atakulyyewa_humay
18.11.2022 03:58
Hoz maňzyny az iý, diliň jaýyrar,
Narpyz tozun sepseň ony aýyrar.
***
Naryň tohumydyr ýagyşyň suwy,
Gan gusmaň emidir, içäýseň ony.
***
Çomuç porsy diýmäň, toşaby süýji,
Aşgazan-içegä taýsyzdyr güýji.
***
Alkymyň çişdimi, iç bürmek otdan,
Hiç kemi ýokdur oň gyrmyzy ýoddan.
***
Üzümi köp iýseň teşnelik çykar,
Turşy nary iýseň teşnelik gider.
***
Mal ýagyna garsaň mäjum kişmişi,
Soňra ýapsaň aýrar çybandyr-çişi.
***
Noýba, nohut iýseň içiň ýel eder,
Ýüzärlik tohumy ony gül eder.
***
Sogan suwun garyp towuk ýag bilen,
Jaýryk dabana çal, säher çag bilen.
***
Borjak içeniňde süýjülik galar,
Hoz ýapragy ony yzyna alar.
***
Süýtde taýýarlanan atgulak peti,
Böwrege dermandyr, melhemdir oty.
***
Huşsuzlyk derdine duçar bolana,
Şugundyr, ary bal emdir olara.
***
El-aýak müçükse, süýnäýse damar,
Nar kök, gabyk petin ýapsaňyz bolar.



Derde derman emler...
38
336
atakulyyewa_humay
20 Noýabr 2022
Maýa06, Wiý mende yokdur, ýöne hokman gözläp görerin arkaýyn bolayyn!
Maýa06
20 Noýabr 2022
atakulyyewa_humay, geografiýa degişli matal tapmaça ýa da gülkünç oýun bilýäňmaý sen
Maýa06
20 Noýabr 2022
Salam Humaý 🙋🏽‍♀️
atakulyyewa_humay
20 Noýabr 2022
Maýa06,Salam arkaýyn soraň!
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Öwrenmeli offikiall 👈
Maýa06
20 Noýabr 2022
Myhman Myhman,barsam offline
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Hawwa kowdylar indi kömek gerek
Maýa06
20 Noýabr 2022
Myhman Myhman,şu wagt online däl ekenä
Myhman Myhman
20 Noýabr 2022
Admine aýdyp berýän Maýa
Maýa06
20 Noýabr 2022
Myhman Myhman,ol admin dälä
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.