alma___
07.08.2024 19:41
Söýenleriň kagyz pula tapyłmaz


Çaga bolup dünýä inen mahalyň,
Dakylan at, ýöne ýere dakylmaz.
Dünýede, her zadyň sebabi bardyr,
Wezipäň bolmasa, gapyň kakylmaz.

Hökümdar bolsa-da beýikler, begler,
Ölümiň öňünde boýny egiler
Duşman ýoluň ýapjak bolsa-da näler,
Allaň saňa açan ýoly ýapylmaz.


Kösenen ýeriňde doganyň gelse,
Dost diýen ynsanyň dogan dek bilse,
Maşgalaň arkañda dik duran bolsa,
Kynçylykdan arkaň ýere ýykylmaz.

Agzy birdir duşmanlary ýykanlaň,
Az däl aýralykdan ömrün ýakanlar,
Wagt barka gadryny bil ýakynlaň,
Soň Söýenleň kagyz pula tapylmaz.

Kuwwat Ýazmyhammedow.
15
17
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.