atakulyyewa_humay
24.07.2023 15:05
Talyplaryň okuw sapaklaryna taýýarlanmaklary üçin käbir peýdaly maslahatlar:

Özüňizi höweslendiriň!

Munuň üçin bir kagyzyň ýüzüne özüňiziň näme sebäpden okaýandygyňyzy we nähili maksatlara ýetmek isleýändigiňizi sanaw görnüşinde ýazyň. Bu sanaw näçe uly bolsa, şonça-da gowy, iň bir ýönekeý sebäplere çenli ýazyň. Wagtal-wagtal şol sanawy okap durmak sizi ruhlandyrar, okuwa çynlakaý çemeleşmäge höweslendirer. Her bir özleşdiren maglumatyňyzy durmuşda ulanylýan ýeri bilen baglanyşdyryp öwreniň.

Özüňizi yzygiderli sylaglaň!

Meselem, sapakdan soň nähilidir bir halaýan zadyňyzy iýiň, öý haýwanyňyz bilen oýnaň. Synagdan ýa-da ders bäsleşiklerinden soň bolsa ulurak sylag goýuň, meselem köpden bäri isleýän zadyňyzy satyn alyň.

Okuw bilen dynç alşyň wagtyny sazlaň!

30-50 minut aralygynda sapaklara taýýarlananyňyzdan soň arakesme ediň. Munuň ýene bir usuly: ýerine ýetirmeli işleriňizi ownuk böleklere bölüň we olaryň her birini tamamlansoň kiçiräk arakesme ediň. Arakesme wagtynda ýeňil beden maşklaryny we göz maşklaryny ýerine ýetirmek maslahat berilýär. Okuw işlerine endik edinmek üçin her gün şol bir kesgitli wagtda başlaň. Synaglara taýýarlyk döwrüni öňünden meýilnamalaşdyryň.

Kimdir biri bilen bile taýýarlanyň!

Şol bir otagda taýýarlanmak zerur däl, emma ýerine ýetiren işleriňiz barada kimdir biri bilen pikir alyşmak möhümdir.

Ünsüňizi böljek faktorlary aradan aýryň!

Okuwdan öň garnyňyzy doýruň we ýeterlik mukdarda suw içiň. Sebäbi açlyk we suwsuzlyk okuw işlerinden siziň ünsüňizi sowar. Okuwyňyza hiç zat päsgel bermejek ýerde meşgullanyň, meselem, kitaphanada. Okuw üçin zerur bolmadyk elektron enjamlaryny ulanmaň.
26
183
atakulyyewa_humay
25 Iýul 2023
@guzela_kahraman, şowly bolsun!
jeren_k
24 Iýul 2023
@guzela_kahraman, Haýsy WUZ?
jeren_k
24 Iýul 2023
@atakulyyewa_humay, Aýtmasana...😐
atakulyyewa_humay
24 Iýul 2023
@jeren_k, synaglar yakynlady, şolar ýaly hem tolgundyryjy pursatlar :)
jeren_k
24 Iýul 2023
Iň gowusy synaga uludan demiňi alyp girmek)) Synaglaram-a ýakynlaýar(
atakulyyewa_humay
24 Iýul 2023
@moana, Salam. Örän şat ☺️ beğendim 🤗Size Çäksiz minnetdarlygymy bildiryan🌹
atakulyyewa_humay
24 Iýul 2023
@peri_04, Tüweleme. Haýsy fakultet?!
atakulyyewa_humay
24 Iýul 2023
@peri_04, Salam. Netije nähili boldy?! Haýsyna girdiniz?!
wolf
24 Iýul 2023
👍🔥👍🔥👍
okayjy
24 Iýul 2023
Gowy maslahatlar 🤔👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.