agzamen2
06.10.2024 01:45
MENİÑ İLKİNJİ GİÝJÄM 1- NJİ BÖLÜM
Toydan soñ her kim bagt diledi, bizi iki çak galdyrdylar. Bu gije her kim uçinem iñ arzyly pursatlaryñ biri bolup durÿandyr, sebabi oña bagt gijesi diÿilÿar, içimden pikir etdim gelnim bilen bary yogy bir gezejik duşuşdyk, ol meni görenem bolsa içgin tananok, yat öÿ, ÿat maşgala gyzyñ dünÿadini daraldyp, ony gopguna salyandyr gowni cokgunlik edyandir, aglaÿandyr diÿen netija geldim. Ilki bilen ony koşeşdirmegi maksat edindim. Ÿörite niÿetläp getirdip goÿan birnaçe güllerden bogulan çemenden iñ owadanyny saÿladym-da elime alyp, gyzyl kürta bürenip otyran gelnime tarap ÿöneldim. Otagyñ diwarlaryndaky öçügsi ÿagtylyk berÿän gyzyl renkli gül çyralaryñ ÿagtysyna gyzyl kürte hasam owadan öwüşgin atyp göwniñi göterÿärdi. Gelinimiñ edil garşysynda dyz epip oturdym. Emaÿ bilen kürtäniñ öñ tarapyndaky perdeleri ÿokaryk galdyrdym. Gelnim gaşlaryny çytyp, bir nokada gözlerini dikip otyr. Geñ galdym, aslynda nähili ÿagdaÿam bolsa gyz öz razylygy bilen maña ömrüni bagyşlamak isleÿändigini aydypdylar, "aldaÿdylarmyka" diyen pikir sowuklygy bilen beÿnimde at salyp her hili bet pikirleri oyaryp başlady, ÿagdaÿy anyklamak isledim.
-name gaharly otyrsyñ ÿa maña durmuşa çykmaga höwesiñ bolman başga sebäp bardymy?
-näme diÿÿäñ, diÿip haÿwatly nazarny maña gönikdirdi.
-Neme ... sozimiñ yzyny aÿdyp ÿetişmänkäm, sorag berip başlady.
-Sen näme meni idemediñ?
-O nähili?
-jañ etmediñ,
-jañ etdim Sen gürleşmediñä, diÿip geñ galmak bilen ÿüzine seretdim.
-sen ejemiñ telefonyna jañ etdiñä,
-öziñde telefon bolmasa dagy kime jañ edeÿin, kakañ nomeeine jañ edip bilmerinä.
-Haÿwan, gürleşmek islän bolsañ bir çäre tapardyñ.
-haÿwanam boldyk,
-ÿok mal Sen.
Gaharym depäme ursada, giñlige salmak isledimde, - gele gelmäge beÿle sözleri aÿdyp dursak birege durmuşumyz nämä öwürler?
-maña gyzykly däl, sen mal başga hiç zat däl, diÿdi. Gaharym yetjek derejesine ÿetdi. "Çagany ÿaşdan, aÿaly başdan" diÿen nakyl ÿadyma düşüp gelnime terbiÿe bermegi ÿüregime düwdüm. Sag elime güÿjimi jemläp, gelnimiñ ÿañagyna tarap elimi bat bilen inderdim, birden sag elimde agyry duÿuldy, elimiñ ysgyny gaçdy, gelnimden garşylyk bolanyny duÿdum. Çep elime güÿjimi jemläp ÿumrugymy düwdimde gelnimiñ depesinden inderdim. Birden ysgynym gaçdy agyry duÿdum, tirsegimiñ ters ÿüzi bilen gelnimiñ ÿüzine urmak isledim, urgym sowa geçdi. Nahili bolanyny duÿmadym elim arkama towlangy yagdayda galdym. Gelnim gaharly nazaryny dikip: -Zenana el göterÿänmi, diÿdide gabat gelen ÿerime urmaga başlady, urgy degen ÿerinde agyry duÿup ugradym. Bar guyjimi jemläp sypmak maksady bilen silkindim gelnimiñ elinden sypmaga däl gymyldap hem bilmän içimden men diÿen pälwanlary amana getirÿän güÿç kuwwatymyñ bir naçaryñ elinde ejizläp otyrşyna lapym keç bolup ÿaty bermekden başga çäräm galmady. Gelnim urup içini sowadyp arkamda elimi baglap otyrşyna:

