alma___
26.08.2024 22:12
Durmuş hakykatlary
Synamak gerekdäl, wepasyz dosty,
Ojagyň terk eder, aç durup bilmez.
Ýene-de kakaňdyr, ýykylan wagtyň,
Ýeri ýegsan eder, hiç durup bilmez.
Doklardan sorama, garyp kim? Aç kim
Kösenmedik tanamaýar, mätäç kim,
Ejeňden başgasy, dünýäde hiç kim,
Öz janyndan, saña jan berip bilmez.
Mydam ähli zatdan yzdadyr gorkak,
Sähelçe ýel bolsa, tozaýar urpak,
Ilki söýgisinden ýanan her erkek,
Toýun gutlamaga, kän baryp bilmez.
Kuwwat Yazmuhammedow
12
29
alma___
07.08.2024 19:41
Söýenleriň kagyz pula tapyłmaz
Çaga bolup dünýä inen mahalyň,
Dakylan at, ýöne ýere dakylmaz.
Dünýede, her zadyň sebabi bardyr,
Wezipäň bolmasa, gapyň kakylmaz.
Hökümdar bolsa-da beýikler, begler,
Ölümiň öňünde boýny egiler
Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler,
Allaň saňa açan ýoly ýapylmaz.
Kösenen ýeriňde doganyň gelse,
Dost diýen ynsanyň dogan dek bilse,
Maşgalaň arkañda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkaň ýere ýykylmaz.
Agzy birdir duşmanlary ýykanlaň,
Az däl aýralykdan ömrün ýakanlar,
Wagt barka gadryny bil ýakynlaň,
Soň Söýenleň kagyz pula tapylmaz.
Kuwwat Ýazmyhammedow.
15
17