alma___
10.12.2024 08:13
MAHMYT PÄLWAN
rowaýat
Belli şahyr hem-de pälwanlykda
özüni tanadan Mahmyt sol döwürlerde
Hywanyň baş pälwany bolupdyr. Onuň
orta çykyp, ýagyrnysynyn ýere degen gezegi bolmandyr. Mahmyt pälwan uly toylarda orta çykyp, diñe bir gezek ýenişsiz yza dolanypdyr.
Gonşy ýurduň şasynyň tutýan toýuna Hywa hany göreşdirmek üçin,
Mahmydy hem ýany bilen alyp gidyär. Ol toýuň dabarasy has uludy. Köp
ýurtlaryň in atly pälwanlary bu toýa çagyrylypdy.
Uzak ýoluň ýadawlygy
basmarlasa-da, Mahmyt pälwan myhman ýerinde jaýlaşyp, çaý-suw içensoň,
azajyk ýadawlygy aýrylýar. Ol gezelenç etmegi. şäher etegindäki oba bilen tanyşmagy yüregine düwýär. Şol barşyna gonamçylyga girip gideninem
duýman galýar.
Inlär siňeksiz mazarystanlyk. Mahmyt pälwan bir hümürdi eşiden ýaly
bolýar. Ol ses çykýan tarapa ädim
urýar. Garrap, bili yay? dik saç
mama haýsydyr bir mazary gujaklap aglaýardy, bir zatlary samrayardy.
Pälwan onuň ýanyna baryp, salam berýär.
-Gurbanyň bolaýyn, bizi rysgaldan kesme.
Ol henizem mazary gujaklap ýalbarýardy. Ahyry bäri dönýär wé Mahmyt
pälwana seredip, onuň salamyny alyar.
Ýeri, mama, haýsy dert seni bu ýere alyp geldi?
Mama icki dünyäsini daşyna çykarmaga durdy:
-Oglum bizin maşgalamyz diñe oglumyzyn arkasyńdan gün görvär.
Oglum patyşanyn/baş pälwany. Patyşa
uly toy başlady/ OI toýa uzak-yakyn
ýerlerin pälwańlary çagyryldy. Toýa
türkmenlerin íň uly pälwany Mahmyt
hem geljekmiş. Meniň oglum dünýäde dine Mahmyt pälwandan çekinýär.
Patyşa oña eger bir pälwandan ýykylaýsa, çörekden kesjekdigini duýdurdy.
oi çörekden kesilse, biz aç galarys. Üç
gije-gündiz bäri şu keramatly mazary
gujaklap. oglumyň Mahmyt pälwany
yeňmegini dileýän..
Mahmyt pälwan ony ünsli diňläp:
Mama, sen öýüñe gaýdyber. Enşalla, senin oglun ýeňer diýyär.
Mama ony Hudaý tarapyndan iberilen gudrat hasaplaýar.Şat bolyp öýüne gaýdýar.
dowamy bar.
6
78
alma___
05.12.2024 12:22
Hekaýa
jemleýji bölüm
Hassahanadan cyksa da,
Güljanyň agsaklabrak ýöemesi
galmady. Oz bolşundan utanyp,
kemsinyärdl. Gözlerini ýaşlap,
gussa batyp yörsüne okuwdanarm
sowaşyp barýan ýalydy. Şonda
Gayratyň «Güljan, alada etme, hermesi gowy bolar. Aýagyň gutular,
sen diňe okuwyňa ünsli bol diýeni
ýadyna düşüp, göwni aram tapardy.
Gyz özüniň nähil ýagdaýda-da
bolsa Gaýrata gereklidigine, onuň
söýgüsiniň cyndygyna düşündi.
..Ine, eýýäm gys yetip geldi. Nesip
bolsa, ol bu ýyl okuwyny tamamIap, obasyna dolanar. Gys güni ak don geýen tebigaty gözi bilen
gujaklap, ak gary ak bagta deñäp
duralgada duran gyzyň ýanynda
owadan maşyn saklandy, «Güljan,
salam, gel üşäp durma, nirä gitmeli»
diýip özüni çagyrýan ýigit Gaýratdy.
