altyyeva
05.09.2023 09:39

Sen meni hemişe ejiz saýyp geldiň! Adam ogly söýgiň öňünde-de ejizlemejek bolsa, onda ol onuň

doňbagyrlygyny aňlatmazmy !?


Näme üçin aşyk-magşuklara hemişe biri-birini gabanyp ýörmek kadaka ? Şeýtmek bilen olar biri-birleriniň ömrüni kertip ýörendiklerine haçan akyl ýetirerkäler ?!

19
60
altyyeva
04.09.2023 00:43

Kimler-ä az söýer, kimleri çuňňur

Biri alyjydyr, biri satyjy

Käbirleriniň çözgüdi - gözýaşlary

Käsiniň-de ne ahy bar, ne nalyşy

Çünki söýenini öldi:r her ynsan

Ýöne, ne bolsa-da ölmeýär ynsan...

22
48
altyyeva
03.09.2023 17:44

"Görsem ynanaryn" diýipdir ynsan

"Ynansaň görersiň" diýipdir Dünýe

26
75
altyyeva
31.08.2023 16:29

Ömür bir uzyn ýol öňe gidere

Käte yza seredilýär ekeni

Bagt, söýgi, şatlyk, ömrüň manysy

Tapylmaýar, döredilýär ekeni..🤍

23
26
altyyeva
30.08.2023 15:27

Käbir adamlar 2 setir akyl satyp, özlerini şeýle kämildirin hasaplaýa welin öz kemçiliklerini görmeýä, aýtsaňam boýun almaýa...

26
82
altyyeva
29.08.2023 15:18

Men kim


Men juda bagtly ýeriň ýüzünde

Minnetsiz ýaşaýan, elimde erkim

Her gün bir sowaly berýän özüme

Şu gün men näme etdim, asyl men kim !?


Bir dertli dostumyň göwnün göterdim

Ýylgyryşyna sebäp boldum ynsanyň

Nebsimi kör edip saldym yzyma

Özümden öň tutdym ynsabym


Öňküdenem eziz gördüm dünýäni

Söýdüm dag-düzüni, Aýyn hem Günün

Ýylgyrdym, ykbalym alyp barýardy

Ömür agajynyň solan bir gülün


Hakykat öňünde epdim dyzymy

Haramy ýazgardym, halala eňdim

Onno men arkaýyn aýdyp bilerin

Men ykbaly bu günem ýeňdim!


Ilmyrat Babaýew

33
56
altyyeva
28.08.2023 00:45

Her gün esasy maksadyňyz üçin kiçijek bolsa-da elbette birzatlar ediň

26
47
altyyeva
27.08.2023 01:09

Hormata mynasyp adamlaryň ählisiniň arkasynda

hormatly MUGALLYM lar bardyr...

21
82
altyyeva
26.08.2023 20:23

Adamzat agzyndan çykýan gepleriň, aňyndaky pikirleriň dünýäni aýlanyp, öwrülip özüne gaýdyp gelýändigini bilsedi has oýlanyşykly ýaşardy...

22
46
altyyeva
23.08.2023 07:49

Kitap Ispaniýadan Müsüre hazyna gözlemäge giden Santýago atly bir çopan barada gidýä. Kitaby eline alanlar köplenç şu jogaby aýdýärlar: içgysgynç. Ýöne iň esasy zat ! Final bölümi ! Kitabyň soňunda eserimiziň gahrymany hakykatdanam öz hazynasyny tapýa, emma başga şekilde bir hazynany tapýa. Kitap esasanam şahsyýeti kämilleşdirýän, kişiniň öz bellibir maksadyna okgunly hereket etmegi gazandyrýan, şol maksada ýetmek üçin nämeler etmeli...şonuň ýaly meseleriň üstünde işleýän temada iň tapawutlanýan eser. Okap görmegiňizi maslahat berýän :)

23
140