abat
28.04.2023 09:48

Ömürboýy çäresizlige uçran bir adamyň hekaýasy

7 – ýaşynda kakasyny ýitirdi we ýetim galdy.

8 – ýaşynda okuwdan çykardylar we ähli wagtyny mellekdäki gargalary

kowalamak bilen geçirýärdi.

10 – ýaşynda ýüzi gana boýalyp, täze okuwynda mugallymyndan urulyp,

okuwdan çykaryldy. Öýkeden we gorkydan 3 günläp öýünden çykyp bilmedi.

24 – ýaşynda azatlykdan mahrum edildi we her gün soraga çekildi. 2 aý ýeke özi

bir otagda tussag boldy.

25 – ýaşynda Siriýa sürgün edildi.

30 – ýaşynda başga şäherlerde duşmana garşy söweşýän wagty doglan şäheri

duşmanlaryň eline geçdi.

30 – ýaşynda wezipesinden boşadyldy we birnäçe aýlap işsiz ýaşady.

37 – ýaşynda böwrek hassalygy sebäpli Wenada 2 aý bejergi aldy.

37 – ýaşynda serkerdesi edilip ugradylan harby bölümi dargadyldy.

38 – ýaşynda Goranmak ministri tarapyndan wezipesinden boşadyldy.

38 – ýaşynda ýygnanyşyga geýer ýaly raýat eşigi ýokdy we birinden wagtlaýyn

geýmäge aldy. Jübisinde diňe 50 lirasy bardy.

38 – ýaşynda tussag astyna almak boýunça karar çykdy.

39 – ýaşynda ölüm jezasy berildi.

Soňra näme boldy?

42 – ýaşynda Türkiýe respublikasynyň Prezidenti boldy.

Okan maglumatyňyz lider Mustafa Kemal Atatürke degişlidir.


Daýanç Abaýew________"Üstünligiň syrlary"

(Bellik Öň bu maglumat post görnüşde paýlaşylan bolmagy mümkin ýöne özümä postlarda görmedim. halanymdan soň goýmak isledim)

20
61
abat
27.04.2023 00:35

Adam ýylgyranda 17 myşsasy gaharlananda 43 myşsasy işleýän eken

Dostlar bilen bilelikde bolmak immuniteti göterýäni subut edilen.

14
60
abat
11.04.2023 20:17
Muny bilýärdiňizmi?
Dünýäde çepbekeýler bütin ilatyň bary ýogy 7% tutýandyrlar(Menem şol 7% içinde, aramyzdan başga çepbekeýler barmy?)
10
266
abat
10.04.2023 13:44
Muny bilýärdiňizmi?
Adamlardan daşary koalalar🐨hem unikal barmak yzlaryna eýedir
6
23
abat
07.04.2023 18:22

Eger adam organizminiñ düzümindäki bütin demiri toplasak,ol bary ýogy sagat üçin bir kiçijik nurbat taýýarlamaga ýetýän eken

6
57
abat
05.04.2023 18:25
Dünýäde iň sagdyn adamlar kimler?

Günorta Amerika materigindäki Amazonka tokaýlygynda taýpa bolup ýaşaýan ýaşaýjylaryň iň sagdyn adamlardygyny alymlar anykladylar. Bu taýpalaryň ýaşaýjylarynyň ösen gan aýlanyş we akyl ýetiriş ulgamyna eýedigini ylmy barlaglar subut etdi.

Boliwiýa döwletiniň Amazon tokaýlygynda ýaşaýan siname taýpasynyň ýaşaýjylary ýabany tebigat gurşawynda ýaşaýandyklaryna garamazdan, olaryň bedeni örän sagdyn bolup çykdy. Alymlar bu taýpanyň 17 müňe golaý ýaşaýjylaryny öwrenip, olaryň has garrylarynyň hem köp ýaşuly nesle mahsus kesellere seýrek uçraýandyklaryny belleýärler. Has takygy, bu taýpanyň ýaşuly adamlarynyň 85%-de ýürek-damar keselleriniň hiç hili alamaty ýüze çykarylmady. «Lancet» žurnalynyň berýän maglumatynda, 85 ýaşly siname taýpasynyň ýaşaýjysynyň ýürek-damar ulgamynyň 60 ýaşly amerikan ýaşaýjysynyňkydan sagdyndygy bellenýär.

