Sanjymlar hakynda 11 gyzykly maglumat💉
Agzalar bu post siziñ göwnüñize ýarasa ýekeje like👍🏻basyñ, siz şeýle etseñiz biz begeneris😁...
Täsinliklerem bar soñunda siz diñe like👍🏻goýuñ.
Gowy we gyzykly postlar bizden, laýklar👍🏻👍🏻👍🏻 bolsa sizden...😁
Sanjymlar hakynda 11 gyzykly maglumat
Sanjymlar däp bolan lukmançylyk çäresine öwrüldi. Biz olaryň başdaky ýüze çykarylmagy we ulanylyşy bilen bagly täsin zatlar barada seýrek oýlanýarys. Sanjymlar barada 11 sany gyzykly maglumaty dykgatyňyza ýetirýäris:
1)))Soňky 60 ýylyň içinde sanjymlaryň netijesinde mama keseli düýbünden ýitirim boldy we poliomelit keseli bolsa ýitirim bolmaga ýakyn geldi.
2)))Sanjymlar her ýylda 2,5 milliondan gowrak ölümiň öňüni alýar.
3)))Täze we heniz ýeterlik ulanylmaýan sanjymlar halas edilen adamlaryň sanyny her ýylda 4 milliona çenli ýetirip biler.
4)))Käbir ene-atalaryň ynanýandygyna garamazdan, ylmy barlaglar heniz hem sanjymlar bilen autizmiň arasynda hiç hili baglanyşygy ýüze çykarmady.
5)))Sanjymlar «toparlaýyn immunitet» döredýär. Bu diýildigi, 90%-i sanjymlanan jemgyýetiň içinde ýaşaýan beýleki sanjym almadyk adamlaryň (allergiýaly, neslegeçiji kesellei we ş.m.) kesellemek howpy pesdir. Sebäbi töweregindäki sanjym alan adamlar kesellere garşy goragly bolýar.
6)))Sanjymlar 2000-nji ýyldan 2008-nji ýyl aralygynda dünýä boýunça gyzamykdan aradan çykmagyň derejesini 78% peseltmäge kömek etdi.
7)))Rotawirus we pnewmoniýa kesellerinden gorap bilýän sanjymlar bar. Bu iki keselden her ýylda bäş ýaşa çenli çagalaryň 3 milliondan gowragy aradan çykýar.
8)))CDC-niň habar berşi ýaly, 1988-nji ýylda gemofil taýajygy — Haemophilus influenza keseline garşy sanjymyň girizileninden bäri, bu kesel zerarly ýüze çykýan bakterial meningit bilen kesellemegiň derejesi 99% aşaklady. Bu bakteria köp sanly çaga ýokanç kesellerini, şol sanda meningit, bakteriemiýa, septiki artrit, pnewmoniýa, traheobronhit, orta otit, konýunktiwit, sinusit we ýiti apiglottit döredýär. Bu ýokançlar endokardit we peşew ýollarynyň ýokanjy ýaly uly adamlarda hem ýüze çykyp bilýär.
9)))30 ýyl iş alnyp barlanyndan soňra, 2019-njy ýylyň aprelinde Afrikada ilkinji gezek gyzzyrma garşy sanjym peýdalanyldy. Kliniki synaglaryň dowamynda ýüze çykarylyşy ýaly, bu sanjym gyzzyrma keseliniň 10 ýagdaýdan 4-siniň, şol sanda jan üçin howply bolan gyzzyrmanyň agyr ýagdaýynyň 10-syndan 3-siniň öňüni alyp bilýär. Bäş ýaşa çenli çagalarda gyzzyrmanyň howpy has ýokarydyr. Tutuş dünýä boýunça gyzzyrma keselinden her ýylda 435 müň adam aradan çykýar, olaryň aglabasy çagalardyr.
10)))Sanjymlaryň ählisi şpris arkaly inýeksiýa edilip girizilmeýär. Käbir sanjymlar peroral ýagdaýda girizilýär — dermanyň birnäçe damjasy agza damdyrylýar; intranazal (ýa-da aerozol) — sanjymyň birnäçesi damjasy burna damdyrylýar ýa-da howa sepip ysgadylýar; deri içi we derasty ýagdaýda girizilýär.
11)))Sanjymlar arkaly öňi alynýan keselleriň aglabasy ösen döwletlerde indi ýaýramaýar. Muňa garamazdan, eger-de sanjym alynmasy bes edilse, kesellänleriň sany tiz wagtda onlarça ýa-da ýüz müňlerçe görkezijä ýetip biler.
👁️🗨️Agzalar bu sanjym baradaky maglumatlar siziñ göwnüñize ýaran bolsa like👍🏻basyñ hökman, kyn dälä🙄
=====================================
=====================================
🔴🔥Agzalar indi bolsa täsinlikler, hany laýklaryñyzy goýan bolsañyz başladyk.
Täsinlikler💡bölüm_8🔥🔥🔥😯
43]🔴Taýland döwletiniñ döwlet gimni rus kompozitory tarapyndan ýazylandyr.
44]🟠Angliýadaky ähli Guwlar Şa aýalyñ emlägine degişlidir.
45]🟡Pandanyñ çagasy dogulanynda onuñ çagasynyñ agramy syçanyñkydan hem ýeñildir.
46]🟢Fransuz dili 600 ýyldan gowrak wagt bäri Angliýanyñ resmi dili bolup gelýär.
47]🔵Dünýäniñ iñ uly ýurdy Russiýa, 17,125 million km kwadrat ýa-da dünýädäki ähli ýerleriniñ sekizden bir bölegini eýeleýär.
48]🟣Soltan Kösen Ginnesiñ rekortlar kitabyna görä dünýädäki iñ uzyn diri adam hasaplanýar. Boýy 2 metr 51 santimetr
🔴🟠🟡🟢🔵🟣
Bu täsinlikleri halan bolsañyz ýekeje like👍🏻basyñ agzalar. Bize siziñ laýklaryñyz👍🏻👍🏻👍🏻zerur, gysganmañ kyn dälä🙄
🟣🔵🟢🟡🟠🔴