abdy_dayy
20.08.2022 20:46
Ah, dünýe!
Men seni nädip söýmäýin:
Mähriňden ganmak ýok,
Yşkyňdan doýmak.
Ak gyşyň — pähimdar,
Baharyň — şahyr,
Aý-aýdyň gijäň — süýt,
Säheriň — gaýmak.

Ah, dünýe!
Men seni niçik söýmäýin:
Gözümde nur gögelekäm görenim:
Näçe gezek kesesinden syn etdim,
Kak suwuna inen süri jereniň!

Ah, dünýe!
Men seni niçik söýmäýin:
Bu çuňňur çöketler,
Bu belent daglar...
Daňdan alty ganat öýüň içinde
Ýagşyň sesin diňläp ýatylan çaglar!

Ah, dünýe!
Men seni nädip söýmäýin:
Ak gar basan çöle çykarsyň awa...
Bir-birini kesip geçer ýodalar,
Ýer ýodaň aňyrsy obadyr oba!

Tüňçäni dolduryp garyň suwundan,
Owkalap-owkalap awuşan eli,
Ojaryň oduna ýüzüňi çoýup,
Guşdyrnak gök çaýyň içýänsiň weli —

Durnaň gözi ýaly asmana garap,
Duýmarsyň aýdyma hiňleneniňi.
Ýagly murty sypalaplar, içiňden
Rüsteme, Görogly deňleniňi.

Ah, dünýe!
Men seni neneň söýmäýin:
Buýra saçlarymdan galmady derek.
Özüň bolan bolsaň meniň ýerimde
Möňňürip-möňňürip aglardyň gerek!

Men seni nämüçin söýmäýin, dünýe —
Sende öý tutundym,
Öwzarly boldum.
Enemiň ak süýdün ýere çalmadym,
Atamyň ýurduna ygrarly boldum.

Ýeri, seni neneň söýmäýin, dünýe:
Men bäş gezek garşylap Luw ýylyny,
Dadyp altmyş güýzüň naz-nygmatyndan,
Ysgapdyryn altmyş ýazyň gülüni.

Ýetim goýup,
Gidip barýar dost-ýarlar...
Hiç kimiňem baky däldigi mälim.
Bu ýerde hemme zat düşnükli ahyr:
Ah, dünýe!
Men seni nädip söýmäýin!

Awtory:Berdinazar Hudaýnazarow
23
62
abdy_dayy
21 Awgust 2022
moana, sol aydyma gowy aydymay
wolf
21 Awgust 2022
👍🔥👍🔥👍
abdy_dayy
20 Awgust 2022
Sagbolun
alisherxon
20 Awgust 2022
🔥🔥🔥🔥🔥
jemal_seyitniyazowa
20 Awgust 2022
Ah dünýeee
Enesha
20 Awgust 2022
👍👍👍👍👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.