atakulyyewa_humay
23.07.2023 15:16
Mälim bolşy ýaly, suw adamyň gündelik durmuşynda ýaşaýşyň esasy çeşmeleriniň biridir. Bolçulygyň hem barlygyň gözbaşy bolan suwuň ulanylmaýan ýeri ýok bolsa gerek. Eýsem, suwy näme sebäpden gaýnatmaly ýa-da gaýnag suwuň biziň saglygymyza peýdaly taraplary nämelerden ybarat?

Türkmençilikde we beýleki gündogar halklarynyň däp-dessurlaryndan esasy orun alan gündelik içgi bolan çaý üçin hem suw gerek. Gaýnag suw bolmazdan çaý, kofe ýa-da beýleki içgileri taýýarlamak mümkin däl. Suw gaýnadylanda suwuň ýokary temperaturasy onuň düzümindäki dürli gurluşly birleşmeleriň dargamagyna we gerekli bolan tagamyň ýaýramagyna itergi berýär. Netijede gaýnag suw tagamy özüne siňdirýär we taýýarlanýan içgä özboluşly lezzet berýär. Dürli hili sowuklama kesellerinde, dümewde hem gyzgyn çaý ýa-da dürli dermanlyk otlardan taýýarlanan melhemlik demlemeleri hem peýdalydyr. Bularyň ählisini taýýarlamak üçin bolsa, ilkinji nobatda gaýnag suw gerek. Dümewde gaýnag suw peýdalanylanda hem ol ses perdeleriniň işini sazlaýar we sesi açýar hem-de sesiň dury çykmagyna getirýär. Ýa-da bolmasa, lukmanlar tarapyndan her gün ir säher bilen diňe gaýnap, sowan suw içmek maslahat berilýär. Çünki suw gaýnadylanda onuň içindäki zyýanly birleşmeler, maddalar dargaýar. Şeýle hem ir bilen içilen bir bulgur suw aşgazany we iýmit siňdiriş ýollaryny arassalaýar. Şeýle hem gaýnag suwuň berhiz saklamakda we horlanmakda hem peýdasy uludyr. Sebäbi suwuň düzüminde hiç hili ýagyň saklanmaýandygy üçin ol artykmaç agramdan dynmak isleýänlere ýardam edýär. Gündelik çaý bilen kofeniň ýerine, esasan, gaýnag suw içmek has hem ýaramlydyr. Bilermenler tarapyndan, günüň dowamynda 2 litrden az bolmadyk mukdarda suw içmek maslahat berilýär. Suw bedendäki duzlaryň daşyna çykmagyny üpjün edýär. Mundan başga-da, gaýnag suw bedeni berkidýär, işjeňligi artdyrýar, deriniň sagdynlygyny üpjün edýär. Halk lukmançylygynda bir gap gaýnag suwuň üstüne ýüzüňi tutup, başyňy örtmek we bugdan dem almak dümewiň esasy derman serişdesi hökmünde peýdalanylýar. Çünki suw bugy dem alyş ýollaryny arassalaýar.

Gündelik iýilýän miweleri we gök önümleri hem gaýnag suwa ýuwmaklyk zerurdyr. Gaýnag suw olaryň daşky gabygynda bolup biläýjek kiçi bedenjikleriň ýok edilmegini üpjün edýär. Bu bolsa sagdyn iýmitlenmekde zerur görkeziji bolup çykyş edýär.
18
29
atakulyyewa_humay
23.07.2023 01:42
- Gaharlanmakdan gaça duruň. Gahar – ähli zady erbetlige tarap ugrukdyrýan endikdir.

- Sport ähli ýagdaýlarda hem durmuşyň aýrylmaz bölegidir, ol duýgy we akyl saglygy üçin hem peýdalydyr.

- Durmuşda ýakyn adamlaryň ähli zatdan öňde durmalydyr. Olar ähli güýmenjelerden möhüm bolmaly.

- Durmuşdaky gorkularyň köpüsi amala aşmaýar, aslynda ol göz öňüne getirişimiz ýaly gorkunç hem däl.

