atashka_007
03.09.2023 23:52

Bir gün çyn bolsa gijeki düşler,

Kalplara yaz gelse sowulyp gyşlar.

Bolup geçen ähli zady unudyp

Bagyslansa ýönekeýje ýalňyşlar.

14
40
atashka_007
28.08.2023 20:04

Sensiz bolmaz eken aýly gijeler,

Aýam öz nuruny saçyp dursa-da,

Wagt diýlen zadam zalym durmuşda,

Bize dözmän aýak çekip dursady.


Gyşyň gary ýaly doňsam-da käwagt,

Baharyň mylaýym şemaly bolup,

Birden ýüregimiň gapysyn kakyp,

Begendirseň, erärdim men gar bolup.


Güýzüň sarylygy ornap bedenme,

Kem-kemden umydym düşüp dur gaýyp,

Sensiz gül açmagam, sensiz güllemek,

Hamala meň üçin ullakan aýyp.


Görýäňmi, güýzüňem sessiz gijesi,

Ähli zat ýerinde: Aý hem ýyldyzlar,

Hasabym däl nesibäme ýazylan,

Ykbalymyň maňa çeken bijesi.


Durmuşyň meň üçin niýetlän güni,

Ynanýaryn, bagtym şadyýan guş deý,

Mährem owaz bilen aýdymyn aýdar,

Şol wagt yzda galar ykbalyň oýny.

15
57
atashka_007
27.08.2023 11:40
Frane Selak, ölüm bilen ýygy-ýygydan duşuşmagy bilen tanalýan horwatiýaly adam. Dünýädäki iň bagtly ýa-da iň bagtsyz adam hökmünde häsiýetlendirilýär. Selagyň ölümine ýakyn wakalary 1962-nji ýylyň ýanwar aýynda, sowuk, ýagyşly kanýonda otla münüp otly gaçyp, derýa gaçanda başlandy.
19
158
atashka_007
26.08.2023 08:42

Söýgim saklap ýüregimiň töründe,


Gujagňa dolaýyn bagra bas eje.


Elleriň yzy bar şamar örümde,


Serhoş boldum mähiriňden tas eje.




Geçmişimde, geljegimde, ertämde,


Saçym çöşlän şemal ýüzüm ýelpände,


Hyýallarym gujagyňda entände,


Şonda özüm bagtly duýýan has eje.




Azan sesi ýaň berip dur äleme,


Aý görküni saljak bolýar tärimden,


Ýetmek üçin arzuwlanan kärime,


Ýollarymyz biraz aradaş eje.




Roýuň görüp ýene gezmäge geldim,


Teşne kalbym mähre ezmäge geldim,


Çagalyk tapmaçam çözmäge geldim,


Gündeligem, durmuşymam bäş, eje!




Gujagyň aç gujagyňda gowşaýyn,


Bagryňa bas ýaňagyňdan ogşaýyn,


Ýene lälik günlerime ogşaýyn,


Bir çene baranam bolsa ýaş, eje!




Endigim, terbiýäm goýup bolmaýan,


Mahriňi küýsedim doýup bolmaýan,


Söýgüňe batyrlan temmiň küýseýän,


Özgeleň igenji göýä daş, eje!




Senli günlerimde ýaşaýan erkin,


Gurupsyň biz üçin jennetiň berkin,


Binesip bolmasyn bu bagtdan herkim,


Gojalaram ene üçin ýaş, eje!


Bibi TAGANOWA

14
301
atashka_007
25.08.2023 09:46

Men biraz öñkimden güýçlendim, kaka!

Düşündim durmuşyñ añsat dälligin,

Sabrym bilen darkaş eden duýgylañ,

Kötelli ýollarda agsatýanlygyn.


Aram tapman gezenimde käteler,

Dar ýodadan ýöräp, giñ-giñ köçede,

Haly bolup düşelende ýalanlar,

Oturmagy endik etdim keçede.


Ýygy-ýygy gara basýar gijeler,

Rahatlygym bilen gidemde uka,

Ykbalyñ oýnundan ýadadym, ýöne,

Men biraz öñkimden güýçlendim kaka!.


Baýram BEJIDOW.

25
148
atashka_007
24.08.2023 21:57

Gündiz gumra bolup haram işlere.

Agşam tarawada durany gördüm

Garyp ölse bilmedik bolup

Baý ölse kowulynça durany gördüm.


Ömrünü geçirip keýpi sapada

Bu gün Jumadyrow diyeni gördüm

Takwasyran bolp tahya Atyp kellä

Ýetimiň hakyny iýeni gördüm.

24
195
atashka_007
22.08.2023 08:38

Doslar Arabystanda geň zatlar bolya internetda klibi çekilip ýayradylan çölün icinde atylyp cykan suw Hemme kişini gorkuzýar.Bu bir kyýamat alamaty bolup bilermi.Pygamberimiz bir hadysy şerifinde şeyle diyyar:"Arap toprakları çeşmelerin akyp duran yap ýaşyl meýdanlaryna öwrulmese kyýamat gopmaz".Elbetde Hemme zadyn gowusyny Alla tagala bilýar.Ýöne bu Peygamberimizin 1400 ýyl Mundan ozalky aydan wakasy bolup bilermi siz name diyyaniz doslar jogaplarynyz aýdaýyň.

