atakulyyewa_humay
28.07.2023 13:51
Berhiz – köplenç halatda iýmitleniş tertibiňi çäklendirmekdir. Bu babatda hatda has berk talaplary bolmadyk berhiz hem witaminleriň hem-de mikroelementleriň ýetmezçiligine getirip biljek miwelerden özüňi saklamagy talap edýär.

Berhizler adatça belli bir netijäni gazanmakda belli bir wagt üçin täsirli, ýagny horlanmak, çylşyrymly operasiýalardan soň ýagdaýyňy kadalaşdyrmak ýa-da bejerginiň bir bölegi hökmünde, mysal üçin aşgazan ýarasy ýa-da gastrit üçin täsir edýär. Hemişe berhiz tutmak käbir iýmitleriň ulanylmagynda ýagdaýy ýaramazlaşyp biljek agyr hroniki keselleri bolan adamlar, mysal üçin süýji keseli ýa-da aşgazan-içege ulgamynda uly göwrümli operasiýalary geçiren adamlar üçin mahsus bolýar. Sagdyn adam üçin berhiz tutmak hemişe çäklidir. Bu üç günden bir aýa çenli aralykda bolup biler. Monoberhizler (berhiz bir önümi içine alanda) üç günden köp bolmaly däldir.

Kadaly iýmitlenmek – bu käbir iýmitlerden ýüz öwürmegi aňlatmaýar, ol iýmitlenmegi diňe beýleki, has sagdyn tagamlaryň peýdasyna çäklendirýär. Dogry iýmitlenmek ýörelgelerine eýerýän adamyň iýmiti häzirki zaman adamsyna tanyş bolan önümleriň ähli görnüşlerinden – etden, dänelerden, deňiz we derýa balyklaryndan, guradylan önümlerden ybaratdyr. Kadaly iýmitlenmegiň düzgünlerine günde 4-5 gezek az mukdarda şol bir wagtlarda iýmitlenmek we ýeterlik derejede suw içmek hem degişlidir. Güniň birinji ýarymynda uglewodly iýmitleri iýmek, ikinji ýarymynda bolsa belokly iýmitlere üns bermek has ýerlikli çözgüt bolup biler.

Netijede dietologlar gysga wagtda peýdaly bolup, uzak wagtyň dowamynda witamin ýetmezçiligine sebäp bolýan berhizleri synap görmegiň ýerine kadaly iýmitlenmegi maslahat berýärler.
16
40
atakulyyewa_humay
28.07.2023 01:37
Tämiz howasy, görnüş dürlüligi we ösümlik dünýäsi bilen tapawutlanýan Aşgabadyň Botanika bagynyň 1929-njy ýylda düýbi tutuldy. Onuň tutýan umumy meýdany 18 ga bolup, özünde 500-den gowrak ösümlik görnüşlerini saklaýar. Bag klimatiki zonalar boýunça böleklere bölünýär, her bölegi owadan heýkeller bilen bezelen we onuň içinde aýratyn ýyladyşhanasy hem bar.

Bagyň ylmy-barlag işleri dünýäniň botanika baglaryň esasy ýerine ýetirýän meseleleri bilen baglanyşykly bolmagy bilen, ösümlikleriň introduksiýasy, ýagny ösümlikleri täze şertlere girizmek we täze şertlere uýgunlaşdyrmakdan ybarat. Bagyň döredilen gününden (1929ý.) bäri Ýer şarynyň ähli ýerlerinden getirilip, uýgunlaşma barlagyndan geçen ösümliklerden ýerli şertlere durnuklylyk we bezeg aýratynlygy bilen tapawutlanan görnüşleri saýlap alyp, botanika bagynyň işgärleri tarapyndan dürli görnüşlerden, formadan we sortlardan ybarat bolan baý ösümlik ýygyndysy toplandy. Agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň introduksiýasy we ilkinji synag işleri 1936-njy ýylda belli dendrolog K.W.Blinowskiniň ýolbaşçylygy bilen Botanika bagynyň çäginde giň gerim bilen başlanypdyr. Botanika bagyň esasyny düzýän ilkinji ösümlik ýygyndysy hut onuň işleri bilen döredildi. Türkmenistanyň agaç ösümlikleriniň görnüş düzümlerini öwrenmekde hem onuň ýerine ýetiren işleri uludyr.