- Ýalňyşmakdan gorkmaň. Ýalňyşlyklar üstünlikli öňe gitmäge ýardam edýär. Diňe hiç zat etmeýän adam ýalňyşmaýar.

- Dostluk – üns, alada, goragy talap edýär. Dostluga wepaly bolup, ony goramak gerekdir.

- Islendik zada bolan höwes – her güni üýtgeşik sowgada öwrüp biler. Wagty boş geçirmän, ýönekeýje güýmenje tapmak üçin hem maksadyň bolmaly.

- Syýahat etmek – täze, gyzykly medeniýetler bilen tanyşmaklyga, täze adamlar bilen aragatnaşyk saklamaga ýol açýar we gözýetimi giňeldýär.

- Aladalar beýnini ýadadýar, ýagdaýa çynlakaý baha bermekligiň öňüni alýar.

- Her gün üçin minnetdar bolmalydyr. Çünki şu günüň özi size berlen bahasyz sowgatdyr.

- Birek-birege bolan hormat goýmaklyk adamzady bezeýän aýratynlykdyr, uly güýçdir. Ol dünýäni gözelleşdirýär.

- Töwekgelçilik, aslynda asylly sebäpdir. Diňe töwekgelçilikli hereket etmek we oňa degişli kararlary bermek durmuşda ösmeklige ýol açýar, durmuşy üýtgedýär.

- Biz köplenç töweregimizdäki adamlaryň öz isleýşimiz ýaly hereket etmeklerini isleýäris. Emma biz olary dolandyryp bilmeris. Her bir adamyň özbaşdaklygyna hormat goýmalydyr.

- Durmuşda maksada ýetmek üçin hereket etmeli. Maksat bizi tapmaýar, tersine biz ony tapmaly. Oňa ýetmek üçin bolsa elimizden gelenini etmelidiris!
23
95
atakulyyewa_humay
22.07.2023 05:36
Her daban ýeri gyzyla barabar bolan topragymyzda däneli we kösükli, gök-bakja ekinleri bilen bir hatarda dürli görnüşli miweleri ösdürip ýetişdirmäge hem uly üns berilýär. Türkmen topragynda biten gawun-garpyzlara, dürli miwelere we olardan taýýarlanan önümlere dünýäniň ähli künjeklerinde hem ýokary derejede isleg bildirilipdir. Gahryman Arkadagymyz erigiň peýdasy barada «Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri» atly kitabynyň 6-njy jildinde has giňişleýin maglumat berýär.

Ter, kakadylan, bişirilen erik adam bedenine örän ýokumly. Erigi lukmançylykda hem-de kosmetik serişdeler öndürilýän senagatda giňden ulanýarlar. Tejribeli bagbanlarymyzyň yhlasy bilen bitýän erik miwesi terligine iýlende adam bedenine aýratyn güýç-kuwwat berýär. Erik miwesi esasan, tomus paslynda bişip ýetişýär. Ony terligine-de, kakadylan görnüşde-de iýmek örän peýdalydyr. Kakadylan erik çaýa atylyp, gowy demini alanyndan soň içilse, ýüregi agyrýanlara haýyrly.

Ene-mamalarymyz unaş, çorba, şüle ýaly milli tagamlarymyzy taýýarlanlarynda hem olaryň içine erik kişdesini salypdyrlar. Erik kişdesi nahara aýratyn, üýtgeşik tagam beripdir. Bulardan başga-da, ýaz ýa-da tomus aýlary erik agajynyň daşyna çykyp duran şepbigi hem nabada meňzeş bolup, ony iýmek gaty peýdalydyr. Erik agajy şepbigi Günüň ýiti şöhlesiniň täsiri astynda daşyna bölüp çykarýar. Ol ajy, tagamsyz önüm. Ýöne gözüň üçin peýdasy gaty uly.