Gyz maşynyň ýanyna ylgap bardy.
«Gutly bolsun, maşyn edindiimi?».
Hawa, pagta bilen bugdaý bu ýyl
gowja boldy,. ýylyk girdejimden şu
ulagy edindim-de, ilki bilen saña
görkezeýin diýip ýörite gaýtdym.
Sen gysda gezelenç etmegi gowy göýardiñå diýip, Gaýrat ýylgyrdy
Dünýäni aklyga büräp ýagyan ak
gar bolsa ýaşlaryň ak arzuwlaryna meñzeýärdi.
Ýazgül Saparowa.
5
72
alma___
04.12.2024 14:16
Otagdaş gyzy Jeren Amanyň ýanynda
gürlemese-de, soň Güljanyň erbet ýüzüni aldy, «Ýanyňdaky bilen bol
diyjekdim welin, köçede masgara bolşup durmaýyn diýdim. Agzyny
ýygsyn, aýt şoňa diýip, Güljana azgyryldy. Güljan öýüne baranda.
Amandan gaýdyp hiç zat ugratmazlygy, onuň süwümsiz kelpeňliginden
Özüne gep gelýändigini aýdyp, ejesine ýalbarmak ýalbardy.
Talyplyk ýyllary gyzykly geçýärdi.
Güljan synpdaşy Gaýratyň harby guluga gideninem onuň ýazan hatyny alandan soň bilip galdy. Sag-aman gelmegini arzuwlap birnäçe
setir jogap ýazdy. Gaýrat tä gullugy dynýança, her baýramcylykda Güjana gutiag hatyny iberdi durdy. Güjanyň oý pikiri okuwdy. Joralary oňa durmus barada-da wagtyrajygynda
oylanmalydygyny aýdyp degenlerinde, çalaja ýylgyryp onaýardy
Sonda onuň gözöňüne bir gyldan bezenip ýanyna gatnaýan kelpeň
Amanyňam, okuwda-da bir bahana tapsa, ýanyndan aýrylmaýan
Parahadyňam, synpdaşy. meýdanyñ işleri blen bolup ýören saýhaly
Gayratyňam sypatlary göz öñüne gelip geçerdi.
Bir gezek bahar aýlary talyplar bolup gül-gülälekli meýdana, daga
gitmegi maslahat etdiler. Bara-barmana-da toplanysyp daga çykmaga gitdiler. Yaşlar şildiräp akýan ceşmä, belentden belende uzap
gidýän dag gerislerine, tebigatyň gözelligine maýyl bolup synlaýardylar. Sol barmana owal daga çykyp
gömedik Güljanyň aýagy taýyp ýykyldy. Gyz aýagyny mazalyja
agyrdypdy. Ony deñ-duşlary göterip diyen ýaly umumy ýaşaýys jayyna
alyp geldiler. Emma aýagynyň agyrysy ertesem aýrylyp gidibermedik Güljan lukmana görünmell
boldy. Lukman orňa haýal etmän hassahana girmegi maslahat berdl.
Güljan aýagyna gerekli bejergleri alsa-da, năme ücindir haly
gowulaşyp gidibermedi. Gyzynyň ýagdaýyny eşidip obadan gelen
ejesi onuň başujundan aýrylanokay.
Onuñ ýanynda ýolbelet bolup gaydan Gaýrat gyza bir-iki agyz hos söz
aýdyp kän eglenman gltdi. Yz ýanam eli desse güll, dürli-dürmen iyer-
içer ýaly zatlary getirişdirdi. Arzygul ejåniñ wiý azar edinmell daldñda
jan balam, ine, ertir işden sypsca
kakasam geler, bu zatlaryň puluny
bir alda diýmesine-de garaman,
Hoş sag boluň, azary bolmaz, Özüm
habar tutar duraryn» diyip gitdi.
Sondan soňam ol gün yrman diyen
ýaly gyzdan habar tutup durdy.