DOWAMY BAR
21
213
agzamen2
05.10.2024 09:10
Obamyzyň gyzlaryny herhili zada meňzedip, başyma düşen agyr günden (Degişme görnüşinde)
...... Kejirje Nowça!
......Gaharlanma! meňzedemok seni gowaça😐
......Özüň sada mylaýym, käwagt gaharlyja☺
......Şu sözleri diýdim, gitdi göwni monça😌))
😃Salam Gowmy goňşy Olýa
......Men aýdan däldirin, diýip polýa
......Ok düşündim, gaýtalaman bolýa😤
😜Siz ajaýyba, kim şeý diýen bolsa häzir ölýä)))
......Soň geldi gunça!
😒Diýmedimä(( sen meňzeş tüňçä
......Sypdyrmaz indi meni, agşam düşinçä
😚Bolýa, söýerin seni ömrüm ötünçä))
😨Tutdy boýundan Gulka
.....:Näme meňzeşmi men Bulka?🍞
😡Häzir meýit girýäň sumka👜
😒Durawer gulkajan bulka däl, diýipdim Janka💃
😰Waýeýý öldürdile bular
......oho Senem geläýdiňmi Tumar
☺döneýin owadanja, saçlary şamar
😴diýsemem, süsdüm 1 gezek diwar
😃Oooo klasdaş aýnaa
......Gyzgyn eken demlän çaýyňa👌
......Sen bir meňkilik bol, janymaaa
☺Şu okuw gutarsyn, seňkem taýyna))))
😇Waý seňki näme Sülgün?
......Diýdi gaharly: arada diýipsiň ýylgyn😠
😩Wahh çynym, men ýokdum hool gün
😇Näziňe gurbandyryn, mydama gülgün))
👸geldi sary saçly Bägül
......dessine diýdim: bar maşyna mün
......ona aýda göräýmesem, kä gün
😑şolam aglamjyrap dur, bu nähili gül???
😋Melike melike
😳Men diýipdirinmi, saňa çekize?
......Goýsana, hiçkime aýtmandym henizä
......Ýöne düýn çalaja, gündizä.........😇😎
......Bu gezek nobat ýetdi Bahara
......Oňkam şo bir gep: deňäpsiň sapara
......Iki arada wagt bolman gep tapara
☺Diýipdirin: “Ejeme aýdaryn, seni alara” )))
😩aý beytmedä Gülnahal
......sen barada ýok gep, asla sähel
😇seňä özüň ýazaýmasaň kämahal
😜meňä işim ýok, bişirýän nahar)))
😑mmm Sleduýuşiý kto?
😳Bir seretsem gyzlaň bary geläýipdir ohoooo
😨Kowaladylar meni, obama – obo
😊Gyzlar oýun etdim, goýaýyň tobaaaa! ))))
8
33
agzamen2
04.10.2024 00:36
Saña
Sereden
müñ adama
güyjüm yeter
yöne:
señ sereden
yekeje
adamyña
güyjüm yetmez!💦
10
29
agzamen2
02.10.2024 15:58
SORAG:
Pisijekleriñ gözi dogulandan soñ bäs gunden soñ acylyar

Güjüjekleriñ gözi on günden soñ acylyar

... Adamyñ gözi haçan açylyar?
16
200
agzamen2
01.10.2024 01:44
Ówrenmelide bulok boljagmy bile bile giryan
Zyyany yiok seniñ menden gitjegñi hem bile bile soyupdim🙌

🗿
7
100
agzamen2
30.09.2024 15:15
Seret!
Gúndeligiñdäki ikilik bilen
Durmusyñdaky ikilik deñ däldir!
9
92
agzamen2
29.09.2024 13:41

Bu gyzlardan uzak dur

3. Geçmişinde birtopar kişi bilen gürleşen.

Aslynda iň uly maddamyz şu bolmalydy. "Erkekde geljege, aýalda geçmişe" serediler sözlemi gaty dogry sözlemdir. Bu söze häzirki feminen şerraý agzalary garşy çykyp, erkekleri aýallaşdyrmaga synanyşsalar hem bu sözlemiň dogrudygyny gaýta aýallaryň özi tassyklap gelýär. Heý 4-5 oglan bilen gürleşip, söýüşip, olar bilen ençeme wagt geçirensoň size kanagat edip oturarmy bu kişi? Ýa-da siz ol kişini gelniňiz edip alarmysyňyz?