Lukmançylyk ylmynyň barlagnamalarynyň netijesinde erigiň düzüminde 10 göterim şeker, şeýle hem limon, alma, salisil kislotasy, P, B1, PP, C witaminleri, karotin (käşirde, ýumurtganyň sarysynda, süýtde bolýan mämişi sary pigment) bardygy anyklanyldy. Erigiň düzümindäki 16 mg karotin başga hiç bir miwede ýokdur. Erigiň düzümindäki şire bedenden toksini (mikroorganizmlerde döreýän zyýanly maddalary) we holesterini çykarmaga kömek edýär. Çagalara, uly ýaşlylara erik iýmek maslahat berilýär. Çünki erik nerw ulgamyny kuwwatlandyrýar we ýadawlygy aýyrýar. Yzygiderli erik iýmek deriniň ýaşarmagyna we görejiň ýitelmegine getirýär. Halk lukmançylygynda hem ýürek-damar keselinden ejir çekýän adamlara erigi terligine we kakadylan görnüşinde iýmek maslahat berlipdir. Şeýle hem erik miwesiniň şäniginiň içindäki maňzy hem ynsan saglygy üçin örän peýdaly hasaplanylýar. 

 
18
27
atakulyyewa_humay
22.07.2023 05:31
Şowlulygyň üýtgäp durýandygy sebäpli, adamlar şowlulygy özlerine çekmek, saklamak üçin birnäçe usullary oýlap tapypdyrlar. Şeýlelikde, olar şowlulyk getirýän nyşanlary şaý-sep hökmünde dakynypdyrlar ýa-da olary öýlerinde , iş ýerlerinde saklapdyrlar. Ol nyşanlara:

Nal. Ol misden, altyndan, umuman metaldan ýasalan bolmalydyr. Ony öýe girilýän gapynyň ýokarsyndan asyp goýmaly. Halk arasynda nal öýüňe rowaçlyk, bereketlilik getirýär we başga adamlaryň ýaramaz pikirlerinden gorap saklaýar diýen yrym bar. Ýewropa ýurtlarynda nala keseligine seredeniňde Aýa meňzeşligi sebäpli, ol özüniň jadylaýjy güýjüne Hudaý tarapyndan eýe bolandygyna ynanylýar. Ýöne bagt getirýän naly nähili görnüşde we nirede asmaly? Şahjagazlara meňzeş tarapyny ýokary gönükdirmelimi ýa-da tersine? Gündogar we Ýewropa ýurtlarynda nalyň şahjagazlary aşakda durar ýaly görnüşde asýarlar. Şeýle etmek bilen olar bagtyň seniň üstüňe dökülýändigine ynanýarlar. Emma Angliýanyň we Irlandiýanyň halklary bolsa bagt akyp gitmezligi üçin ony başaşaklygyna asýarlar. Meksikalylar her dürli teňňeler bilen bezelen nallary, oňa hiç kim degmez ýaly, gapynyň has ýokarsynda asyp goýýarlar. Italiýalylar bolsa tersine, her bir öýe girýän adam oňa degip geçer ýaly ýerde asýarlar.

Altyn balyk. Hytaýda berekediň, bolçulygyň nyşany balyk hasaplanylýar. Sebäbi olarda «balyk» bilen «bereket» sözüniň manysy bar. Şeýle hem balyk maşgala durmuşynda bagtlylygyň nyşany bolup durýar. Öýüňde altyn balykly akwarium goýsaň, ol seniň ojagyňa bagt, rowaçlyk, özgerişlik getirýär diýlip ynanylýar. Akwariumda 8 sany altyn we ýekeje gara balyk bolmaly. Sebäbi hytaýlylar «9» sanyň Asman bilen Zemin sazlaşygyny aňladýandygyna ynanýarlar.

