arsi bet
11.05.2023 09:49
Arslan Allaberdiýew
Ýalançy gyz

Birehim ýowuz durmuş,
Meni nädip taşladyň.
Yzyňdan ýetjek bolup,
Ylgap–ylgap haşladym.

Yzyňdan ýete bilmän,
Bar güýjümi sarp etdim.
Söýgi atly kölüňe,
Bu gün meni gark etdiň.

Ýumruk ýaly gyzjagaz,
Meň dünýäme erk etdi.
Bar baýlygmy sowurup,
Soňam meni terk etdi.

Ol gyz ýylan ekeni,
Meni çakdy horlady.
Meň mukaddes söýgümi,
Äsgermedi harlady.

Öňem ençe oglany,
Aldap tozdurupdur ol.
Biz durmuşda utulduk,
Emma ozdurupdyr ol.

Bu ýalançy durmuşda,
Aldap hezil etdiňmi.
Indi gezek seniňki,
Pellehana ýetdiňmi.

Basym ýetersiň oňa,
Gargynjymyz boş däldir.
Maňlaýyň diräp daşa,
Urjak wagtyň daş däldir.







9
58
arsi bet
25.04.2023 11:56

Arslan Allaberdiýew

Ýalançy

Dünýämiz ýalançy biz ondan beter.

Ýalan dünýäň ýalanyna aldanýas.

Akymyň tersine ýüzjek bolmaýas,

Bu durmuşuň akymyna baglanýas.


Ulularyň aýdan pendin diňlemän,

Diýen bolýas öz aklym özüme ýetik.

Süýde gönezligi atyp goýmasaň,

Näçe basyrsaňam bolmaza gatyk.


Diňe ters ýollary saýlap alýarys,

Dogry ýollaň deňinden geçip gitýäris

Şeýdip durmuş atly meýdançadada,

Hemmeden öň pellehana ýetýäris.


10
74