Siz maňa "goýsana how, gürleşmedik gyz galdymy" diýip gaty mamla sorag berip bilersiňiz. Men "geçmişinde gürleşmedik" diýemok, aslynda şol bolsa has gowy. Ýöne iň azyndan 1, iň köp 2 kişi bilen gürleşen bolsa bolar. Ondan soň näme üçin aýryldylar, näme üçin uzak dowam etmedi, kim terk etdi ýaly soraglara däli ýaly jogap gözlemegiňiz gerek. Mysal üçin diňe bir oglan bilen gürleşendir, ýöne ol oglan bilen diňe kiçijek sebäpden aýrylandyr, ýa-da oglan 2 gün idän däldir welin aýrylandyr, bular möhüm zatlar. "Nädip bileli" diýmegiňize gerek ýok ýigitler, maglumat jemläp bilmek aňsat. Esasanam joralary köplenç dogry zatlary aýdagan bolýar.

Bir aýalyň emosional güýji mydama şol bir derejede durmaýar. Bir oglan bilen gürleşer, baglanmak kuwwaty bir dereje peseler, ýene biri bilen gürleşer ýene bir dereje peseler, şeýdip-şeýdip baglanyp bilmeýän bir aýala öwrülýärler we emosional taýdan edil robot ýaly kişiler bolýarlar. Bularyň iň howplulary bardyr, olam biri bilen jynsy gatnaşyga girenler. Bulam möhümdir.

Etmeli zadyňyz: durman maglumat toplaň. Gaty ýiti gözleşdiriň, hemme kişiden soraň, hemme kişiden. Näçe köp maglumat, şonça-da gowluk. Bolmasa siz kösenersiňiz. Ýanan diňe siz bolarsyňyz.


4. Ýeňlesler.

Bular köplenç birinji maddadakylar bolýar ýöne tapawudy bar. Bu kişiler ýeňil kişiler, hatda şeýlebir ýeňil welin howada gaýyp ýörler. Siz 2-3 gowy söz diýseňiz-ä göni ganat çykyp uçuberýärler. Gaty daşda durmaly bulardanam. Bularyň birinji aýratynlygy düşünjesiz bolmagydyr. Düşünjesi gaty erbet ölüdir. Özüne degişli ne pikiri, ne düşünjesi, ne bir dünýägaraýşy bardyr. Kelle boşdur, jahyldyr. Diňe boş-boş gürläp, boş-boş gülüp, hikirdeşip ýörendirler. Ýene bir aýratynlyklary gybatçydyrlar. Gaty kän gybat ederler. Mysal üçin Jelil barada bir täzelik barmy, 2-3 sagatlap şony gürleşerler aralarynda. Ýa-da bir oglan barada gep çykdymy, şony ara alyp, döwlet meselesi çözýän ýaly gürleşerler. Özem gülüp, hikirdeşip gürleşerler. "Gyyy", "goýaýaaaaa" ýaly sözler tanyşmy size?

Bu kişilerem tanamak kyn düşüp biler. Sebäbi hemme gyz bir maska bilen gezýär. Bularam "agras" maskasyny geýse näme etjek? Daşyndan agrasdyr ýöne tanamasaň bilip bolmaýar. Aýallar özüni gizlemekde gaty başarjaňdyr, muny unutmaň. "Tanadym" diýeniňiz aslynda düýbünden beýle däl bolmagy mümkin. Şol sebäpli ýene ýerine ýetirmeli zadymyz: maglumat. Köpüsini tanamak gaty aňsatdyr, sebäbi iki gezek gürleşeňde hem belli bolar. Ýöne käbiri gaty gizlindir.

