atakulyyewa_humay
13.04.2023 04:22
Edepli adamlardan eşidenlerimden...
,,Aýaldan öň başçy bolmaz" diýen bolýarlar. Kleopatra, Ýekaterine, Güljemal han, Tetçer... Bular näme aýal dälmi? Özleri-de, olar ýurdy erkeklerden akylly — başly dolandyrypdyrlar.
Meniň düşünişimçe, häzirki zaman ýewropalylaryň köpüsi eşretli ýaşamak üçin zähmet çekýär, gündogarlylaryň bolsa köpüsi diňe ýaşamak üçin işleýär.
,,Akylly az geplär" diýilýäni sebäpli, akylsyza gabat gelmegem kyn.
Ýigrenilýän adamdan öýkelenmeýär, ol diňe yigrenilyär.
Durmuşy söýmeli. Ýöne söýginiň ýany bilen durmuşdan goranyş galkanyny hem götermeli.
![Edepli adamlardan eşidenlerimden...]()
18
177
atakulyyewa_humay
12.04.2023 05:49
Aşyk oglanyň haty:
,,Aý ýaly bolsaňam, saňa ,,Aýym" diýmeýärin. Sebäbi, Aý hökman ýaşýar.
Gül ýaly bolsaňam, saňa ,,Gülüm" diýmeýärin. Sebäbi, gül hökman solýar.
17
202
atakulyyewa_humay
11.04.2023 04:16
Keý-Kowus bilim hakynda...
•Giç ýatyp, ir turgun, kitaba, dersi öwrenmäge berlen bolgun!
•Işden iriji bolmagyn, ýat tutgun, gaýtalagyn, hakykatçy bolgun.
•Kitap, depder, döwet galamyňy we şuňa meňzeş gerek zatlary hemişe ýanyňda saklagyn.
•Taýýar jogaply bolgun, ýagny soraga berjek jogabyň taýýar bolsun.
•Kitaby we depderi birinji orunda goýgun.
•Her näçe dana bolsaň-da, özüňi nadan hasapla, munuň bilen saňa ylmy öwrenmegiň gapysy açylar.
•Köp bil, az sözle.
•Köp sözleme, çünki ,,akylsyz kişi köp sözlär" diýipdirler.
•Söz eşitmekden gaçma, adam söz eşitmek bilen dilewar bolýar. Aýratyn hem danyşmentleriň sözlerine gulak sal. Bularyň sözünde akyl köpdür.
21
120
atakulyyewa_humay
05.04.2023 20:30
📌Saklamasy kyn 3 zat
Pederlerimiz üç zady saklamagyň juda kyn işdigini häli-şindi tekrarlar ekenler. Şol üç zadyň pul, gul, dul diýip atlandyrylýandygyny ýatladyp durmagyda ýüksürinmändirler. Pul saklasaň ol köpeldigiçe bela betere şonça ýakynlaşýandygyňy, gul saklasaň wagtyň geçmegi bilen onuň ganymyňa öwrüläýmeginiň mümkindigini, dul saklasaň namysyňa-aryňa ýetýän gürrüňe-gybata golaýlamagyň daş däldigini sypaýyçylykly düşündirer ekeni.
📌 Hiç kime ynanmaly däl 3 zat
Şeýle hem pederlerimiziň hiç kime ynanmaly däl diýip sargyt edýän üç zady-da paýhas eleginden geçirdigiňçe nepesiňi durlaýar. Atyňy, tüpeňiňi, aýalyňy hiç kime ynanma diýen pent şeýle düşündirilýär. Atyňy birine ynansaň ol seýis görmedik derejä çenli peseler. Tüpeňiňi birine ynansaň ol ulanmasyz ýerde ulanylyp, seni agyr günäniň astynda goýmagy mümkin. Aýalyňy kesekä ynansaň şyltak dillä aw bolarsyň.