Ylmy gözlegler ýabany tebigatda ýaşaýan adamlaryň nerw kesellerine seýrek uçraýandyklaryny we ýaşyň geçmegi bilen döreýän huşsuzlyk hadysasynyň örän pes derejededigini subut etdi. Alymlar ýaşy 60-dan geçen 435 sany siname taýpasynyň ýaşaýjylarynyň diňe 5-sinde huşsuzlyk hadysasynyň pes derejesini hasaba aldylar. Amazonkanyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň önümleri bilen iýmitlenýän ýaşaýjylarynda garrama hadysasy hem häzirki zaman şertlerde ýaşaýan adamlaryňkydan pes derejede bolup geçýär
8
18
abat
01.04.2023 21:24
Internetde bir günde nämeler bolup geçýär?
Adatça, haýsydyr bir zady bilesimiz gelse, ony bilýändir öýdýän adamymyzdan soraýarys. Emma köp zady internetden hem sorap öwrenip bolýar. Bu bolsa, internetden peýdalanylyşy artdyrýar. Eýsem, bir günüň dowamynda internet dünýäsinde nämeler bolup geçýärkä?!

Günde 500 milliondan gowrak twit ýazylýar.

294 milliard elektron poçta iberilýär.

65 milliarddan gowrak “WhatsApp” habary ýazylýar.

“YouTube” -a 720 müň sany wideo ýüklenýär.

“YouTube”-da 1 milliard sagatdan gowrak wideo tomaşa edilýär.

Ulanyjyaryň 70 göterimden gowragy “YouTube”-a mobil enjamlary arkaly tomaşa edýär.

“Instagram”-da 95 milliondan gowrak surat we wideo paýlaşylýar.

Bularyň ählisini jemlänimizde bolsa ulanyjylar bir ýylda 59 zetabaýt möçberinde internet “sarp edýär”. Eýsem zetabaýtyň möçberi nähiliräkka?! Bir zetabaýt 8,000,000,000,000,000,000,000,000 bite barabar. Bu sany okamak kynrak bolsa gerek. Geliň, onda ony has ýönekeý mysal bilen düşündiriliň! Bir zetabaýt, bir trillion gigabaýta barabar. Ýagny ulanyjylar her ýylda 59 trillion gigabaýtlyk maglumata seredýär.
6
13
abat
31.03.2023 08:36
Çyndanam göz degýärmi❔

📌Türkmenlerde köneden bäri dowam edip gelýän “göz degmek” diýen bir yrym bar. Oňa ynanmaýanlardan ynanýanlar has köp bolsa gerek. Ýogsam biziň il arasyndaky “Pylanyň gözi deger bolmaly, nämä seretse alaýýar”, “Pylana göz degipdir”, “Gözüň degäýmesin, tüweleme diýeweri!” diýen ýaly sözleri häli-şindi eşidip durmazdyk.

“Göz degmä” diňe bizde däl-de, eýsem ABŞ-da, Kanadada, Afrikada, Türkiýede, Eýranda, Ýewropa ýurtlarynyň ählisinde diýen ýaly ynanylýar. Oňa Mongoliýada, Ýaponiýada, Hytaýda seýrek ynanylýar. Koreýada, Birmada, Tibetde, Tailandda beýle yrym düýbünden ýok diýen ýaly. Gadym wagtlarda bu ýurtda “Si gun” diýen energiýa bar diýip, onuň gowy täsirinden nahili goranmagy öwrenendikleri üçin “göz degmek” olara howpsuz bolup galypdyr.