Bagyň agaç we gyrymsy agaçlarynyň ýygyndysy ekologiýa geografik esasa laýyklykda meýdançalarda ýerleşdirilendir. Bagyň 8 geografik meýdançasynda dürli tebigy howa şertli zolaklaryň (Gündogar Aziýa, Orta Aziýa, Kiçi Aziýa, Krym, Kawkaz, Ýewropa, Ortaýerdeňizi, Demirgazyk Amerika) ösümlikleri ösýärler.

Hytaý söwda ýollarynyň açylmagy gymmatly dermanlyk we ekzotik ösümlikleriň ýaýramagyna goşant goşdy. Botanika bagynda relikt görnüşleriň köp görnüşleri ösdürilip ýetişdirilýär. Gadymy ekzotiki görnüşlerden eldar sosnasy, berýoza we «Janly magdan» diýip atlandyrylýan, relikt görnüşe degişli bolan ginkgo-biloba ösdürilip ýetişdirilýär. Bu sanalanlardan başga-da bagda ýylylygy söýýän ekzotiki ösümlikler hem bar.

Botanika bagynda Fikuslaryň 10 görnüşi, aloýyň 14 görnüşi, bagyň buýsanjy bolan miweli banan, pes boýly papaýa, ýanwar aýynda gülleýän kanar palmalary ösdürilýär. Häzirki wagtda Aşgabadyň Botanika bagynda boýy 1 metre ýetýän awakado ösümligi hem ösdürilip ýetişdirilýär.
26
141
atakulyyewa_humay
27.07.2023 15:05
Atmosfera sözi iki sany grek sözlerinden gelip çykan: «atmos» - bug, «sphaire» – togalak, şar diýmegi aňladýar. Şeýlelikde, atmosfera – bu planetamyzyň gaz gabygy bolup, ol dürli-dürli gazlaryň garyndysyndan hem-de suw buglaryndan we tozanlardan ybarat howa garyndysydyr. Atmosfera dürli gazlaryň mehaniki birleşmesidir. Onuň düzümindäki azot - 78%, kislorod - 20,95%, argon - 0,93%, kömürturşy gazy - 0,003% barabar. Atmosferanyň düzümindäki beýleki gazlaryň (neon, geliý, metan ksenon, radon, wodorod, azon, ammiak we beýleki) möçberi bolsa takmynan 0,01% deňdir.

Atmosferanyň häzirki zaman düzümi – Ýer jümmüşinde we onuň üst ýüzünde bolup geçen uzak möhletli ewolýusiýa hadysalarynyň netijesidir. Şunda ýaşyl ösümlikler, haýwanlar we mikroorganizmler aýgytlaýjy ähmiýete eýedirler.

Ýeriň atmosferasy iki sany gatlaga bölünýär:

● aşaky gomosfera gatlagy (100 km belentlige çenli) – bu gatlak ýeriň üst ýüzüne golaý ýerleşip, onuň birmeňzeş himiki düzümi bar;

● ýokarky geterosfera gatlagy – bu gatlagyň himiki düzümi birmeňzeş däldir.

Atmosferanyň möhüm häsiýetleriniň biri-de, onuň düzüminde kislorodyň bolmagydyr. Ýeriň ilkinji atmosferasynyň düzüminde kislorod bolmandyr. Onuň peýda bolmagy we toplanmagy Ýer ýüzünde ýaşyl ösümlikleriň ýaýramagy we olaryň fotosintez hadysasyny amala aşyrmaklary bilen baglanyşyklydyr. Maddalaryň kislorod bilen özara himiki täsirleşmeleriň netijesinde janly organizmler özleriniň ýaşaýyş işjeňlikleri üçin zerur bolan energiýany alýarlar.

Atmosferanyň fiziki häsiýetleri we ýagdaýy wagtyň dowamynda – gije-gündizde, pasyllarda, ýylyň dowamynda, şeýle hem deňiz derejesinden beýiklige, ýer giňişliklerine, onuň ummandan nähili uzaklykda ýerleşýändigine baglylykda, giňişlikde üýtgäp bilýär.

