atakulyyewa_humay
23.02.2023 17:02
Gadymkylar ,,Okumyşlyk aýallary azdyrýar" diýipdirler. Emma mesele başga zatda. Sowatly adamlar hemmeleriň gözüniň alnynda bolany üçin onuň islendik kemçiligi ile äşgär görünýär.




Çzan ÇAO
XVII asyr hytaý filosofy


Danalardan dürdäneler...
16
306
atakulyyewa_humay
22.02.2023 23:12
Çary Aşyr ,,Kadyry", ,,Gökýaýlanyň ýigitlerini alyp", ,,Yzçy" bilen ,,Ekizleriň" hem-de ,,Garry serdaryň" gözlegine çykdy.
***
Aman Kekilow ,,Watan" hakynda joşup, ,,Öňe" nazarlaryny dikdi-de, ,,Geçen günlerini" ýatlap, duýgularyň näzigi ,,Söýgüden" söhbet açdy.
***
Beki Seýtäkow ,,Ýaşlyk" ýyllaryny ýatlap, ,,Bagdagülüň" ykbalyny ,,Joralara", ,,Söýgi hasratyny", ,,Gyz salgydynyň" pidalaryny bolsa, ,,Doganlara", ,,Bekmyrat Durdyýewe" hem-de ,,Tekepbir gyza" aýdyp berdi
***
Gurbandurdy Gurbansähedow ,,Çakylyk" ýollan ,,Mähriban adam" ,,Toýly Mergenlere" ,,Suraýy", ,,Meňlini", ,,Tawusam" alyp gitdi.



Söz oýnatmalary...
20
122
atakulyyewa_humay
22.11.2022 08:35
Janly tebigat

Gaplaň pişikler maşgalasyna girýär. Ol örän ýyndam haýwan. Ol ylganda, tizligi sagatda 120 km barabar bolýar.

Janly tebigat...


Goňur aýy gyş geldigi, köwekdir gowaga girip, ýaz çykýança ukuda ýatýar. Şol döwürde ol arly tomus bedeninde ýygnan ýagynyň hasabyna ýaşaýar.




Bal arysynyň 5 sany gözi bar. Oňa derek uzynlygy otuz metrden geçýän Kitiň bir gözi bolup, onuň giňligi 12 santimetrjikdir.




Pyşdyla iň haýal ýöreýän haýwan diýýärler. Emma ol juda beyle-de däl ekeni. Ç.Darwin ýörite synag edip, onuň tizligini hasaplapdyr. Pyşdyl bir sagadyň içinde 300 metr ýol geçipdir.




Kepjebaşyň agramy 2 kilograma, uzynlygy bolsa 175 santimetre ýetýär.




Noýbanyň 150-den gowrak görnüşi bar.

20
120
atakulyyewa_humay
18.11.2022 03:58
Hoz maňzyny az iý, diliň jaýyrar,
Narpyz tozun sepseň ony aýyrar.
***
Naryň tohumydyr ýagyşyň suwy,
Gan gusmaň emidir, içäýseň ony.
***
Çomuç porsy diýmäň, toşaby süýji,
Aşgazan-içegä taýsyzdyr güýji.
***
Alkymyň çişdimi, iç bürmek otdan,
Hiç kemi ýokdur oň gyrmyzy ýoddan.
***
Üzümi köp iýseň teşnelik çykar,
Turşy nary iýseň teşnelik gider.
***
Mal ýagyna garsaň mäjum kişmişi,
Soňra ýapsaň aýrar çybandyr-çişi.
***
Noýba, nohut iýseň içiň ýel eder,
Ýüzärlik tohumy ony gül eder.
***
Sogan suwun garyp towuk ýag bilen,
Jaýryk dabana çal, säher çag bilen.
***
Borjak içeniňde süýjülik galar,
Hoz ýapragy ony yzyna alar.
***
Süýtde taýýarlanan atgulak peti,
Böwrege dermandyr, melhemdir oty.
***
Huşsuzlyk derdine duçar bolana,
Şugundyr, ary bal emdir olara.
***
El-aýak müçükse, süýnäýse damar,
Nar kök, gabyk petin ýapsaňyz bolar.



Derde derman emler...
38
336
atakulyyewa_humay
13.11.2022 15:29
Kosi derýasy Hindistanda her ýyl ugruny üýtgedýär. Şeýle hereketi bilen derýa giň giden meýdany zaýalaýar. Ol öz ýolunda gabat gelýän ekin meýdanlaryny, obalary, mal-garalary ýok edýär. Derýa ,,ýükçiligi" bilen-de bellidir. Onuň bir ýylyň dowamynda sürüp getirýän zatlary ummasyzdyr, ýagny 116 mln m3 barabardyr. Derýanyň her ýyl Gimalaý daglarynyň daşlarydan, çägelerinden, toýundan getirýän zatlaryndan 8 mln ýük wagonyny doldurmak mümkin.



