altyyeva
17.10.2023 01:45

Wagt salgym ýaly bir zat. Birde bar ýaly bir seretseňem senden näçe-näçe ädim öňe düşüp ylgap barýandyr. Günlerem wagtyň yzyndan ylgaýan ýaly dowamly hem şeýlebir tiz geçýär welin ynsan kalby ynjalygyny ýitirenini duýman galýar. Şol ikiarada ömrüň hasaby netijesinem ýöretmek köplere başartmaýar.

Kalbym,gijeler ümsüm hem tümlügi bilen gözleriňi uka büräp barýanam bolsa ýadaw serimiz ýassygy guçmazdan ozal şu günüň netijesini jemlemegi endik öwürmek gerek. Käte gün içinde ylgawyň batlyrak bolanyny bahanalap ençe güni hasapsyz geçirsegem aý-ýyllaryň hasaby welin sypmasa gowy.

"Bir ýerde durmak ýok, ýa öňe gitmeli ýa yza"diýilýär. Öz duran nokadyňa göz ýetirmek üçinem günleriň hasabyny çykarmak möhüm. Beýik maksatlary niýetlän geljekden uly üstünlikleriň umydyny beslän bolsaňyz gijelerden ömür hasabyna wagt aýryň. Şol ýeňişli güne näçe ädim galanyny hasap edere. "Hasap däl nesip" diýilse-de hasabam ýitirmedigimiz gowy. "Hasaply dost uzak gider " diýen nakylam birmanyly däl ahbetin.

26
73
altyyeva
16.10.2023 08:15

"İnsan, insan derler idi,

İnsan nedir, şimdi bildim''

(Muhyiddin Abdal)


Ynandyryp, undulamsoň,

Agylarym ýuwdulansoň,

Dertlerimi hüwdilämsoň,

Wepalynyň, biwepanyň

kimdigini şonda bildim.


Galp ötünji bagyşlamsoň,

Ynjylarymy hünjä öwrüp,

Ýüregime nagyşlamsoň,

"Saňa sözüm söz" diýdiler,

Lebiz näme, şonda bildim.


Tapanlarym gideremsoň,

Söýenjimi ýitiremsoň,

"Bir zatlara ýeteňdensoň,

beýlekiden geç" diýdiler,

Pida näme, şonda bildim.


Ýalňyzlyga höwrügemsoň,

Ýagyrnymda hanjar yzy

görünensoň,

Kalbym daşa öwrülensoň,

"Dost dosta aýna" diýdiler,

Dostum kimdir, şonda bildim.


Dogry ýolda ýalňyşamsoň,

Özge güle çalşylamsoň,

Dolansa ýene bagyşlamsoň,

"Söýgi—bagş etmek!" diýdiler,

Söýgi näme, şonda bildim.


Ynanyp Alla ýalbarar,

Şükür etmez ýetirensoň,

Gadyr biler giderensoñ,

Puşman—duşman ýitireňsoñ,

Ynanç näme şonda bildim,

"Ynsan, ynsan" diýerlerdi,

Ynsan kimdir, indi bildim.


Aýsapar Emelowa

18
13
altyyeva
15.10.2023 10:27

►Ýygy-ýygydan ýürekden gülüp bilmekdir bagt

►Adamlaryň we çagalaryň mährine, söýgüsine mynasyp bolup bilmekdir bagt

►Bagt adamlaryň arasynda diňe ýagşylykda ýatlanmakdyr

►Dostsyraýan adamlaryň arkaňa pyçak urup, dönüklik etmeklerine çydam edip bilmekdir

►Bagt gözellikleri söýüp bilmekdir

►Bagt her bir adamyň gowy tarapyny görüp bilmekdir

►Hiç zada garaşman, pikirlenmezden özüňden bir zatlar berip bilmekdir bagt

►Arkaňda sagdyn bir nesil, edep bilen terbiýelenen bir ruh, ideg edilen ýaşyl bir meýdan, dünýäniň hasam gözelleşmegine goşan goşandyňdyr bagt

28
54
altyyeva
14.10.2023 00:31

Gürrüňlerden uzak, gohlardan daşda,

Saňa gowuşdyrjak menziller başga,

Bu sada ýüregim düşäýipdir yşga,

Geň zat.


...Giçlik. Howlymyzyň armytly bagy,

Gije. Ýüze sylyp asmanda Aýy,

Yşk, pursat, arzuw... bularyň bary,

Geň zat.


Tekepbir ýüregmiň çözlüpdir buzy,

Ylgaberdi diýip: “Hezillik niri?”,

...Ýada düşýär düýnki goşgymyň yzy,

Geň zat.


Şol bir zat, şol bir heň, şol aýdym diýme,

Men indi sendenem saklamok kine,

...Ýarym aklym, akyl satyp ýör ile,

Geň zat.