Geçen XX asyryň 80-nji ýyllarynyň başlarynda alymlar adamzadyň işjeňliginiň täsiri netijesinde ozon ekranyna zyýan ýetirilip, onuň dargap başlandygyny anykladylar. Munuň sebäbi sowadyjy enjamlarda freonlaryň köpçülikleýin peýdalanylmagy hem-de atmosfera giňişligine durmuşda ulanylýan aerozollaryň zyňylmagy bilen baglanyşyklydyr. Şol döwürde her ýylda atmosfera zyňylýan freonyň umumy mukdary 1,4 million tonna barabar bolupdy. Dünýä döwletleriniň özara ylalaşykly we sazlaşykly tagallalarynyň netijesinde atmosfera zyňylýan freony azaltmak mümkin boldy. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi bilen birlikde Türkmenistanda hem ozon gatlagyny ony dürli dargadyjylardan goramak boýunça giň möçberli işler durmuşa geçirilýär.

Atmosfera Ýer togalagyny köp sanly meteoritleriň täsirinden hem gorap saklaýar. Alymlaryň hasaplamalaryna görä, her sekuntda atmosfera giňişligine adaty göz bilen görüp bolýan meteoritleriň 200 milliona çenlisi gelip düşýärler. Emma olar atmosferada ýanyp gidýärler. Kosmos tozanlarynyň maýdaja bölejikleri hem atmosferada öz hereketini haýalladýarlar. Ýeriň üstüne her ýylda kiçijik meteoritleriň 1018-e golaýy gelip düşýär. Munuň özi Ýeriň massasynyň ýylda 1 müň tonna köpelmegine getirýär. Atmosfera ýylylygy saklaýjy süzgüç hasaplanýar. Atmosfera bolmasa Ýerde temperaturanyň gije-gündiziň dowamynda üýtgäp durmagy 2000 C-ä ýeterdi (gündizine 1000 C-den – gijesine 1000 C-ä çenli).
15
132
atakulyyewa_humay
27.07.2023 00:42
Geljekde adam näçe ýyl ýaşar? 100 ýa-da 150 ýyl?

Häzirki wagtda 100 ýaşdan geçýän adamlar bar. Emma olaryň sany gaty az. Alymlar dünýä inenleriň ýarysynyň 100 ýaşa çenli ýaşajakdygyna ynanýarlar.

Adam näme üçin garraýar? Saklamak ýa-da iň bolmanda bu prosesi haýallatmak mümkinmi?

Çal saçlar we seýrek dişler garramagyň alamatydyr. Ondan daşlaşmagyň mümkin däldigini hemmeler bilýär.

Rezuşka - bu ösümlik birnäçe hepde ýaşaýar. Ýöne ondan iki gen aýrylsa bu otjumak ösümlik birnäçe ýyllap ýaşap biler we ullakan gyrymsy agaja öwrüler. Belki rezuşkanyň millionlarça ýyl ozal ösüşi düýpgöter üýtgeşik bolup, belli bir wagt garrylyk genlerine eýe bolan bolmagy mümkin. Bulardan netije çykaryp, Fizika-himiýa, biologiýa gözleg institutynyň müdiri A.N.Belozirskiý «Ölüm ewolýusiýa arkaly oýlanyp tapyldy» diýip belläp geçýär.

Rus biohimigi Skulaçew garrylyk syrynyň bir bölegini çözen bolmagy mümkin. Öýjüklerdäki energiýa stansiýalary bolan mitohondriýany öwrenip, näme üçin ýaşyň ulalmagy bilen kislorodly erkin radikallaryň näme üçin ýygnanýandygy bilen gyzyklandy. «Günde adam 40 litr kislorod sarp edýär, 0,4litr kislorod zähere öwrülýär we daşary çykarylýar. Muňa tebigat çydap bilmez» diýip Skulaçew belläp geçýär.

Bir organizm näçe ir ölse, täze nesle şonça-da ýol açar. Muňa «Biohimiki janyňa kast etmek» diýip atlandyryp bolýar. Emma Skulaçew bu prosese duruzyp biljek bir madda tapdy. Oňa Skulaçewiň ionlary diýip at berildi. Bu ion ilkinji gezek Moskwa uniwersitetiniň barlaghanalarynda sintez edildi. Ol erkin radikallary zyýansyzlandyryp, mitohondriýa ýörite antioksidantlary berip biler. Skulaçewiň ionlaryna esaslanýan taýýarlyklar eýýäm dermanhanalarda satylýar. Ol geljekde «Garrylyk tabletkasy» hökmünde ulanyp bilner. Ýöne ol üçin has köp synag gerek. Bu ionlar dünýädäki bütin alymlary gyzyklandyrýar we bütin dünýäde öwrenilýär. Bu ionlar bilen 150-den gowrak haýwanlarda synag geçirildi. «Bu haýwanlaryň hemmesi garramagy haýallatmagyň yzygiderli alamatlaryny görkezýär» diýip weterinariýa hassahanasynyň müdiri Piter Britton belläp geçýär. Orta hasap bilen synag geçirilen haýwanlaryň ýaşlyk döwri iki esse artdy.

