ diñe 206 sanysy galýar.
40]🟢Adamyñ ýüregi göwrümi onyñ ýumrugynyñ ulylygyna deñdir. Uly adamyñ ýüreginiñ agramy 220 - 260 grama deñdir.
41]🔵1789-njy ýylda Jorj Waşington bir agyzdan ABŞ-nyñ prezidenti saýlanýar. Şeýlelikde dünýäniñ ilkinji prezidenti bolýar.
42]🟣Dünýä boýunça iñ köp ilatly ýurt Hytaýdyr. Ýene bir ýyldan Hindistan bolmagyna garaşylýar.
🔴🟠🟡🟢🔵🟣
Bu täsinlikler hem siziñ göwnüñize ýaran bolsa ýekeje like👍🏻goýuñ agzalar!!!
Diñe like👍🏻agzalar diñe like👍🏻. Onam gysganmañ kyn dala ýeke like👍🏻basyp göýbermek...
16
198
atawatan
16.01.2023 18:56
Täsinlikler we gyzykly maglumatlar💡
Ýer ýüzündäki jandarlaryň içinde garynjanyň beýnisi göwresine garanyňda iň ulsudyr.
Baýkal kölündäki suw Demirgazyk Amerikanyň iň uly köllerindäki suwlaryň bilelikde alnandakysyndan hem köpdür, özi-de dünýädäki süýji suwuň 5-den 1-i şu köldedir.
Antarktidanyň buzunyň galyňlygynyň 4 kilometre ýetýän ýerleri hem bar.
Ewerest belentliginiň depesi millionlarça ýyl ozal deňziň düýbünde emele gelen daş böleklerinden ybarat.
Hameleon bir wagtyň özünde bir gözi bilen öňüne, beýleki gözi bilen yzyna seredip bilýär.
Dünýäde iň kiçi we ýöräp bilmeýän guş hasaplanýan kolibri göwresini şol bir durşunda saklap, aşak-ýokarlygyna, gapdallygyna, hatda yzlygyna hem uçup bilýär.
Ewerestiň depesine çykan adam troposferanyň ýokarky çägine galtaşar.
Dünýäde her sekuntda 100 ýyldyrym çakýar.
Adaty körsyçan berdaşly gazyjydyr. Ol bir sagatda 15 metr, bir gijede 76 metr ýer köwýär.
Güýzüň ahyrky aýynda gök gürlese, gyş garly bolar.
Garlawaçlar suwuň ýüzünden jürgüldäp uçsa, howa bulaşar.
Güýzde ilkinji düşen gyraw uzak wagtlap ýatsa, gyş garly bolar.
Güýzde durnalar uçup gidensoň, iki hepdeden soň sowuk düşer.
Gün ýaşanda şapak gyzarsa, ertesi howa gowy bolar, daňdan şapak gyzarsa, ýakymsyz howa bolar.
Gök kitiň sesi atylan agyr topuň sesinden ýa-da göge galýan raketanyň gürrüldisinden güýçlüdir.
Meýdany boýunça Kanada Hytaýdan, Hytaý bolsa ABŞ-dan uludyr.
Eskimoslaryň dilinde gary aňladýan 20-den gowrak söz bar, 40-dan gowrak söz bolsa olaryň dilinde garyň görnüşlerini aňladýar.
🔴🟠🟡🟢🔵🟣
Halan bolsañyz like👍🏻 basyñ...
16
230
atawatan
15.01.2023 13:42
Metjitler barada käbir gyzykly maglumatlar. Dünýädäki iñ uly 5 metjit🕌
Bir az garaşsañyz suratlary hem çykar, görüp bilersiñiz.
=====================================
=====================================
5)))_Ululygy boýunça dünýäde 5 - nji ýerde durýan Hindistanyñ paýtagtynda gurlan hindi metjidi, ýagny Jama Masjidi bar.