Ýeňlesler bilen alçak, göwnaçyklary biri-birine garyşdyrmaň. Alçak kişilerin gepi sözi ýerindedir, adamlar bilen gatnaşygy gowudyr we kän duşmany ýokdur. Adamlar bilen gowy gürleşer we mylakatlydyr. Ýöne ýeňlesler beýle däldir, hökman duşmanlary bardyr (sebäbi gaty gybatçy), diňe boş zatlary gürleşerler we ýok ýerden "ähähähähähä" edip gülerler.

Ýeňles gördüňizmi, arkaňyza seretmän ökjäni göteriň.


Bular meniň taýynlan maglumatlarym. Aslynda bular gaty kän. Men size käbirlerini aýtdym. Bu kişilere gabat geleňizde gaty üns beriň. Sizi sebäpsiz ýere terk edip bilerler, ikilik edip bilerler, aldadyp bilerler. Şeýlelik bilen çöken diňe siz bolarsyňyz. Bu maglumatlary tapmak kyndyr. Maňa sagbolsyn aýdyň we "like" basyň.

17
335
agzamen2
27.09.2024 20:58
Bu gyzlardan uzak dur
1. Ünse aşyk bolanlar.
Aýallaryň iň ejiz ýeriniň üns, ýagny gyzyklanmadygyny bilýäňizmi? Muny 15 müň aýal-gyz bilen işlän Adyl Ýyldyrymam aýdýar. Ol eger-de bir gyza däli ýaly üns berseňiz ony yrmagyňyz 2-3 hepde alar diýýär. Muny çykan her programmasynda-da belläp geçýär. Adyl muny aýtmasa-da aýallaryň ünse aşykdygyny gaty kän kişi bilýär. Menem size şu ýerden duýduraýyn. Eger bir gyz ünse aşyk bolsa, diňe "maňa seretsinler", "meniň bilen gürleşsinler", "meniň bilen gyzyklanmaly", "diňe meni tassyklamaly" diýip ýören bolsa, sähel üns berilende derrew üýtgeýän bolsa, ol gyzdan size haýyr gelmez. Sebäbi bu kişiniň ejiz ýeri gyzyklanma. Eger-de siz onuň bilen bir ýola girseňiz, ýa-da durmuş guraýsaňyz, başga kişileriň däli ýaly ünsi zerarly size dönüklik edip bilerler. Üns berýän oglan dagy gelşikli, pullurak bolsa dat günüňize. Bu diňe real durmuşda däl. Wirtualdaky ýagdaýyna hrm seretmeli bolýaňyz. Eger yzarlaýjysy 2-3K we ondan ýokarsy bolup, özi hem üýtgeşik suratlar (dodagyny her hili edýän, öz bedenini her hili ýagdaýda görkezjek bolýan, müň dürli eşik geýýän) paýlaşýan bolsa, arkaňa seretmäň gaç. Sebäbi bularyň hassalygy ünsdir we 2-3K adamlaryň içinden azyndan 500 kişi ýazýandyr. Siz "men alsam düzederin" diýip bilersiňiz. Ýöne siz onuň gyzyklanma mätäçligini kanagatlandyrmasaňyz arkaýyn başga birine gidip bilerler. Sebäbi aýallaryň iň ejiz ýeri şol.

