arsi bet
11.05.2023 09:49
Arslan Allaberdiýew
Ýalançy gyz

Birehim ýowuz durmuş,
Meni nädip taşladyň.
Yzyňdan ýetjek bolup,
Ylgap–ylgap haşladym.

Yzyňdan ýete bilmän,
Bar güýjümi sarp etdim.
Söýgi atly kölüňe,
Bu gün meni gark etdiň.

Ýumruk ýaly gyzjagaz,
Meň dünýäme erk etdi.
Bar baýlygmy sowurup,
Soňam meni terk etdi.

Ol gyz ýylan ekeni,
Meni çakdy horlady.
Meň mukaddes söýgümi,
Äsgermedi harlady.

Öňem ençe oglany,
Aldap tozdurupdur ol.
Biz durmuşda utulduk,
Emma ozdurupdyr ol.

Bu ýalançy durmuşda,
Aldap hezil etdiňmi.
Indi gezek seniňki,
Pellehana ýetdiňmi.

Basym ýetersiň oňa,
Gargynjymyz boş däldir.
Maňlaýyň diräp daşa,
Urjak wagtyň daş däldir.







9
58
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.