Bir gezek Güljany soramaga gelen
talyp deň-duşlarynyň arasynda
Parahadyň ýoklugy gyzy geňirgendirdi. «Parahadam gowumy, o na
gelmedikä?» diýip, jorasy Atäçden
pysyrdap sorady. Aytäç ýüzüni bozýaz
edip, «Sondan mesiň öýi ýykyisyn, özi
gaýtmady, a indi ol agsak boljakmy.
keýtik boljakny, diyip, hüňürdäbả
ýördli diýmesi, Güljanyň yüregine iňňe
bolup sünjüldi. Gün yrman ýüz tapsa-tapmasa ýanyna gatnaýan Amandanam soň derek bolmady. Hatda
telefon edibem ýalandan çyndan
gyzyň halyny soranmady.
Hassahanadan cyksa-da.,
Güljanyň agsaklabrak ýöremesi
galmady. Oz bolşundan utanyp.kemsinýärdi. Gözlerini ýaşlap,
gussa batyp ýorşüne okuwdanam
sowaşyp barýan ýalydy Sonda
Gayratyň «Guljan, alada etme. hemmesi gowy bor Aýagyn gutular
sen diñe okuwyňa ùnsli bol diyeni ýadyna duşup, gowni aram tapardy
dowamy bar
6
76
alma___
03.12.2024 08:20
Hekaýa 1
Gyş aýydy. Tebigat ak
dona bürenip, das-
töwerek üýtgeşik gözel
görünyärdi. Bu ajayýyplygy
synlap barýan gyz «Ak
garyň owadandygyny!
Ene-mamalaryrnyz ýöne
ýere «Ak zat alnyňa
ýagsy» diýmändirler. Ak gary synlap, ak arzuwlara siňesiň gelýär. Asmandan topbak-topbak bolup ýagýan
akja garlar ak şäherimiz Asgabady
has-da gözelleşdiýär» diýip pikirlendi. Daş töweregini synlap gelşine,
Güljan duralga yetdi.
.Güljan paýtagtdaky ýokary
okuw mekdebiniň talybydy. Mugallym bolmagy çagalygyndan höwes ederdi. Goňşy çagalar bilen
oýnanda hem olara sapak geçen bolardy. Çagalaryň ejeleri Mugallym, bu gün çagalara näçe bäşlik
goýduň?» diýilbem oňa degerdiler.
Sapaklaryna yhlas bilen ýapysýan Güljan mekdebi sap bäşlik baha
bilen tamamlajak bolup jan ederdi. «Okuwyň bilen boluber, gyzym,
Özüm ederin» diyse-de, Öy işlerinede kömekleserdi. Bir günem ejesine gutap bişirişip, sorira sapaklaryna
toyyarlanmaga başlady. Eline turkrmen dill kitabyny alanda, kitabyň
arasyndan hat gaýyp. aşak gaçdy. Türkmen dil sapagyndan soň
Gaýratyň «Seniň depderiň maňa duşüpdir» diyip depderi uzadany ýadyna düşdi.
Uzyn boyly, gömegeý Gaýrat
synpyň ökde okuwcylarynyň biridi.
Güljan haty okap, ýene torbasyna salyp goýdy. Bu wakadan soň
birnäçe aý gecdi. Gaýrat gyz bilen gürleşmegi ýüregine düwendirdä: «Güljan! Hat ýazypdym
welin... Jogap bolmady-la? diýip ýuwaşjadan sorady. Gyzyň owadan
ýüzüne gelşik berip duran pyýala ýaly gözleri ýigidi aljyratdy. delmuryp duran yigidiň deňinden geçip gidiberdi. Şondan soňam ýigit
gyzy gözden sypdyrmady. Soňky jañam kakyldy. Duýnki synpdaşlaryň
hersi bir ýana gltdl. Guljan arzuwyna ýetdi, talyp boldy
Gayratyň bolsa ýokary okuw
mekdebine girek uçin synanyygy sowsuz boldy. O
obada käredesine yer alyp şonda işläberdi.