Ugruny üýtgedýän derýa...
20
182
atakulyyewa_humay
12.11.2022 13:57
Türkmen ölçeg birlikleri:

1.Garyş- başam barmak bilen külbikäniň doly gerlen aralygy, takmynan, 22-25 santimetr.
2.Sere - süýem barmak bilen külbikäniň aňrybaş gerlen aralygy, takmynan, 15-18 santimetr.
3. Kör sere - 10-13 santimetre deň bolan aralyk.
4.Agsak sere - ortaky barmak bilen külbikäniň aňrybaş gerlen aralygy, takmynan, 10-12 santimetr.
5.Gulaç - sag we çep gollaryň aňrybaş gerlen aralygy, takmynan, 180-190 santimetr.
6.Gary- ýarym gulaja, takmynan, bir metre barabar aralyk.
7.Ädim - uzynlygy, ortaça, 70 santimetr bolan aralyk.
8.Parsah -9-12 müň ädim ýa-da 6-8 km.
9.Menzil - kerwenler bilen ýarym günde geçilýän ýol, 23-25 km aralyk.
10.Daban - başam barmakdan ökja çenli aralyk, takmynan, 30-48 sm.
11.Çakyrym- uzynlygy 1067 metr bolan aralyk.
12.Çöket - uzynlygy, takmynan, 1,5-2 kilometre deň bolan aralyk.
13. Agaç - uzynlygy, takmynan, 6 kilometre deň bolan aralyk.
14.Tanap - uzynlygy, takmynan, 40 metre deň bolan aralyk.
15.Arçyn - uzynlygy 71,16 santimetre deň bolan ölçeg birligi.
16.Barmak - 2 santimetre deň bolan ölçeg birligi.
17.Tutam- 7-8 santimetre deň bolan ölçeg birligi.
18. Gez, zira, arş - 45-50 santimetre deň bolan ölçeg birligi.
19. Hada, atanak -2 metre deň bolan ölçeg birligi.
20. Atgaýtarym - uzynlygy 3 kilometre deň bolan aralyk.
21.Küle - uzynlygy 37 metr bolan ölçeg birligi.






Agyrlyk ölçeg birlikleri:

Çärýek – 1,2 gram;
Mysgal – 4 çärýek;
Agry – 62,5 gram;
Gadak – 90 mysgal;
Siri – 1,325 gadak;
Put – 40 gadak;
Batman – 53 gadak;
Harwar – bir eşek ýüki;
Serwer – bir düýe ýüki


Türkmen ölçeg birlikleri...
22
112
atakulyyewa_humay
09.11.2022 16:58
«Hyperion»atly agaç 115,61 metr boýy bilen dünýäniň iň uzyn agajy hasaplanýar. Ol ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndaky «Redwood» milliseýilgähinde ösýär. 700-800 ýyl bäri ösýän agaç ýaşynyň uludygy bilen hem täsindir. 2012-nji ýylda James Aldred tarapyndan ýazgy edilen «James and the Giant Redwoods» atly gepleşikde bu agaç barada hem giňişleýin görkezilipdir. Bu agaç dünýäniň iň uzyn agajy hökmünde Ginnesiň Bütindünýä rekordlar kitabynda hem ýer alandyr.Hyperion 35 gatly binanyň boýy bilen barabardyr. Helios agajy 114,58 metr boýy bilen haperiondan soň ikinji orunda durýar.



Dünýäniň iň uzyn agajy...
29
198
atakulyyewa_humay
08.11.2022 22:03
Günorta Amerikanyň «Alerce Costero» milli seýilgähide ösýän «Gran Abuelo» atly agaç iň gadymy agaç hasaplanýar. Alymlaryň 1933-nji ýyldaky ylmy gözlegleriniň netijesi boýunça agaç şol wagt 3622 ýaşly diýlip çaklanyldy. Bu bolsa Gran Abuelonyň biziň eýýamymyzdan öňki 1500-nji ýyllarda ösüp başlandygyny aňladýar. Bu agajyň häzirki agaçlaryň iň ulusy däl bolmagy hem mümkin. Sebäbi onuň irki döwürde ýaşynyň hasaba alnandygy üçin onuň ýaşy anyk bilinýär. Ýaşy anyklanmadyk uly ýaşly agaçlar hem tebigatda köpdür. Gran Abuelo ispançadan terjime edilende «Garry atanyň atasy» diýen manyny aňladýar.


Iň gadymy agaç...
29
343
atakulyyewa_humay
07.11.2022 13:14
🌍Nemo nokady- bu Ýer şarynda hiç hili tutmayan ýeriň ady. Ýuwaş ummanynda ýerleşip, ýeriň merkezine yakynlygy 2688 km. Günorta Amerikanyň töwereginde ýerleşýär.



Nemo nokady...
19
396
atakulyyewa_humay
30.10.2022 02:56
Meseläňiz çözülýänçä we kynçylyklar ol ýerden aýrylýança ikirjiňlenmän ýöräň.

Norman­ Winsent­ Piýel
***
Dünýä üçin duş bolan galagoplugyň däl­de, gä­mini kenara getrip getirmedigiň gyzykly.

Wilýam­ Maksi­ Fee
***
Gazananyňa degýän bolsa, garaşanyňada deger.

Wilýam­Şekspir
***
Iň uly kemçiligimiz, aňsat dänmegimizdir.

Üstünligiň iň rahat ýoly — hemişe ýene­de bir
gezek synanyşmakdyr.

Tomas­Edison
***
Maksada golaýlaşdygyňça, kynçylyklar
artýandyr.
Gýote
***
Tutanýerlilik ynsanyň iň uly kömekçisidir.

Hezreti­Aly
***
Pessaý we üznüksiz ýöreýän üçin uzak ýol
ýokdur.

Jean­de­La­Bruýere
***
Umytsyz tarapa gitme, umyt bardyr,
Garaňky tarapa gitme, ýagty bardyr.

Möwlana
***
Käbir ýeňlişleriň sebäbi işleriň orta ýolda
taşlanýanlygydyr. Şonda adamlar özleriniň
üstünlige näderejede ýakynlandyklaryny hem
duýmaýalar.

Tomas­Edison

***
Bir işi etmekden ýadamasaňyz netije şowly
bolar.

Napoleon­Hill
***
Siz gijä galdygyňyzça, döwür has çaltlaşar.

Seneka

***
Sabyrdan we wagtdan güýçli zat ýokdur. Bular
hemme zady amal edijilerdir.

Lew­Tols

Manyly sözler...
17
213