atakulyyewa_humay
21.07.2023 21:42
Angliýanyň medeni nyşany bolan bu daş gurluşlar, gurluşyk nukdaýnazaryndan örän täsin bolup, daşlar entek kesgitlenmedik nokatlara garap durlar.

Stonehenge daş ýadygärliginiň syry ýyllar boýy çözülmän galdy we arheologiki gözlegler henizem dowam edýär. Alymlaryň käbiri bu daş gurluşlary gadymy halklar tarapyndan dini sebäplere görä gurlandyr diýip çaklasa käbiri asman gözlegleri bilen baglanyşygy bardyr diýlip çaklanylýar. Arheologlar tarapyndan geçirilen gözlegleriň netijesinde daş ýadygärliginiň aşagynda mazarlar ýüze çykaryldy.

Stonehenge daş ýadygärligi – Angliýanyň Wiltshire şäherindäki Salisbury düzlügi diýilýän ýerde ýerleşýär. Bu ýer sebitdäki iň köne we iň uly gurluşdyr. Bu taryhy daş gurluşlaryň takmynan 4 metr beýikligi, 2 metr ini we 25 tonna agramy bar. Ýadygärligiň töwereginde beýleki dini gurluşlar hem bar.

Stonehenge syrly daşlary arheologlar miladydan öňki 3000-2000-nji ýyllar aralygynda gurlandyr diýip çaklaýarlar. Geçirilen radiokarbon barlaglary daşlaryň miladydan öňki 2100-2400-nji ýyllar aralygynda gurlandygyny mälim edýär. Angliýa üçin uly ähmiýete eýe bolan bu eser medeni nyşan hasaplanýar. 
22
172
sscc
24 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, howa seyle diyilyan eken yone Peru daldi men okamda Cili diyip durdy 🙂
senorita
22 Iýul 2023
@okayjy, hawa menem şoña haýran, pirsmidalar hem õrãn agyr daşlardan gurulan we ol dõwũrde bu wagtky ýaly kõmekçi enjamlar ýok. 🤔🤷🏻‍♀️
atakulyyewa_humay
21 Iýul 2023
@sscc, diýilýän bolmagy mümkin, bir ayratynlygy ola Peruda bulam Angliyada, şonuň üçin diyyandirler
okayjy
21 Iýul 2023
Geñ 🤔 Şo döwürde 25 tonnalyk daşy nädip göterdilerkä ?
wolf
21 Iýul 2023
Taryhy ýadygärlik 👍
sscc
21 Iýul 2023
Pashi adalarynyn bir bolegi hem diyilya oytyan 🙂
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.