Üç aýakly gurbaga. Agzynda teňňe saklap duran üç aýakly gurbaga uly şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanylýar. Onuň agzyndaky teňňe gymmat bahaly metal bolan altynyň nusgasy bolup durýar. Üç aýakly gurbaga diňe şowlulygyň, rowaçlygyň nyşany hasaplanylman, eýsem ol baýlyk getirýän iň güýçli nyşanlaryň biri bolup durýar. Ony ýeke-ýekeden öýüň otaglarynyň günorta-gündogar böleklerinde ýa-da iş stolunyň üstünde goýmaly. Emma iş stolunyň üstünde goýlanda ony edil gözüň öňünde goýmaly däldir. Üç aýakly gurbaga barada hindilerde şeýle bir rowaýat bar. Gadym wagtlarda üç aýakly gurbaga ýaramaz jandar bolupdyr we adamlara ýaramaz täsir edipdir. Ýöne günlerde bir gün hindi hudaýy Budda ony boýun egdirip, adamlara kömek etmäge borçlandyrýar. Şondan bäri hem gurbaga özüniň adamlara ýetiren zyýanlarynyň öwezini dolmak üçin olara baýlyk eçilýär.
21
401
atakulyyewa_humay
22.07.2023 00:17
Adamlaryň daşky görnüşinden, geýýän eşiklerinden olaryň kärini bilmek bolýar. Ýörite geýilýän geýimleriň esasynda belli bir kärde işleýän adamlar bilen adaty adamlary aýratynlandyrmak mümkin. Islendik adam eýýäm çagalyk döwründen başlap, ak eşikli ynsany görende onuň medisina işgäridigini bilýär. Eýsem, näme sebäpden medisina işgärleriniň geýýän ýörite geýimleri ak reňkli bolýar? Bu sowal halk köpçüligini gyzyklandyrýan bolsa gerek!

Ak reňk - arassalygyň reňki. Ak reňkli eşiklere sähelçe ownujak hapa degse hem derrew bildirýär, şol hapanyň ýok edilmäge degişlidigini aňladýar. Hapanyň ýok ýerinde kesel hem ýokdur. Adatça, diňe lukmanlar ak reňkli geýim geýýärler. Bu reňk islendik adamyň psihikasyna oňaýly täsir edýär. Adamlarda reňke görä emosiýa döreýär. Olaryň keýpi, şähdaçyklygy hem reňklere baglydyr. Ak reňk birek-biregiň, ýagny hassa bilen lukmanyň arasynda ynamly gatnaşygyň bardygyny aňladýar. Ak reňk energiýanyň, arzuw-islegiň, hyjuwlylygyň reňki.

Öňki döwürlerde hassalar bilen iş salşan medisina işgäriniň eşiklerini zyýansyzlandyrmak üçin ýörite himiki serişdeleriň kömegi bilen suwda birnäçe sagatlap gaýnadypdyrlar. Gaýnan eşikleriň reňki solup, dura-bara agarypdyr. Şondan soňra medisina işgärleriniň ýörite geýimleriniň ak reňkli bolmalydygy barada pikir orta atylypdyr. Ilkinji gezek lukmanlar üçin ak reňkli ýörite geýim geýmeklik baradaky pikir XIX asyryň ahyrlarynda meşhur doktor D.Lister tarapyndan öňe sürlüpdir.

Hassalar ak eşikli lukmanlary görende özlerini ýeňil duýýarlar. Olaryň agyrylary azalýar. Sebäbi olar bu ak reňkli eşikli ynsanyň özleri üçin kömege gelendigine düşünýärler.



Arazbibi NAZAROWA,

Myrat Garryýew adyndaky
Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Harby meýdan
terapiýa kafedrasynyň mugallymy,
l/g maýory
20
193
atakulyyewa_humay
21.07.2023 21:42
Angliýanyň medeni nyşany bolan bu daş gurluşlar, gurluşyk nukdaýnazaryndan örän täsin bolup, daşlar entek kesgitlenmedik nokatlara garap durlar.

Stonehenge daş ýadygärliginiň syry ýyllar boýy çözülmän galdy we arheologiki gözlegler henizem dowam edýär. Alymlaryň käbiri bu daş gurluşlary gadymy halklar tarapyndan dini sebäplere görä gurlandyr diýip çaklasa käbiri asman gözlegleri bilen baglanyşygy bardyr diýlip çaklanylýar. Arheologlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde daş ýadygärliginiň aşagynda mazarlar ýüze çykaryldy.

