angel_
05.07.2023 06:44

Ýene geldim jümjümeli meýdana

Tebigat ovadan sheyle bir gözel

Bahar,gyz kalbymy daldy heýjana

Kalbym durşy bilen aýdym-saz,gazal.


Alsa-da ýalňyzlyk daşymy gurşap

Seýil etýän ýaz yagşyna ezilip

Şemal alysdaky şatlgy buşlap

Çigildemler başyn eğyär süzülip.


Bozman ýöräp gelýän,ýeriň gaýmagyn

Geçmişi ýatladan gülli ýodadan

Şatlyk beryar,gunçalaryň oýmagy

Ýogsa söýgüň gussasyndan ýadadym.


Gövnüm açjak ýaly,ovadan bağlar

Gök kürtesin atynypdyr başyna

Bilbil joşa gelýän bu ajap çaglar

Gideyin meýdana bir öz başyma.


Hol asmanda lemmerleýän bulutlar

Sepeläp zemine gözellik nurun

Gövne ganat gerýär süýji umytlar

Men saňa garaşyp ş:ol ýaşap yörin

2
16
okan
5 Iýul 2023
Gowy gosgy 👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.