Ir döwürlerde ata-babalarymyz ýatkeşligini güýçlendirmek, ýiteltmek, akylyny goýaltmak maksady bilen küşt, düzzüm, ,,Gurt gabaldy", ,,Keçe-keçe" oýunlaryndan daşary, aşyk bilen ,,Urup ýykdy", ,,Tänderdi", ,,Sülmek", ,,Üçem", ,,Ýedaşyk",,,Ogry tutdum" oýunlaryny-da oýnapdyrlar. Aşyklary ýörite gyrdap, gurşun guýup, owadan reňklere boýap, her hili at dakyp ulanar ekenler.
![📌Aşygy alçy gopan...]()
1-nji surat
⚫Sakga — içine gurşun guýup boýalan aşyk.
⚫Kenek — içine gurşun guýlup boýalmadyk aşyk.
⚫ Gurşun kenek — palçykdan ýasalan aşygyň şekiline gurşun guýlup, sap gurşundan ýasalan aşykdyr.
⚫Gyrdy — alçy we ekge taraplary gyrdalyp, boýalmadyk aşyk.
![]()
2-nji surat
⚫Taýpy — alçy we ekge taraplary gyrdalyp, boýalan aşyk.
⚫ Sürpe — diňe ekge tarapy gyrdalyp boýalan aşyk.
⚫Ajar — her dürli reňk bilen boýalyp, owadanlanan aşyk.
⚫Müji — keýigiň, jürre — owlak-guzynyň, tokar — çebiş-toklynyň, topaz — sygryň, dodar — düýäniň aşygy.
⚫Topaz, dodar aşyklarynyň beýleki aşyklardan uly, iri ýykylmazak, ýeňilmezek bolýany üçin, oglan Çaga yrym edip, Topaz , Dodar diýip at dakýar ekenler.
![]()
3-nji surat
⚫Altyn aşygy han-begler, şalar-soltanlar ogullary üçin ýörite ussa tutup, ýasadar ekenler. Ertekide Akpamygyň oglunda-da şol aşyk bar. Aşyk oýnunda sülnen aşyklar bäş hili — jikge, dükge, ekge, alçy, çar (seýrek bolýar) oturýar .Çarda aşyk kese däl-de, dik oturýar we oýun täzeden başlanýar.
⚫Jikge — sülnende arkan, içi oýtak tarapy ýokaryk ýatýar, aşyk oýnunyň iň pes görnüşi.
⚫ Dükge — ýüzüniň tüňñi tarapy ýokaryk ýatyp, jikgäni utýar.
⚫Ekge — tüňñi tarapy ýokaryk, kese duryar. Jikgäni, dükgäni utýar
⚫Alçy — ekgäniň ters tarapy, kese oturýar. Sülnende jikge, dükge, ekge gelen aşyklary utýar
![]()
4-nji surat
Aşygyň alçy gopsa islendik oýunda sen ýeňiji bolup, ähli aşygy syryp alaňda, ,,baý" bolýarsyň. ,,Üçem", ,,Ogry tutdum" oýunlarynda-da iň beýik wezipe alçynyňky. Aşygyň alçy gopsa, ,,han" bolarsyň.
![]()
5-nji surat
Ata-babalarymyz işde, durmuşda birden işi şowlap ugran, öýlenende gowy maşgala duşan adama. ,,Pylanyň aşygy alçy gopdy" diýer ekenler. Bu halk aýtgysy seýregräk bolsa, biziň günlerimizde hem duş gelýär.
![]()
6-njy surat