Stonehenge daş ýadygärligi – Angliýanyň Wiltshire şäherindäki Salisbury düzlügi diýilýän ýerde ýerleşýär. Bu ýer sebitdäki iň köne we iň uly gurluşdyr. Bu taryhy daş gurluşlaryň takmynan 4 metr beýikligi, 2 metr ini we 25 tonna agramy bar. Ýadygärligiň töwereginde beýleki dini gurluşlar hem bar.

Stonehenge syrly daşlary arheologlar miladydan öňki 3000-2000-nji ýyllar aralygynda gurlandyr diýip çaklaýarlar. Geçirilen radiokarbon barlaglary daşlaryň miladydan öňki 2100-2400-nji ýyllar aralygynda gurlandygyny mälim edýär. Angliýa üçin uly ähmiýete eýe bolan bu eser medeni nyşan hasaplanýar. 
22
172
atakulyyewa_humay
21.07.2023 01:38
Tiz ýazma, az ýaz.
Köp okalarsyň.
22
112
atakulyyewa_humay
20.07.2023 12:34
Müňlerçe ýyl bäri akýan Nil derýasynyň çeşmesi häli-häzirem çözülmedik syr bolup galýar.

Dünýädäki iň uzyn derýa bolan Niliň gelip çykyşy müňlerçe ýyl bäri adamlary geň galdyrýar. Geçirilen birnäçe hemra gözegçiligi hem Nil derýasynyň öz gözbaşyny nireden alyp gaýdýandygyny ýüze çykarmady.

Biziň eramyzyň 60-161-nji ýyllarynda ýaşap geçen gadymy rimliler hem Niliň çeşmesini tapmaga synanyşypdyrlar. Onuň gözbaşyny tapmak üçin rimliler birnäçe gezek uly bolmadyk ýörişleri we gözlegleri geçiripdirler, emma olar hem netije bermändir.

Rimlilerden ozal gadymy müsürliler Nil derýasynyň gelip çykyşyny tapmak isleýärdiler, ýöne olar hem derýany öz topraklaryny suwarmak şeýle-de ulag ýoly hökmünde ulanmak üçin wagt sarp etdiler.

Sözüň doly manysynda Nil derýasynyň çeşmesi we gözbaşy şol wagtlardan bäri syr bolup galýar. Emma Nilden birnäçe derýa, suw akabalary, howdanlar öz gözbaşyny alýandygy bolsa mälimdir.
22
184
atakulyyewa_humay
20.07.2023 00:26
Demirgazyk polýus hem, Günorta polýus hem sowuk, sebäbi planetanyň üstündäki we aşagyndaky ýerleşişi sebäpli Günden göni ýagtylyk alyp bilmeýärler. Bularyň ikisinde-de, tomusyň ortaky aýlarynda Gün şöhlesi hemişe pes bolýar. Gyş wagtynda bolsa Gün gözýetimiň aşagynda galýar we birnäçe aýlap görünmeýär.

Mundan başga-da, polýar buzuň we garyň ak ýüzleri şöhläni ýokary serpikdirýär. Ýagny, gün şöhlesinden gelýän energiýanyň köp bölegi yzyna serpigip, bu ýerleriň üstündäki howanyň birneme salkyn bolmagyna sebäp bolýar.

Bu sebäpler iki polýusyň aşa sowuk bolmagyna sebäp bolsa-da, «Wuds Hole» deňiz ylymlary institutynyň habaryna görä, Günorta polýus Demirgazyk polýusdan ep-esli sowuk bolup galýar. Arktikada ýyllyk ortaça temperatura gyşda minus 40 gradus, tomusda 0 gradus. Emma Günorta polýusda ýyllyk ortaça minus 60 ° C we tomusda minus 28.2 ° C -dan hem has sowuk bolýar.

