agzamen2
10.10.2024 12:56
Şu mowzugy okap hem söýgi barlygyny goldaýan barmy?
Kör bolandygy üçin hemmäni we ilki bilen özüni ýigrenýän kör gyz bolan. Onuň bir ýigrenmedik adamy hemişe onuň ýanynda bolup, ony goldaýan söýgülisidi. Gyz oglana eger-de gözleri açylsa oňa durmuşa çykjakdygyny aýdypdy. Wagt geçdi... Günleriň birinde onuň gözi üçin geçiriljek operasiýa gerekli bolan göz bagş edilendigi sebäpli operasiýa geçirildi we gyzyň gözi açyldy. Söýgülisini we dünýäni görüp bilýärdi indi. Oglan gyzdan sorady: "Indi gözüň açylandygyna görä, maňa durmuşa çykarsyňmy?"
Gyz ikirjiňlendi we oglanyň hem özi ýaly görmeýändigini,gözüniň kördügini görenden soň oňa "ýok" diýip jogap berdi.
Oglan hiç zat diýmedi we sessiz gynançly uzaklaşdy. Soňra bolsa gyza bir hat ugratdyrdy.
"Saňa bagş eden gözlerime gowy seret..!"

# Ýagdaý nähili üýtgese-de sizden daşlaşmajak adamlar bolsun durmuşyňyzda.

Çeşme - Goňşy saýtdan
11
104
ideallider
11 Oktýabr 2024
Söýgi🤦‍♂️ hakyky halal söýgi diňe "NIKADAN" soň başlaýar. Ondan bärkiler wagt geçirmek, gyzygmak, hyjuwlanmak, barlapgörmek🤦‍♂️. Gelinim şeýdenliginde, aý näme, ärlik borjumy biribaryň öňünde berjaý etdigim bolardy. Barybir iň soňunda Biribar hemmezady çözerle weli, şondada jan etdigim.
Syke_Dali
11 Oktýabr 2024
Gadyrbilmez eken 😑
flowers_
11 Oktýabr 2024
Goňşy saýtdan😂🤦‍♀️
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.