Göz degmäge her ýurtda bir hili ynanylýan eken. Efiopiýada diňe aýry-aýry adamlaryň gözüniň degýändigine ynanylýar. Hindistanda islendik adamyň gözüniň degmegi mümkin diýlip hasaplanýar.

Russiýada gyşyk ýa-da içine çöküp duran gözler degýär diýlip ynanylsa, Italiýada gök gözli adamlaryň gözüniň degýän bolmagy mümkin diýlip çekinilýär. Munuň tersine, Günbatar Ýewropada gara gözli adamlardan howatyrlanylýar. Ispaniýada bolsa diňe ýat adamyň gözi degýär diýlip ynanylýar.

Köp halklarda gözi deggir diýlip hasaplanýan adamlara ýanyna düwünçege duz alyp gezmegi maslahat berýän ekenler. Göz degmeginiň esasy sebäbini, düýp çeşmesini ähli ýurtlarda, şol sanda bizde hem bahyllyk, gözügidijilik, açgözlük zerarly diýip bilýän ekenler.

Göz degmekden goranmak üçin, halk dürli döwürlerde her hili tärleri oýlap tapypdyrlar. Şol tärleriň iň peýdalysy hökmünde, “Tüweleme, tüweleme, tüweleme, tüf, tüf’ diýip, üç gezek tüýkürmek hasaplanypdyr. Ýer ýüzündäki ähli halklar adamyň tüýküliginde uly gudrat bar diýip aýdýarlar. Türkmenlerde “Ýylanyň agzyna tüýkürseň ölýärmiş” diýen gürrüň bar, ýöne munuň çyndygyny ýa ýalandygyny barlap gören bardyr öýdemzok. Häzirki zaman lukmançylygynda her adamyň tüýküligi boýunça keselini anyklap bolýandygy barada nygtalýar. Aslynda, Gadymy Gresiýada adamyň hiç zat iýmänkä, ir bilen tüýküren tüýküligi bilen gijilewük kesellerini bejerýän ekenler. Piliniý “Tebigy taryh” diýen kitabynda bu emiň adama örän gowy täsir edýändigini aýdyp geçýär. Ýöne bu ýönekeý, göräýmäge zyýansyz usuly synap görüp, biziň günlerlmizdäki keselli adamlaryň saplanany-ha ýok bolsa gerek. Belki-de munuň şeýledigini adamlar bilýän däldirler. Her niçigem bolsa, tüýküligiň agzalyp geçilen kesele em bolýanynyň sebäbi-de şol derdiň adama göz degmegi arkaly sataşýandygy bilen düşündirip bolar. Türkmenlerde göz degmekden goranmak üçin, dürli tärler oýlanylyp tapylypdyr. Halk, köplenç, çagalara ýa-da göz deger diýip gorkýan zadyna doga, tumar, alaja ýüp, düýe ýüňünden edilen bag, dagdan agajynyň bölejigini dakýan eken.Ylmy esasda barlaglar geçirip görmän, bu zatlaryň nädip adamy göz degmekden gorap bilýändigini aýtmak kyn. Eýsem, şu agzalan zatlaryň köpüsiniň adam synasyna oňaýly täsir edýändigi mümkin. Belki-de halk tejribe edip görüp, şuňa meňzeş zatlary il gözüne görkezibermekden saklanypdyr.

Göz degmeginden goranmagyň iň gowy ýoly ýaman gözden daşrakda bolmak diýip düşünipdirler. Şonuň üçin ýaş çagany, ýaş gelni, dokmadaky halyny, pile saraýan gurçugy, sygyrdan saglyp alyan süýdi we şuňa meňzeş zatlary il gözüne görkezmekden gaça durupdyrlar. Şeýle edilmese, ynsanyň kesellemegi, gurçugyň gyrylmagy, sygryň süýdüniň çekilmegi we şuňa meňzeş ýagdaýlaryň ýüze çykmagy mümkin diýip düşünipdirler.

Dürli döwürlerde gözi deggir diýlip hasaplanan adamlaryň bu gürrüňlere çyny bilen ynanýanlaryň gazabyň pidasy bolandyklary hakda maglumat bar.

