altyyeva
13.10.2023 00:17

Ýaşaýşyň kyn minutlarynda gaýgy-gam we horluk gerşinden basanda adamlar hakyky ynsan adyna laýyk bolýarlar. Ýönekeýje synçy nazar bilen bakylsa-da haýsydyr bir uly başlangyçlar kynçylyksyz başa barmaýar.Munuň üçin adam öz ykbalyna minnetdar bolmalydyr. Şowsuzlyklar bizi taplaýar. Häsiýet umytlar ýykylanda döreýär.Biz özümize aşa ýokary baha berýän ekendigimizi synaglar netijesinde göz ýetireris. Durmuş tejribesi güýçli we gowşak taraplarymyzy anyk bilmegi öwreder. Ýalňyşlarymyza indikide gaýtalamajak derejede ökünip bilsek şonda hakykatdan-da olara gynandygymyzdyr.

24
43
altyyeva
13 Oktýabr 2023
#postyň dowamy teswirlerimde sebäbi postuň özünde doly paýlaşma limitim ýetmedik...
altyyeva
13 Oktýabr 2023
Emma kim tutuş asyr boýy agaç bolup ýaşamagy ynsanyň doly, manyly, maksada okgunly ýaşaýşynyň ýeke gününe çalşar? Bizi şeýle ajaýyp we çuňňur tolgunma döredýän zatlar gurşap alýar welin, munuň gadyryny öňden bilmändigime biraz utanýan.
altyyeva
13 Oktýabr 2023
Ömrüň nämedigine düşünýänçäk, eýýäm gutaraňkyrlaýar. Ýöne ony diňe uzaklygy bilen ölçäp bolmaýar. Dub agajy ýüzlerçe ýyl ýaşaýar. Oňa çenli dirileriň kowmy birnäçe gezek çalyşýar.
altyyeva
13 Oktýabr 2023
Köp synaglary başyndan geçiren adam wagta öz kömekçisi ýaly garap başlaýar. «Wagt – geçmişi owadanlaýar we köşeşdirýär» diýýärler, emma ol sapak hem berýär. Wagt – tejribäniň iýmiti, paýhasyň boý alýan topragydyr. Ol ýaşlygyň dosty hem, duşmany hem bolup biler. Wagt – peýdasyna ýa-da zyýanyna ulanylandygyna baglylykda garrylygyň baş ujunda duran teselliçi ýa-da jellatdyr.
altyyeva
13 Oktýabr 2023
Başga birinden ýokarda bolmakda hiç hili ajaýyplyk ýokdur. Hakyky ajaýyplyk, çyn ýeňiş haçanda öz «meniňden» ýokarda bolmagy başaranyňda döreýändir. Durmuşda we işde ukyp däl-de häsiýet, akyl däl-de ýürek, geniýlik däl-de özüňe erk, sabyr, tertiplililk hem paýhasa boýun bolmak möhümdir. Paýhas – ykbalyň ýetişen akyla iň soňky peşgeşidir.
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.