Söýgim saklap ýüregimiň töründe,
Gujagňa dolaýyn bagra bas eje.
Elleriň yzy bar şamar örümde,
Serhoş boldum mähiriňden tas eje.
Geçmişimde, geljegimde, ertämde,
Saçym çöşlän şemal ýüzüm ýelpände,
Hyýallarym gujagyňda entände,
Şonda özüm bagtly duýýan has eje.
Azan sesi ýaň berip dur äleme,
Aý görküni saljak bolýar tärimden,
Ýetmek üçin arzuwlanan kärime,
Ýollarymyz biraz aradaş eje.
Roýuň görüp ýene gezmäge geldim,
Teşne kalbym mähre ezmäge geldim,
Çagalyk tapmaçam çözmäge geldim,
Gündeligem, durmuşymam bäş, eje!
Gujagyň aç gujagyňda gowşaýyn,
Bagryňa bas ýaňagyňdan ogşaýyn,
Ýene lälik günlerime ogşaýyn,
Bir çene baranam bolsa ýaş, eje!
Endigim, terbiýäm goýup bolmaýan,
Mahriňi küýsedim doýup bolmaýan,
Söýgüňe batyrlan temmiň küýseýän,
Özgeleň igenji göýä daş, eje!
Senli günlerimde ýaşaýan erkin,
Gurupsyň biz üçin jennetiň berkin,
Binesip bolmasyn bu bagtdan herkim,
Gojalaram ene üçin ýaş, eje!
Bibi TAGANOWA