Günorta polýusyň Demirgazyk polýusdan has sowuk bolmagynyň esasy sebäbi, olaryň arasyndaky düýpli tapawudy hem görkezýär.
26
168
atakulyyewa_humay
19.07.2023 23:53
Gara reňkli duz, adatça tebigy maddalaryň goşulmagy bilen peçde ýylylyk bilen bejerilýän, iýilýän gaýa duzudyr. Aýratynlygy hem ýumurtganyň tagamy ýaly, ysy we has ýumşak duzly tagamydyr. Saglygy bejermekde onuň duz himiki düzümini we fiziki aýratynlyklaryny üýtgedýärler. Gara duz çyglylyga çydamly bolýar. Onuň sebitine görä birnäçe görnüşi bar:

Gawaý gara duzy. Ol işjeňleşdirilen kömür bilen garylan gymmatly deňiz duzudyr. Önüm topragyň tagamyny ýada salýar, tagamly we köplenç Gawaýda, ýöne käwagt Kiprde-de duş gelýär.

Gimalaý gara duzy. Gimalaý daglarynyň töwereginde gazylyp alynýan duzlardan ýasalýar. Päkistanda, Hindistanda we beýleki Aziýa ýurtlarynda giňden ulanylýar. Ilkibaşda ol gülgüne bolup, duz bişirilýär we soňra ýakymly ysly zatlar we otlar bilen garylýar. Duz kükürt düzümi sebäpli özüniň häsiýetli tagamy bar.

«El Sod» ýa-da Günorta Efiopiýa gara duzy. Duz «El Sod» kraterdäki duz köli bilen ýitip barýan wulkanyň gyrasynda bolup, ol şol bir obanyň ýaşaýjylary tarapyndan gazylyp alynýan duz. Bu duzy çykarmak gaty kyn we saglyk üçin howply. Duz suwy şeýle bir poslaýjy welin, eşikleri we aýakgaplary ýok edýänligi sebäpli köplenç duz gazýanlar kynçylyk çekýärler. Magdançylar burunlaryny we gulaklaryny plastik örtüklere örtülen enjamlar bilen goramaga synanyşýarlar. Taryhy maglumata görä, asyrlar boýy ýerli taýpalar bu duzy ýygnamak we soňra söwdagärlere satmak üçin kölüň suwlaryna çümüpdirler. Duz «El Sod» Efiopiýanyň hemme ýerinde paýlanýar we Somali we Keniýa çenli baryp ýetýär.

Gara duzuň peýdalary:

• Gara duzuň peýdalary adam bedeni üçin peýdaly köp mukdarda mikroelement saklaýandygy bilen bagly. Onda kalsiý, kaliý, magniý bar.

• Gara duz bedende suw saklamaýar we bagyr we iýmit siňdiriş ulgamyndaky prosesi ýeňilleşdirýär, sebäbi düzüminde takmynan 10 esse az metal bar.

• Gara duz ýokary gan basyşy, semizlik, içege kesellerinden ejir çekýän adamlar üçin peýdalydyr.

• Gara duz iç gatlagyndan we gazdan dynmaga kömek edýär, işdäňi ýokarlandyrýar.

Gara duz barada däp-dessurlar we halk ynançlary

Bu duz käbir halklarda diňe mukaddes hepdede, ýagny penşenbe güni taýýarlanylýan duz hasaplanylýar we şonuň üçin oňa «penşenbe duzy» hem diýilýär. Etnograflar duzuň has öňki döwürlerde-de talisman hökmünde ulanylandygyny öňe sürýärler. Halk däp-dessurlaryny we ynançlaryny öwrenýänler penşenbe güni duzuň tutuş bir ýylyň dowamynda ähli keselleriň bejergisi hökmünde ulanylandygyny beýan edýärler. Penşenbe güni duzuny uzak ýola gidenlerinde özleri bilen alyp gidipdirler. Penşenbe güni däne ekmezden ozal oňa bu duz goşulypdy we gök önüm, kelem, sogan we hyýar ekilende duzly suw bilen suwlanyp ekilipdir.
13
107