15
351
atashka_007
21.08.2023 23:05

Dünýäde iň uly it hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna giren Freddi atly nemes iti, sekiz ýarym ýaşynda aradan çykdy diýip, “CNN” habar gullugy habar berýär. Freddi öz eýesi Kler Stounmen bilen Beýik Britaniýada ýaşaýardy.


Onuň boýy 103,5 santimetre barabar bolupdyr. Haçan-da ol yzky aýaklarynda durup, dikligine galanda onda onuň boýy 2,26 santimetre ýetýär. Doglanda Freddi örän kiçi boýly doglupdyr. Onuň boýy doglandan 3 aý soňra ösmäge başlapdyr. 2016-njy ýylda bolsa Ginnesiň rekordlar kitabynyň wekilleri, Freddiniň rekord derejedäki boýuny hasaba alypdyrlar. Nemes itleriň köpüsi 8 ýa-da 10 ýaşa çenli ýaşaýarlar.


“Freddi hemmämize şatlyk paýlady. Biz ony küýsäris. Şeýle hem biz onuň taryhy bilen tutuş dünýä paýlaşmaga mümkinçilik dörändigine begenýäris” diýip, Ginnesiň rekordlar kitabynyň redaksiýasy özüniň gynanç hatynda nygtap geçýär.

16
89
atashka_007
17.08.2023 01:40

Subway surfers oynuny kopumiz bilyas oynayandyrys.Bu oýnunam gyzykly maglumaty ba. Köçe medeniýeti bilen ylhamlanan oýun

Şeýle-de bolsa, ölen çaganyň wakasy aýdylmaýar. Metro Surfers oýny, otly ýolunda ylgap altyn ýygnamaga synanyşanda garawuldan we garawul itinden gaçmagyň ýerine ýetirilişine esaslanýar. Ömrüni ýitiren oglanjygyň kyssasy, bu oýun senarisinden alnan bolmagy mümkin.

17
273
atashka_007
05.08.2023 17:36

Garpyz tomus paslynda özüne çekiji tagamy bilen beýleki miwelerden tapawutlanýar. Türkiýeli iýmit we berhiz hünärmeni Nur Ejem Baýdy garpyzyň sarp ediliş wagtyndaky käbir düzgünleriň berjaý edilmelidigini, şeýle-de, garpyzyň süýji keseli we böwrek üçin çynlakaý howp döredip biljekdigini duýurýar. Hünärmen bu babatda möhüm duýduryşlary we teklipleri berdi:


Gije iýmäň! Tomus aýlarynda nahardan soň iýilýän garpyz, metabolizma agram salýar. Şonuň üçin beýleki miweleri, esasanam tomus möwsüminiň aýrylmaz iýmiti bolan garpyzy, agşam däl-de, gündiz iýmäge üns beriň. Çünki gije iýilýän miweler bagyr we süýji keseli ýaly keselleriň döremek howpuny ýokarlandyrýar.


Gabygyň ýanyndaky ak bölegi taşlamaň! Gabyga ýakyn bolan garpyzyň ak bölegi beden üçin diýseň peýdaly bolup, onuň düzüminde köp mukdarda bioaktiw maddalar bardyr. Esasanam ýürek-damar saglygyny goramakda täsirli aminokislotaly sitrulini öz içine alýandygy sebäpli, ýürege ýakymly aýratynlygy özünde saklaýar. Şol sebäpli garpyzy kesip, ak bölekleri öz içine alýan görnüşde kesip, peýdasyny has-da artdyryp bilersiňiz.


Garpyzy peýnir bilen iýiň! Garpyzyň diňe özi iýilende, gysga wagtdan soň ajykmagyňyza sebäp bolup biler. Onuň öňüni almak üçin garpyzy peýnir bilen iýip bilersiňiz. Sagdyn we orta agramly adamlar wagtal-wagtal 2 dilim garpyz we 2-3 dilim peýnir bilen 60-90 grama laýyk nahar iýip bilerler. Şeýle-de bolsa, ony hemişelik endik etmekden saklanmalydyrlar.


Kesmezden ozal elmydama ýuwuň! Garpyzyň gabygyndaky palçyk we tozan ýaly galyndylar kesilende garpyzyň iýilýän böleklerine pyçak arkaly bakteriýalar geçip biler. Bu galyndylardan dynmak üçin garpyzy kesmeziňizden ozal garpyzy suwuň aşagynda goýup gowy edip ýuwuň. Ýuwmak, gabygyň üstündäki kesel döredýän bakteriýalardan arassalanmagy üpjün edip bilmez. Şonuň üçin garpyzy kesmezden ozal sirke suwuna batyrmak hem maslahat berilýär.

27
275