alma___
10.12.2024 08:13
MAHMYT PÄLWAN

rowaýat

Belli şahyr hem-de pälwanlykda
özüni tanadan Mahmyt sol döwürlerde
Hywanyň baş pälwany bolupdyr. Onuň
orta çykyp, ýagyrnysynyn ýere degen gezegi bolmandyr. Mahmyt pälwan uly toylarda orta çykyp, diñe bir gezek ýenişsiz yza dolanypdyr.
Gonşy ýurduň şasynyň tutýan toýuna Hywa hany göreşdirmek üçin,
Mahmydy hem ýany bilen alyp gidyär. Ol toýuň dabarasy has uludy. Köp
ýurtlaryň in atly pälwanlary bu toýa çagyrylypdy.
Uzak ýoluň ýadawlygy
basmarlasa-da, Mahmyt pälwan myhman ýerinde jaýlaşyp, çaý-suw içensoň,
azajyk ýadawlygy aýrylýar. Ol gezelenç etmegi. şäher etegindäki oba bilen tanyşmagy yüregine düwýär. Şol barşyna gonamçylyga girip gideninem
duýman galýar.
Inlär siňeksiz mazarystanlyk. Mahmyt pälwan bir hümürdi eşiden ýaly
bolýar. Ol ses çykýan tarapa ädim
urýar. Garrap, bili yay? dik saç
mama haýsydyr bir mazary gujaklap aglaýardy, bir zatlary samrayardy.
Pälwan onuň ýanyna baryp, salam berýär.
-Gurbanyň bolaýyn, bizi rysgaldan kesme.
Ol henizem mazary gujaklap ýalbarýardy. Ahyry bäri dönýär wé Mahmyt
pälwana seredip, onuň salamyny alyar.
Ýeri, mama, haýsy dert seni bu ýere alyp geldi?
Mama icki dünyäsini daşyna çykarmaga durdy:
-Oglum bizin maşgalamyz diñe oglumyzyn arkasyńdan gün görvär.
Oglum patyşanyn/baş pälwany. Patyşa
uly toy başlady/ OI toýa uzak-yakyn
ýerlerin pälwańlary çagyryldy. Toýa
türkmenlerin íň uly pälwany Mahmyt
hem geljekmiş. Meniň oglum dünýäde dine Mahmyt pälwandan çekinýär.
Patyşa oña eger bir pälwandan ýykylaýsa, çörekden kesjekdigini duýdurdy.
oi çörekden kesilse, biz aç galarys. Üç
gije-gündiz bäri şu keramatly mazary
gujaklap. oglumyň Mahmyt pälwany
yeňmegini dileýän..
Mahmyt pälwan ony ünsli diňläp:
Mama, sen öýüñe gaýdyber. Enşalla, senin oglun ýeňer diýyär.
Mama ony Hudaý tarapyndan iberilen gudrat hasaplaýar.Şat bolyp öýüne gaýdýar.

dowamy bar.
6
65
awadan
10 Dekabr 2024
❤️😘
enes_∞
10 Dekabr 2024
Sagbol sizinkem 🤗
alma___
10 Dekabr 2024
Ertiriñiz haýyrly bolsyn
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.