🕌Oña ýanaşyk ýerlere 200 müñ adam baryp ybadat edip bilýär.
🕌Metjidiñ özüne, ýagny içine 25 müñ adam ýerleşýär.
🕌Metjit XVII asyrda mermerden we gum daşlaryndan gurlupdyr.
🕌Binanyñ günorta, demirgazyk we gündogar derwezelerinden girip bolýar.
🕌Metjit dini böleklerden başgada binagärlik we taryh taýdan möhüm ähmiýetlere eýe.
=====================================
=====================================
4)))_Ululygy boýunça sanawyñ 4 - nji orunynda Saud Arabystanyñ şyhlarynyñ tagallasy bilen gurlan Yslamabatdaky Faýsal metjidi bar.
🕌Bu metjidiñ musulmanlar üçin adaty bolmadyk binagärliginiñ - beduin çadyrynyñ görnüşi bar.
🕌Gurluşygyñ başynda metjidiñ peýda bolmagy köp raýatlaryñ gaharyny getirdi, ýöne bina gurlanda ähli nägilelikler ýitdi.
🕌Dünýädäki iñ uly metjitleriñ biri bolan bul Faýsal metjidine bir bada 300 müñ adam ýerleşip ybadat edip bilýär
=====================================
=====================================
3)))_Ululygy boýunça sanawda 3 - nji ýerde durýan Eýranyñ Ymam Reza metjidi bar.
🕌Bu metjit diñe bir uly metjit däl, eýsem täsirli kitaphanadyr.
🕌Toplumyñ içinde meşhur ymamlaryñ birnäçe metjitleri we mazarlary bar.
🕌Aslynda bu metjit 15 - nji asyrda ölen Ymam Rezanyñ mazarlygynyñ üstünden gurlupdyr we şondan bäri ulaldylyp gelinýär.
🕌Şeýlelikde bu Ymam Reza metjididinde 700 müñden gowrak namazhon adamlar bir bada ýerleşip bilýär.
=====================================
=====================================
__
2)))_Ululygy boýunça dünýäde 2 - nji ýeri eýeleýän metjit Al-Nabawi pygamberiñ metjididir.
🕌Rowaýata görä, bu metjidiñ gurluşygy 622 - nji ýylda Muhammet Pygamber dünýeden öteninden soñ başlapdyr we ol bu ýerde jaýlanypdyr.
🕌Bu metjit özünde bir bada 1 million adam ýerleşdirip bilýär.
🕌Bu ýerde her gün takmynan 400 müñ namazhon namaz okaýar we ýene 200 müñ adam ýakyn meýdanda.
🕌Baýramçylyk günleri bu ýere gelýän adamlaryñ sany 1 milliondan hem geçýär.
=====================================
=====================================
1)))_Ýer ýüzünde iñ uly metjitleriñ arasynda 1 - nji oruny Saud Arabystanyñ Al-Beyt metjidi eýeleýär, ýagny Käbe🕋
🕌Bu metjit mekgede guruldy we ortarasynda esasy musulman ybadathanasy bolan Käbe saklanýar. Musulmanlar ybadathanany guranlaryñ perişdelerdigine ynanýarlar.
🕌638 - nji ýyldan başlap, binanyñ ýerleşişi, daşky görnüşi birnäçe gezek üýtgedi we metjidiñ kuwwaty 1 million adama, jemi 2 million adama ýetýänçä kem-kemden giñeldi. Häzirki wagtdada bu dini toplum giñelmegini dowam etdirýär we birnäçe gurluşyk işleri amala aşyrylýar.
🕌Bu Al-Beyt metjidinde adamlara wagyzlar urdu, arap we iñlis dillerinde berilýär.
🕌Mekge ýer ýüzündäki iñ gymmat ýer hökmünde ykrar edildi - şäher merkezinde 1metr kw bahasy 100 müñ dollar.
Halan bolsanyz like👍🏻
24
302