Şu ýerde, bir meselä okyjylaryň ünsüni çekmek isleýäris. Saklamagy kyn üç zady, şeýle hem hiç kime ynanmaly däl üç zady başgaça atlandyryp sanaýanlar hem bar. Olaryň pikirlerini ret etmäge mümkinçilik berýän anyk deliller bizde ýok. Belki, bu gürrüňe okyjylar goşularlar, meseläni şänik döwen ýaly ederler diýen pikir bilen şu makala ýazyldy.
![Bileniň öz baýlygyň]()
Gurbandurdy NAZAROW
,,Maru — şahu jahan"
20
122
atakulyyewa_humay
30.03.2023 02:01
Ir döwürlerde ata-babalarymyz ýatkeşligini güýçlendirmek, ýiteltmek, akylyny goýaltmak maksady bilen küşt, düzzüm, ,,Gurt gabaldy", ,,Keçe-keçe" oýunlaryndan daşary, aşyk bilen ,,Urup ýykdy", ,,Tänderdi", ,,Sülmek", ,,Üçem", ,,Ýedaşyk",,,Ogry tutdum" oýunlaryny-da oýnapdyrlar. Aşyklary ýörite gyrdap, gurşun guýup, owadan reňklere boýap, her hili at dakyp ulanar ekenler.
![📌Aşygy alçy gopan...]()
1-nji surat
⚫Sakga — içine gurşun guýup boýalan aşyk.
⚫Kenek — içine gurşun guýlup boýalmadyk aşyk.
⚫ Gurşun kenek — palçykdan ýasalan aşygyň şekiline gurşun guýlup, sap gurşundan ýasalan aşykdyr.
⚫Gyrdy — alçy we ekge taraplary gyrdalyp, boýalmadyk aşyk.
![]()
2-nji surat
⚫Taýpy — alçy we ekge taraplary gyrdalyp, boýalan aşyk.
⚫ Sürpe — diňe ekge tarapy gyrdalyp boýalan aşyk.
⚫Ajar — her dürli reňk bilen boýalyp, owadanlanan aşyk.
⚫Müji — keýigiň, jürre — owlak-guzynyň, tokar — çebiş-toklynyň, topaz — sygryň, dodar — düýäniň aşygy.
⚫Topaz, dodar aşyklarynyň beýleki aşyklardan uly, iri ýykylmazak, ýeňilmezek bolýany üçin, oglan Çaga yrym edip, Topaz , Dodar diýip at dakýar ekenler.
![]()
3-nji surat
⚫Altyn aşygy han-begler, şalar-soltanlar ogullary üçin ýörite ussa tutup, ýasadar ekenler. Ertekide Akpamygyň oglunda-da şol aşyk bar. Aşyk oýnunda sülnen aşyklar bäş hili — jikge, dükge, ekge, alçy, çar (seýrek bolýar) oturýar .Çarda aşyk kese däl-de, dik oturýar we oýun täzeden başlanýar.
⚫Jikge — sülnende arkan, içi oýtak tarapy ýokaryk ýatýar, aşyk oýnunyň iň pes görnüşi.
⚫ Dükge — ýüzüniň tüňñi tarapy ýokaryk ýatyp, jikgäni utýar.
⚫Ekge — tüňñi tarapy ýokaryk, kese duryar. Jikgäni, dükgäni utýar
⚫Alçy — ekgäniň ters tarapy, kese oturýar. Sülnende jikge, dükge, ekge gelen aşyklary utýar
![]()
4-nji surat
Aşygyň alçy gopsa islendik oýunda sen ýeňiji bolup, ähli aşygy syryp alaňda, ,,baý" bolýarsyň. ,,Üçem", ,,Ogry tutdum" oýunlarynda-da iň beýik wezipe alçynyňky. Aşygyň alçy gopsa, ,,han" bolarsyň.
![]()
5-nji surat
Ata-babalarymyz işde, durmuşda birden işi şowlap ugran, öýlenende gowy maşgala duşan adama. ,,Pylanyň aşygy alçy gopdy" diýer ekenler. Bu halk aýtgysy seýregräk bolsa, biziň günlerimizde hem duş gelýär.
![]()
6-njy surat
15
156