Aýşat Hojamuhammedowa

22
23
altyyeva
13.10.2023 00:17

Ýaşaýşyň kyn minutlarynda gaýgy-gam we horluk gerşinden basanda adamlar hakyky ynsan adyna laýyk bolýarlar. Ýönekeýje synçy nazar bilen bakylsa-da haýsydyr bir uly başlangyçlar kynçylyksyz başa barmaýar.Munuň üçin adam öz ykbalyna minnetdar bolmalydyr. Şowsuzlyklar bizi taplaýar. Häsiýet umytlar ýykylanda döreýär.Biz özümize aşa ýokary baha berýän ekendigimizi synaglar netijesinde göz ýetireris. Durmuş tejribesi güýçli we gowşak taraplarymyzy anyk bilmegi öwreder. Ýalňyşlarymyza indikide gaýtalamajak derejede ökünip bilsek şonda hakykatdan-da olara gynandygymyzdyr.

24
43
altyyeva
12.10.2023 16:26

Bagyşlamak - jümjüme gülüniň özüni basyp mynjyradyp geçen köwşe anbar ysyny saçmagydyr


Danalyk - indi näme etmelidigini bilmektir, başarnyk - ony nädip amala aşyrmalydygyna düşünmek, hakyky edermenlik ony berjaý edip bilmekdir


Işli bolmak ýeterlik däldir,garynjalaryň hem boş wagty ýok Gürrüň näme bilen meşgul bolmagyňda


Iň bir kyn pursatlarda-da oňatlyga tarap öwrülişik üçin iň ajap mümkinçilikler bardyr


Näçe köp töwekgellik etseň şonça-da utuk alýansyň


Biz bagtlylygymyz üçin gülemzok, gülýänimiz üçin bagtlydyrys


Durmuşda üstünlik gazanmak üçin 3 zat gerek : üns tertip-düzgün we hereket

19
34
altyyeva
11.10.2023 00:36

Kähalat ýalňyzlygym sebäpli uzakly gün ýazýaryn Köpçülikden gyra çekileniňde kämillige bolan ymtylyş döreýär Adamyň ruhy ýalňyzlykda öz-özi bilen gürleşýär köplenç hem ruhuň güýji herekete öwrülýär. Şonuň üçin eger adam bagtly bolmak isleýän bolsa özi üçin köpräk wagt bölüp aýyrmaly Emma ýalňyzlyk peýda getirjekmi ýa-da zyýan–bu adamyň temperamentine, sowadyna we hususy häsiýetlerine bagly Eger ýokary häsiýetli adamyň sap ýüregi ýaňyzlykda hasam arassalanýan bolsa ownuk kişiniň gödek ýüregi öňküsindenem gödekleşýär Şol sebäpden ýalňyzlyk ruhy güýçli ynsany terbiýelese, ejiz ruhlylar üçin jebir

21
44
altyyeva
10.10.2023 11:54

Asyl-asyl boldy-da bir agyr ýük,

Kalby ýere garşy sozdy, ine-de.

Arzuw syýam bilen ýazan geljegmiň

Hatlaryny ykbal pozdy ýene-de.


Ýagmalanyp şirin-şeker gijeler,

Düýşler talanyldy, umyt şel açdy.

Yşk bolup ýaşalan köňül köşgüniň

Gapysyny bir del ýapdy, ýel açdy.


Wagt ýöremez bolup galdy şondan soň,

Sekuntlary barmak basyp sanadym.

Setirlere ruhum bilen siňdim-de,

Dyrmalanan ýara bolup ganadym.


Başym sämäp hijriň derdinden ötri,

Yşnagymda nam-nyşan ýok diriden.

Sözläň, eý betbagt duýgulam,

Öňki

özümi men gözlemeli nireden?


08.02.2022ý.



✏Sapa HOMMADOW

25
30
altyyeva
08.10.2023 15:38

Derdiň alyp gideýin,

Şatlygymy alyp gal.

Gitseň-ä äkideýin,

Ýolda garaşyp dur ýol.


Derdiň maňa bermeseň,

Dertli bolup galaryn.

Meni kösäp ýörme sen,

Özüň bilgin galanyn.


Şatlygymy almasaň,

Başym çykmaz gussadan.

Onsaň neneň çydaryn,

Beýle ýowuz kysmata.


Iň bolmanda bir ýylgyr,

Gözlerimde gülüp gal.

Gitjek men, söýgimi ber,

Ýa-da meni alyp gal.

16
16
altyyeva
06.10.2023 02:30

Güýzän ýüregime bolup teselli,

Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.

Göwnümi uçuryp goýberdiň arşa,

Iglän arzuwlarna bolduň-da direg.


Ýok, uzaklyk ürküzmedi söýgini,

Ýollar ak geljegiň buşlugy ýaly.

Geçip barýan günler garrylyga däl,

Äkidip barýan deý ýaşlyga sary.


Gözleň göl döredip göwün öýümde,

Kalbyma keşde deý çekildi adyň.

Ýürege yp-yssy rahatlyk berýär

Tanşym, tanyş dälim, ýakynym, ýadym.


Bilýän, bu pursatlar “Ykbal” kitabma

Tämiz sahap bolup, müdimi girer.

Sebäp, duýgularma berip teselli,

Tüýs wagtynda geldiň — gijem däl, irem.


Sapa Hommadow

21
25