Düýbi Moskwada ýerleşýän kompaniýa beloklarda garramagyň syryny tapmak üçin ullakan biobanklary we çylşyrymly hasaplamalary ulanýar. Haýwan synaglary bu usulyň hem täsirli bolup biljekdigini tassyklady. Meselem adamyň garramagyny ýokarlandyrmak üçin ganyndan beloklary aýyrmak ýeterlikdir.
15
52
atakulyyewa_humay
26.07.2023 07:29
Köp kitap okasaň , köp zat biler sen,
Ýagşy-ýamanlardan daşda durar sen.

Bu durmuşyň synagyndan sapak al,
Dogumly, çyn sözli, mertebeli bol.

Adam eli bilen geljegini döreder,
Akylly patyşa ýurdy jem eder.

Musulman men diýer bolsaň eý bende,
Ýagşylykdan ýüz öwürme her ýerde.

Ýagşy adam hasaplasaň özüňi,
Ýügürtme her kime ýaman sözüňi.

Diliňe gaýym bol bela duşmazdan,
Diýme sözi anygyna ýetmezden.



Mawlýuda ATAJANOWA,

Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine
ýöriteleşdirilen 27-nji orta
mekdebiniň mugallymy
14
49
atakulyyewa_humay
26.07.2023 00:10
Ylym almak – iňňe bilen guýy gazmak.

* * *

Goýun bakan çöl tapar, ylym okan ýol tapar.

* * *

Ylym akyldan dem alar.

* * *

Hünär – akar bulak, ylym – ýanar çyrag.

* * *

Kitap eneň-ataň ýaly terbiýeçidir.

* * *

Hakyky zehin iki daşyň arasynda galsa-da syzylyp çykar.

* * *

Ylymly kaza şaýat gerek bolmaz.

* * *

Kitaby magşuk saý, özüňi ‒ aşyk.

* * *

Okaýan il ozar, okamaýan il tozar.

* * *

Ylym köp, ömür az, geregiňi al – daşa ýaz.

* * *

Hünärli är hor bolmaz, dost-duşmana zar bolmaz.

* * *

Hat okan hat biler, hat bilensoň, hak biler.

* * *

Ylym satsaň – puluň, saklasaň – guluň.

* * *

Ylym – akylyň ýarysy.

* * *

Hünärli – zor, hünärsiz – hor.

* * *

Okasaň, bilim alarsyň, hemme zady bilersiň.

* * *

Ylym– yhlas.

* * *

Ylymsyz bir ýaşar, ylymly – müň.

* * *

Ylymsyza ynanç ýok, hünärsize – guwanç.
31
154
atakulyyewa_humay
25.07.2023 06:54
Ynsan durmuşynda möhüm roly oýnaýan kitap ähli döwürleriň gymmatly maglumat serişdesidir, bilimleriň çeşmesidir. Häzirki wagtda bolsa maglumat ulgamlarynyň ösmegi bilen kitaplaryň sanly, elektron görnüşi giň meşhurlyga eýe boldy. Elektron kitabynyň taryhyna ser salanymyzda, ony döretmek baradaky ilkinji pikir Bob Brauna degişlidir. Ol öz pikirini öňe sürüp, 1930-njy ýylda bu barada kitap ýazýar. Kagyz ýüzüne ýazylan maglumaty belli bir tizlikde öňe hem yza geçirmek onuň pikiri arkaly beýan edilýär. Kagyz zolaklar şol döwürlerde telegramma ibermekde hem giňden peýdalanylypdyr. Onuň bu täze pikiri ilkibaşda ýol almasa hem, bu pikir elektron kitabyň taryhynyň gözbaşy hökmünde taryha girýär. Şondan köp wagtdan soň, 1971-nji ýylda amerikaly Maýkl Harta uniwersitetde zähmet çekýän döwründe maşyndan peýdalanmaga berlen goşmaça wagtyny mundan başga has-da peýdaly zada sarp etmegi öňe sürüpdir. Ol bu ugurda ilkinji elektron kitaby taýýarlap, onuň tekstini kompýuterde ýazypdyr. Onuň elektron kitabynyň many-mazmuny ABŞ-nyň garaşsyzlygyna bagyşlanypdyr.