Güljanyň «okuwa girdi habaryy eşidensoň-a, ilkinji söýgüsl gidip barýan ýaly, ot alana dönaýdi. Gaýrat öyüň körpesidi. Ejesi ony
Iäligrägem saklaýardy. Ene ýüregi duýgur bolýar-da. Oglunyri yüzüriñ
salykcygyny. gün-günden horlarnyp
baryanyny gören ejesi náme pikir etjeginem bilenokdy. Bir günem onuñ
bilen egri oturyp dogry gürleşmegi
ýüregine düwdi. «Oglum, soňky günler aladaly görünýäñle. glzlemänjik
aýt hany. «Eje, göwnüñedir bar zat gul ýaly», «Balasynyň başy syzlajak
bolsa-da ilki enäň ýüregi agyrýandyr.
Ejeňden syr gizlene, aýt balam diýip, ene janyndan syzayryp sorady
«Yokla eje, gizlin zadym ýok, bar zat gowy», «Jan oglum, aytmasañam
duýýana halyňy. Ho-ol Aman dukançyň gyzy Güljanyň okuwa girenni eşideliň bäri ynjalygyň gaçaýdy
Onsuzam Aman gyzyny uly işde isleýän dostunyň ogluna berjekmis
Ol gün üýsmeleñde baramda Guljanyiň ejesi Arzygül dilinden
sypdyraýdy. Sen onui üçin alada galyp ýörme, sen yaly oglum barka
obaň gul ýaly gyzyny saýlap alarys diyip, ogluna göwünlk berenden boldy. Gaýratyň welin bu gürrüñden
soň barja ynjalygam gaçdy.
Talyplyk döwri Güljan üçin gyzykly gecyärdi. Gyza talyp deň-duşlarynyn içinde bir ýigit hyrydarlyk gözi bilen
seredyärdi. Onuň ady Parahatdy. Ol gyzy henmişe synlap, gabady gelse
lak atandan bolardy. Gyz her gezek öýlerine gezmäge baranda ejesem
ony berjek ýerleriniň bardygyny. gaty gowy, hemme zatlary ýerbe-ýer ho-
jalykdygyny ýanjap, kakasynyň olara eýýäm ýyly söz berendiginiň ähtimaldygynam suňşuryp goybererdi.
Bir gün «Ejeň yzyňdan zat ugratdy» diýip, üýtgeşik maşynda gelen
geýnüwli ýigidiň ejesiniň şol agzaýan oglanydygyny aňdy. Aman ýüki gyza gowşurdy-da, şähere
gezelenje gitmegi teklip etdi. Gyz okuwynyň kändigini aýdyp., otagyna girmäge howlukdy. Aman soň- soñlaram bahana tapsa-tapmasa geldi durdy. Oba täzelilklerinden
habar beren bolup dursa- da, gözi gapdaldan geçip gidyän gyzlardady. Arasynda «Gowja gus ekenay tansyp bolmnazmyka diyip çylkasyz lak atyp, nakysja gulubem goybeýardi.
dowamy bar.
4
57
alma___
29.11.2024 13:34
HÄZİR KEÝPIN ÝOKDUR BELKİ,
GOÝ, BAGT BU GÜN ÝÜZÜN SOWSUN.
ÝOK, GAM - GUSSA BERME ERKİ,
ESASY JAN - SAGLYK BOLSUN.
GELİP GİDÝÄN WAGTY DEMİN,
DİLEGİM DURMUŞDA ÝEÑİÑ.
BOLSA BOLUBERSİN KEMİŇ,
ESASY JAN - SAGLYK BOLSUN.
DOGAN GÜNÜN GADYRNY BİL,
GÜLDEN GELÝÄN ATYRNY BİL.
ŞÜKÜR EDİP ÝETİRNİBİL,
ESASY JAN - SAGLYK BOLSUN.
BAGTDYR SÄHER ÖRMEGİÑEM,
SU DÜNÝÄNİ GÖRMEGİÑEM,
GAYGY EDİP ÝÖRMEGİNEM,
ESASY JAN- SAGLYK BOLSUN.
AWTOR:
ŞANAZAR HYDYROW
7
82