amanmyradowna_
17.10.2023 18:05

Awraam Linkolnyň bir sözi bar: “Dymyp


durmagyňy adamlar akmaklyk hasap etse-de, gürläp, olaryň bu pikirini tassyklanyňdan, ýene-de dymyp duranyň gowudyr”.

37
113
amanmyradowna_
09.10.2023 22:54

Garaşylmadyk ýagdaýda gelen gòzellikler bardyr Rebbim şo gòzellikleri durmuşymyzdan kem etmesin.

39
137
amanmyradowna_
05.10.2023 17:01

Dört gylyk


«Ulumsylyk – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne ulumsylyk etmejek bolup,


Ýyrşaryp ýörmegem gowy däldir, dost.



«Geplemseklik – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne geplemseklik etmejek bolup,


Dommaryp ýörmegem gowy däldir, dost.



«Ýaranjaňlyk – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne ýaranjaňlyk etmejek bolup,


Gomparyp ýörmegem gowy däldir, dost.



«Ýaltaçylyk – erbet gylyk» diýýärler.


Beterräk diýseňem rastdyr rast.


Ýöne ýaltaçylyk etmejek bolup,


Hars urup ýörmegem gowy däldir dost.



«Başga-da köp erbet gylyk» diýýärler.


Olaryň köpdügem rastdyr rast.


Ýöne her bendimde bir söz üýtgedip,


Samyrdap durmagam gowy däl-dä, dost.

41
164
amanmyradowna_
03.10.2023 07:36

Uzalyp-uzalyp, ymgyr-ymgyr bolup ýatan çägelikleri görseň, bilgin, olaryň


aňyrsynda ýaşyl begres atynyp oturan bossanlyklar we goýry saýalar bardyr.


Çekilip-çekilip, dartylyp barýan ýüpi görseň, bilgin, ol hökman üzülýändir.


Gözýaşyň soňunda ýylgyryş, gorky sowlansoň, arkaýynlyk, dowul


ýatyşansoň, ynjalyk bardyr

34
34
amanmyradowna_
30.09.2023 19:24

Ölçeg


Duşmany tanamagyň uly ölçegi puldur.


Puluň duşmany bolsa, adamyň dosty


şoldur.

34
48
amanmyradowna_
29.09.2023 15:14

Adam bedeninde: peşew haltada we bòwreklerdàki emele gelen daşlar.

42
283
amanmyradowna_
28.09.2023 17:40

Siziñ pikiriñizçe jùbùtlriñ ýaş tapawudy naçe bolsa gowy?

53
1 046
amanmyradowna_
27.09.2023 18:49

Saňa birnäçe sowal: “Şowsuzlykdan


gorkýarmyň? Işiň ugrukmazlygyndan


howatyrlanýarmyň? Bir zatda işim ugrukmaz öýdüp, synanyşyp görmekden gaça


durýarmyň?».Eger-de sen “hawa” diýip jogap berseň, onda seniň öňüňde, dogrudanam,


ullakan böwet, päsgelçilik peýda bolar we sen aglaba şeýle halatda arzuwlaryňy hasyl edip bilmersiň.


Şowsuzlyk gorkunç zat däl. Şowsuzlyk


üstünligiň ganatydyr, ruhudyr, barlygynyň


jöwher janydyr. Durmuşda haçandyr bir wagt büdremedik ýa-da agsamadyk adamy hiç wagt görmersiň. Işi rowaç adamlaryň ählisi hem şowsuzlyk tagamyny dadyp görendirler. Hiç bir adam Allanyň kesgitlän bu durmuşynda: “Bu ýolda üstünlik hemişe meniň hemram


boldy” — diýip, aýtmaga milt edip bilmez.

34
137
amanmyradowna_
26.09.2023 14:31

Gamgyn bolma! Çünki sen düýn gynanyp-gyýlyp, darygyp gördüň, saňa gara


şaýlyk haýry degdimi? Ogluň işi ugrukmady, gynananyň bilen, üstünlik


gazandymy? Ene-ataň aradan çykdy, öte gyýlanyň bilen, yzyna direlip geldimi?


Söwdada çökdüň, gaýga çümdüň, daryganyň bilen, ýitgiler girdejä öwrüldimi?...


Aid al-Karni-"Gamgyn bolma!"

39
100
amanmyradowna_
24.09.2023 08:46

Ömür hakda pikir etseň


Ölüm öýkelärmişin.


Ölüm hakda pikir etseň –


Ömür öýkelärmişin.



Ine saňa gerek bolsa


Iki sany öýkelek.


Öýkelet sen ikinjini,


Gije-gündiz öýkelet!

32
32