Şondan kän wagt geçmänkä, 1998-nji ýylda ilkinji köpçülikleýin elektron kitaplar çykyp başlapdyr. Şeýle elektron kitaplar «NuvoMedia» hem-de «Softbook Press» kompaniýalary tarapyndan satuwa goýberilipdir. Olaryň satuwa çykaran elektron kitaplary ilkinji nusgalaryndan biraz kämilleşdirilip, onda okyjylar üçin birnäçe hyzmatlar girizilipdir. Kompaniýanyň elektron harytlary 2006-njy ýyla çenli köp mukdarda çykarylyp, şondan soň onuň çykarylyşy peselipdir. 2007-nji ýylda elektron kagyz tehnologiýaly ekranlaryň ýüze çykmagy bilen elektron kitaplaryň ähmiýeti uly ösüşe eýe bolýar. Mälim bolşy ýaly, elektron kitaplar götermäge amatlylygy hem-de ykjamlygy bilen tapawutlanýar. Şeýle-de onda ýüzlerçe kitaby saklamak mümkinçiligi bolup, elektron kitaplaryň göwrümi kiçi, adaty kitaplardan hem has ýeňildir. Mundan başga-da, kitapda bellik edilen sözlemleri, salgylanmalary, sözlükleri aňsatlyk bilen tapyp bolýar. Onda okyjynyň islegi boýunça beýan edilen maglumatyň ýazylyş stilini, görnüşini, reňkini, ekranyň formatyny üýtgetmek mümkinçiligi bar. Elektron kitabyň ýene-de bir artykmaçlygy, ondaky ownuk ýazylan ýazgylary birnäçe esse ulaldyp okamaga mümkinçiligiň bolmagydyr.
16
54
atakulyyewa_humay
25.07.2023 01:02
- Dewisiň kubogyna gatnaşan ilkinji ýurt Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Britan adalarydyr.

- Dewisiň kubogynyň ilkinji ýeňijisi Amerikanyň Birleşen Ştatlarydyr.

- Ýaryşyň ýeňijisine gowşurylýan kümüş kubogy D.Dewis ýörite 1000 amerikan dollaryna taýýarladypdyr.

- Amerikada 1900-njy ýylyň 8-nji awgustynda ilkinji gezek «Uly tennis boýunça halkara ýaryş» ady bilen tennis boýunça toparlaýyn ýaryş geçirilýär.

- Ýaryşyň taryhynda iň uzaga çeken duşuşyk 2015-nji ýylda Braziliýada geçirilen Maýer bilen Souzanyň arasynda bolup, oýun 6 sagat 43 minuda dowam edipdir.

- Dewisiň kubogynda iň ýokary tizlikli urgy 253 km/sag deň bolup, bu görkeziji Jon Iznere degişlidir.

- Ýaryşyň taryhynda hemme bäsleşiklerde yzygiderli çykyş edip gelýän iki döwlet Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen Çehiýadyr.

- Dewisiň kubogyny almak ugrunda geçirilýän ýaryşlarda dünýäniň ilkinji 10-lugyna girýän döwletler: Amerikanyň Birleşen Ştatlary, Awstraliýa, Beýik Britaniýa, Fransiýa, Şwesiýa, Ispaniýa, Germaniýa, Russiýa, Çehiýa, Italiýa.

- Dewisiň kubogynyň 100 ýyllygyna 129 döwletden ussat tennisçiler gatnaşypdyr.

- 1945-nji ýylda ýaryşyň ady D.Dewisiň hatyrasyna «Dewisiň kubogy» diýen at bilen atlandyrylypdyr.

- Oýunçylaryň arasynda iň ýaş we ýaşuly oýunçy 66 we 13 ýaşynda bolup, olaryň ikisi hem bir San-Marino döwletindendir.

- D.Dewis ýaryşyň düzgünlerini düzmäge hem işjeň gatnaşypdyr.

- Dewisiň kubogy ugrundaky ýaryşy geçirmek baradaky teklibi öz wagtynda Garward uniwersitetiniň talyplary öňe sürüpdirler.