2. Pula aşyk bolanlar.
"Muny bilmeýän barmy" diýip bilersiňiz, hak aýdýaňyz. Ýöne bularyň sanynyň pikir edişiňizden gaty erbet kändigini bilýäňizmi? Hatda size şuny aýdaýyn: köp gyz baý we pully birini isleýändigini özine aýdanok, ýagny özüne ýalan sözleýär. Şol sebäpli "akylly, meni söýýän biri bolsa bolýar" diýen kişilere-de üns beriň.
Üýtgemeýän bir düzgün bar: pul üçin gelen, pul üçin gider. Belki agzanyňam aslynda pula höwesekdigini aýtsam, ynanarmysyňyz maňa? Men şony agzamda "pul üçin gelen näme üçin pul üçin gitsin" diýip, akyla sygmajak jogap beripdi. Jogaby bolsa şol sözlemiň içinde, sebäbi PUL ÜÇIN geldi.
Ynsanyň maddy ýagdaýy mydama şol bir durkunda durmaýar. Başyňyza kynçylyklar gelip biler, iň kyn günleriňiz gelip biler, hatda ullakan kompaniýalaryň hem birden çökýändigini we gaty sokulýandygyny köpüňiz bilýänsiňiz. Şular ýaly ýagdaýda eger ýanyňyzdaky pul üçin sizi söýen bolsa, sizi bellibir wagtdan soň taşlar we bir zarba hem ol ýerden alarsyňyz. Siz başagaý bolup durkaňyz ýene bir gezek çökersiňiz.
Adyl Ýyldyryma bir programmada birtopar profil (ýagny gelşikli we akylly, gelşiksiz we pully ş.m) aýdýarlar we bularyň haýsysyna üns bererler diýýärlär. Adyl Ýyldyrym ençeme profiliň içinden diňw pullularyň syrtlanlar bilen (ýagny babnikler) ýaryşjakdygyny ýöne ýene-de pullularyň gazanjakdygyny aýdýar. Sebäbem "bu döwür pul döwri, şu döwri göz öňünde tutup aýdýaryn" diýýär.
Pully aşyk bolanlary aňsat tanap bolmasa-da tanamak gaty kynam däl. Bu ýagdaýda ýene iş size düşýär we gatnaşyga başlamankaňyz gowy analiz etmegiňiz gerek.

Dowamy bar
6
52
agzamen2
26.09.2024 00:42
Bu gyzlardan uzak dur
Erkekler barada, erkekleriň nähilekdigi, nähilek gyzlary halaýandygy, nähili häsiýetleriniň howpludygyny, nähili erkeklerden uzak durmalydygy we ş.m birtopar zat barada ýazgylar, makalalar, wideolar bar. Esasanam nähilek erkekleriň howply bolýandygy, nähilek erkekleriň ikilik edýändigi, nähilek erkekleriň psihopat, narsist we dälidigi barada gaty kän maglumatlar bar. Erkekler we olaryň dünýäsine degişli gaty kän zat bolandygy üçinem, aýallara degişli zatlar kän ýok ýa-da gürleşilenok, ýa-da gaty öňe çykanok. Şeýle-de aýallar barada erkeklere bir zatlar gürrüň berýän, aýallaryň tebigaty, nämeleri halaýandygy, häsiýetleriniň nähilekdigi barada olary habarly etmek isleýän adamlar ýa-da toparlar kän ýok. Bu bolsa erkekleriň aýallar bilen baglanyşykly maglumatynyň gaty pes bolmagyna, aýallar barada köp zatlara ýalňyş düşünmeklerine sebäp boldy. Aslynda Red Pill pelsepesi hem şonuň bir netijesidir.
Size bu mowzugymda nähili aýallardan uzak durmalydygyny, nähili aýallaryň sizi has köp aldadyp biljekdigini düşündirmekçi. Bu aýal-gyzlar töweregiňizde gaty kändir aslynda. Ýöne erkekler, başda-da aýdyşym ýaly aýallar barada maglumat taýdan gaty erbet yzda bolandyklary üçin, gözüniň öňündäki zatlary hem görmekde kynçylyk çekýärler. Sebäbi bilenoklar. Bu aýal-gyzlaryň azyndan biri siziň töwerekleriňizde-de bardyr. Bu aýal-gyzlary göreňizde bary etmeli zadyňyz aýdan zatlarymy pikirlenmek we bulardan başardygyňyzça uzaklaşmak. Iň esasanam: bu aýal-gyzlara asla ýüz bermezlik we söýüşmek, gürleşmek islemezlik. Sebäbi bu aýal-gyzlar, üns berýänçileri gaty kän bolandygy üçin şeýle ýagdaýda aslynda. Ýagny biz erbet gyzlar diýip tankytlaýarys, ýöne olaryň bar bolmagyny we kän bolmagyng sazlaýan aslynda erkekler. Şol sebäpli muny bileliň, her görenimize ýüz bermäliň we muny beýleki kişilere-de aýdalyň, düşündireliň.

Dowamy bar
9
99
agzamen2
21.09.2024 23:48
Arzuw gurmak ücin däl,
durmuş gurmak ücin söýdim seni.

🗿
7
38