altyyeva
29.08.2023 15:18

Men kim


Men juda bagtly ýeriň ýüzünde

Minnetsiz ýaşaýan, elimde erkim

Her gün bir sowaly berýän özüme

Şu gün men näme etdim, asyl men kim !?


Bir dertli dostumyň göwnün göterdim

Ýylgyryşyna sebäp boldum ynsanyň

Nebsimi kör edip saldym yzyma

Özümden öň tutdym ynsabym


Öňküdenem eziz gördüm dünýäni

Söýdüm dag-düzüni, Aýyn hem Günün

Ýylgyrdym, ykbalym alyp barýardy

Ömür agajynyň solan bir gülün


Hakykat öňünde epdim dyzymy

Haramy ýazgardym, halala eňdim

Onno men arkaýyn aýdyp bilerin

Men ykbaly bu günem ýeňdim!


Ilmyrat Babaýew

33
56
2580
30 Awgust 2023
👏👏👏👍👍👍
altyyeva
29 Awgust 2023
@psr05, салам
psr05
29 Awgust 2023
❤🙋‍♂️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.