- 1905-nji ýylda geçirilen ýaryşa başga ýurtlardan hem gyzyklanma bildirýän tennisçiler gatnaşyp başlapdyrlar.
21
153
atakulyyewa_humay
24.07.2023 15:05
Talyplaryň okuw sapaklaryna taýýarlanmaklary üçin käbir peýdaly maslahatlar:

Özüňizi höweslendiriň!

Munuň üçin bir kagyzyň ýüzüne özüňiziň näme sebäpden okaýandygyňyzy we nähili maksatlara ýetmek isleýändigiňizi sanaw görnüşinde ýazyň. Bu sanaw näçe uly bolsa, şonça-da gowy, iň bir ýönekeý sebäplere çenli ýazyň. Wagtal-wagtal şol sanawy okap durmak sizi ruhlandyrar, okuwa çynlakaý çemeleşmäge höweslendirer. Her bir özleşdiren maglumatyňyzy durmuşda ulanylýan ýeri bilen baglanyşdyryp öwreniň.

Özüňizi yzygiderli sylaglaň!

Meselem, sapakdan soň nähilidir bir halaýan zadyňyzy iýiň, öý haýwanyňyz bilen oýnaň. Synagdan ýa-da ders bäsleşiklerinden soň bolsa ulurak sylag goýuň, meselem köpden bäri isleýän zadyňyzy satyn alyň.

Okuw bilen dynç alşyň wagtyny sazlaň!

30-50 minut aralygynda sapaklara taýýarlananyňyzdan soň arakesme ediň. Munuň ýene bir usuly: ýerine ýetirmeli işleriňizi ownuk böleklere bölüň we olaryň her birini tamamlansoň kiçiräk arakesme ediň. Arakesme wagtynda ýeňil beden maşklaryny we göz maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Okuw işlerine endik edinmek üçin her gün şol bir kesgitli wagtda başlaň. Synaglara taýýarlyk döwrüni öňünden meýilnamalaşdyryň.

Kimdir biri bilen bile taýýarlanyň!

Şol bir otagda taýýarlanmak zerur däl, emma ýerine ýetiren işleriňiz barada kimdir biri bilen pikir alyşmak möhümdir.

Ünsüňizi böljek faktorlary aradan aýryň!

Okuwdan öň garnyňyzy doýruň we ýeterlik mukdarda suw içiň. Sebäbi açlyk we suwsuzlyk okuw işlerinden siziň ünsüňizi sowar. Okuwyňyza hiç zat päsgel bermejek ýerde meşgullanyň, meselem, kitaphanada. Okuw üçin zerur bolmadyk elektron enjamlaryny ulanmaň.
26
183
atakulyyewa_humay
24.07.2023 00:52
Gabionlar diňe bir guty däl olar dürli tebigy materiallar bilen doldurylan simden ýasalan üç ölçegli gurluşdyr. Häzirki wagtda olar landşawt dizaýnynyň bir elementi bolmak bilen, şol bir wagtda özüne çekiji we işlemäge ukyply bolup durýar. Gabionlar kenar ýakalaryny, ýollary we demir ýollaryň ugrundaky emeli kenarlary berkitmek, tebigy eňňitleri eroziýadan, gaýalardan goramak üçin ulanylýar. Gabion sebetleriniň birnäçe asyr mundan ozal döredilendigine garamazdan, häzirki wagtda olara täzeden üns berlip başlandy. Şeýle gurluşlar çydamly, gurmak we saklamak aňsat bolýar hem-de tebigy materiallaryň ulanylmagy sebäpli gabionlar tebigy görünýär.

Gabionlaryň görnüşleri:

Gabionlaryň iň köp ulanylýan görnüşleriniň biri daşy ýapyk inedördül ýa-da gönüburçly guty ýaly görünýär. Gabion daş ýa-da başga metal bilen doldurylandan soň, gapagy ýapylýar we sim bilen berkidilýär.

Düşek – bu guty gabionlarynyň dürli görnüşlerinden biridir, olar reno matraslar diýilýär. Düşek –düşek gabionlaryň meýdany 12 inedördül metre çenli barabardyr.

Silindr görnüşli gabionlar – köplenç suw howdanlarynda, ýokary tolkunly ýerlerde heläkçilikleri ýok etmek ýa-da diwarlary saklamak maksady bilen esas döretmek üçin ulanylýar. Silindr görnüşli gabionlaryň diametri 0.65 metrden üýtgeýär.

Gabionlaryň artykmaçlyklary: uzak möhletlilik, çeýelik, ekologiki taýdan arassa.
23
150