angel_
05.07.2023 14:31

Hiç haçan geçmişe dolanma.Ol seniň gymmatly vagtyňy öldürýär.Taryh gaýtalanmaýar,adamlar üýtgemeýär.Hiç haçan hiç kime garaşma,shol bir ýerde durmada-da,yzyňa seretmän diňe öňe hereket et.Seni gerek adamlaryň özleri hökman gözläp tapar!

14
67
angel_
05.07.2023 06:44

Ýene geldim jümjümeli meýdana

Tebigat ovadan sheyle bir gözel

Bahar,gyz kalbymy daldy heýjana

Kalbym durşy bilen aýdym-saz,gazal.


Alsa-da ýalňyzlyk daşymy gurşap

Seýil etýän ýaz yagşyna ezilip

Şemal alysdaky şatlgy buşlap

Çigildemler başyn eğyär süzülip.


Bozman ýöräp gelýän,ýeriň gaýmagyn

Geçmişi ýatladan gülli ýodadan

Şatlyk beryar,gunçalaryň oýmagy

Ýogsa söýgüň gussasyndan ýadadym.


Gövnüm açjak ýaly,ovadan bağlar

Gök kürtesin atynypdyr başyna

Bilbil joşa gelýän bu ajap çaglar

Gideyin meýdana bir öz başyma.


Hol asmanda lemmerleýän bulutlar

Sepeläp zemine gözellik nurun

Gövne ganat gerýär süýji umytlar

Men saňa garaşyp ş:ol ýaşap yörin

2
16
angel_
30.06.2023 13:37

Synanyşsaň 2 variýant bar:"bolar"ýada "bolmaz"....

Eğer synanyşmasaň ýekeje variýant bar:"bolmaz".

Diňe öz ýeňjegiňe ynan,arzuvlaryň üçün göreş,ýadama.

15
83
angel_
27.06.2023 20:05

Durmuşy söý,ol hem seni söýer.Adamlary söý,olar hem saňa söýgi bilen joğap bererler.


Söýmek-birek-biregiň gözlerine mähir bilen garamak däldir,söýmek-bilelikde bir tarapa seretmekdir.


Söýgüni güýç bilen gazanyp bolmaýar.Söýgüni haýyş bilen hem alyp bolmaýar.Ol garaşylmadyk pursatda bir yerlerden peýda bolýar.


Söýgi-bir ýürekden özğe ve bir yüreğe baryan göni ve iň gysga ýol.


Söýmek-özgäniň bagtyndan öz bagtyňy tapmakdyr.


Söýýän yüreğiň süýji urgusy bilen Ýer yüzüniň hiç bir sazy deňleşip bilmez.


Tümlük bağlary,gülleri görer gözden gizläp biler,emma söýgüni ýürekden gizläp bilmez.


Birek-biregi söýüň.Emma söýgiňizi zynjyra övürmäň.Goý,ol siziň yürekleriňiziň kenarynyň arasyndaky çaýkanyp ýatan deňiz kysmy bolsun!

9
91