abdy_dayy
20.08.2022 20:46
Ah, dünýe!
Men seni nädip söýmäýin:
Mähriňden ganmak ýok,
Yşkyňdan doýmak.
Ak gyşyň — pähimdar,
Baharyň — şahyr,
Aý-aýdyň gijäň — süýt,
Säheriň — gaýmak.

Ah, dünýe!
Men seni niçik söýmäýin:
Gözümde nur gögelekäm görenim:
Näçe gezek kesesinden syn etdim,
Kak suwuna inen süri jereniň!

Ah, dünýe!
Men seni niçik söýmäýin:
Bu çuňňur çöketler,
Bu belent daglar...
Daňdan alty ganat öýüň içinde
Ýagşyň sesin diňläp ýatylan çaglar!

Ah, dünýe!
Men seni nädip söýmäýin:
Ak gar basan çöle çykarsyň awa...
Bir-birini kesip geçer ýodalar,
Ýer ýodaň aňyrsy obadyr oba!

Tüňçäni dolduryp garyň suwundan,
Owkalap-owkalap awuşan eli,
Ojaryň oduna ýüzüňi çoýup,
Guşdyrnak gök çaýyň içýänsiň weli —

Durnaň gözi ýaly asmana garap,
Duýmarsyň aýdyma hiňleneniňi.
Ýagly murty sypalaplar, içiňden
Rüsteme, Görogly deňleniňi.

Ah, dünýe!
Men seni neneň söýmäýin:
Buýra saçlarymdan galmady derek.
Özüň bolan bolsaň meniň ýerimde
Möňňürip-möňňürip aglardyň gerek!

Men seni nämüçin söýmäýin, dünýe —
Sende öý tutundym,
Öwzarly boldum.
Enemiň ak süýdün ýere çalmadym,
Atamyň ýurduna ygrarly boldum.

Ýeri, seni neneň söýmäýin, dünýe:
Men bäş gezek garşylap Luw ýylyny,
Dadyp altmyş güýzüň naz-nygmatyndan,
Ysgapdyryn altmyş ýazyň gülüni.

Ýetim goýup,
Gidip barýar dost-ýarlar...
Hiç kimiňem baky däldigi mälim.
Bu ýerde hemme zat düşnükli ahyr:
Ah, dünýe!
Men seni nädip söýmäýin!

Awtory:Berdinazar Hudaýnazarow
23
62
abdy_dayy
19.08.2022 08:52
Ýaşlyk humary
Ýaşlyk mydam biziňkidir öýderdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.
Diňe gyzlar hakda gürrüň ederdik,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Duýgulardan öňe salmasaň akly,
Näme isleseň — şoňa-da hakly,
Gör, nähili ýüreklidik, ýürekli,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Durmuşyň ekdisi, öýüň tarhany,
Senmi duýjak gyşyň, tomsuň parhyny.
Ýeri, soran kimdir wagtyň nyrhyny,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Nähili bezärdi gözellermizi,
Al şapagyň nury siňen gyrmyzy.
Bilmändiris beýle bagtlydygmyzy,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Garypdyk özümiz, gurpludy göwün,
Çyn zatlar bilen-de ederdik oýun.
Eý ykbal!
Saňa-da bolmandyk boýun,
Ýaşlygyň humary başymyzdaka.

Awtory:Berdinazar Hudaýnazarow
28
83
abdy_dayy
18.08.2022 01:00
Günde - günde gözletjek,
Şirin - şeker sözletjek
Abraýy arşa ýetjek
Vpn - dir Vpn.

Gruppadan gözlener
Kä tapylman gizlener
Tapylsada tiz söner
Vpn - dir Vpn.

Kod bamaý diýilen
Soranlara berilen
İşlemeýa diýilen
Vpn - dir Vpn.

Her hili atlary bar
Has uly batlary bar
Hemme kişi şoña zar
Vpn - dir Vpn

Ýapyk tik tok açmana
Instagramdan geçmäne
Youtube - da uçmana
Ýene gerek vpn - dir vpn
25
78
abdy_dayy
abdy_dayy
17.08.2022 01:02
Suratçy şul suraty düşürmek üçin 18 kamera ulandy we 62 gün sarp etdi. Name üçin bilmek isleýäñizmi onda suraty tersine öwrüp serediñ we öz pikriñizi ýazyñ
abdy_dayy
abdy_dayy
16.08.2022 00:06
Islandiyanyn gozellegi hakynda name diyersiniz
abdy_dayy
abdy_dayy
15.08.2022 09:50
ATA ÖKÜNJI «Gulаk аs, oglum, mеn bu sözlеri sеn süýji ukudа ýatаn wаgtyň аýdýaryn: sеn çеpiksijе eliňi ýassyjagyň аşаgyndа goýupsyň, mymyjаk mеlе sаçlаryň bolsа çygjаrаn mаňlаýyňа ýеlmеşipdir. Mеn
abdy_dayy
14.08.2022 08:52
Ýalançy gury çyksada ýapdan,
Eden ýagşylygym çyksada ýatdan,
Bir dilegim bolar eý eziz Alla,
Beden däl wyždanym düşürme tapdan,

Dogry söz hiç wagt çykmasyn ýoldan,
Mätäc etme ile, özüñ çek goldan,
Ýene bir dilegim bardyr eý Alla,
Ýykylsam kuwwat ber, galaýyn noldan,

Gep-Gybat çalt yeter atylan okdan,
Töhmet beter ýakar alowly otdan,
Ýene bir dilegimi eşit eý Alla,
Özüñ goraweri ynsaby ýokdan.

Awtory:Şanazar Hydyrow
24
52
abdy_dayy
abdy_dayy
13.08.2022 10:02
Ynsan dersinden kreslo
abdy_dayy
abdy_dayy
12.08.2022 11:39
Pablo Eskobar
abdy_dayy
abdy_dayy
01.08.2022 11:21
Siz Bilyardinizmi