1879-njy ýylda Tihwan uýezdiniň Wroçewo obasynda şeýle waka bolup geçipdir. Şol obada ýaşaýan Agraflna Ignatýewa atly birine gözi deggir diýip ynanýan ekenler. Bir gün Kuzmin diýen obadaşynyň öýüne baryp gaýdansoň, şol öýüň gyzynyň içinden duýdansyz agyry tutup, burup başlapdyr. Şeýle ýagdaý Agrafina başga bir öýe baryp gaýdansoň hem gaýtalanypdyr. Obadaşlary muny Agrafinadan görüp, ony daşaryk çykarman, öýünde gabap heläkläpdirler
8
93
abat
30.03.2023 06:28
Muny bilýärdiňizmi?
Diliň yzy hem edil barmak yzlary ýaly unikal (ýeke-täk) bolup, ol her bir adamda dürli-dürlüdir.
10
58
abat
29.03.2023 10:10
Ýokary okuw jaýyndaky professorlaryň biri eline kiçi bolmadyk bir guty bilen derse girýär. Hiç zat düşündirmän, gutudan bir gap çykaryp stoluň üstünde goýýar, soňra gaby gutudan çykaran tennis toplary bilen doldurýar. Yzyndan talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplaryň ählisi gabyň dolandygyny aýdýarlar. Professor gutudan çagyl daşlaryny çykaryp, eli bilen gaba guýmaga başlaýar we çagyl daşlary gaýyp tennis toplaryň arasyndaky boşluklary doldurýar. Professor ýene-de talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplar hem: “Hawa, doldy” diýip, jogap berýärler. Professor bu gezek gutudan gum çykarýar we gumy ýuwaşlyk bilen gaba guýýar. Mundan soňra çagyl daşlarynyň arasyndaky boşluklary gum bilen doldurýar we gaýtadan talyplardan gabyň dolup-dolmadygyny soraýar. Talyplar bolsa hemmesi birlikde: “Hawa doldy, ind-ä doldy” diýip, jogap berýärler. Bu gezek professor gutudan iki bulgur çaý alýar we gaba guýýar. Bulgurdaky çaŷ hem gumlaryň arasyndaky boşluklary doldurýar.

Biraz soňra professor: “Bu gaby siziň durmuşyňyzy häsiýetlendirýändigini düşündirmek üçin görkezdim. Bu ýerde tennis toplary durmuşyňyzdaky zerur zatlaryňyz: maşgalaňyz, çagalaryňyz, saglygyňyz, dostlaryňyz we siz üçin zerur bolan ähli beŷleki zatlaryñyzdyr. Başgalaryny ýitirseňiz-de bu zerur zatlar hemişe siziñ ŷanyñyzda galar we durmuşyňyzy dolduryp durar. Çagyl daşlary bolsa zerurlygy az bolan galan zatlaryňyz: işiňiz, öýüňiz, awtoulagyňyz we şuňa meňzeş beýleki zatlaryňyzdyr. Gum bolsa bu siziň öz-özüňize guran hyýaly, kän bir möhüm bolmadyk dertleriňiz, ownuk zatlardyr. Emma gaby ilki gum bilen dolduran bolsaňyz, çagyl daşlaryna we aýratynda tennis toplaryna ýer galmazdy. Bu getiren mysalym siziň durmuşyňyzda-da öz ornuny tapýar. Wagtyňyzy we güýjüňizi ownuk-uşak zatlara sarp etseňiz, esasy özüňiz üçin zerur bolan zatlara wagt galmaz. Özüňizi bagtly edip biljek zatlara tarap ünsüňizi çekiň” diýýär.

Talyplaryň biri: “Ýoldaş mugallym, mümkinmi? Onda iň soňunda guýulan iki bulgur çaŷ näme manyny berýär?” diýip, sorady.

Professor ýylgyryp: “Sizden bu soraga garaşýardym. Iň soňunda guýulan iki bulgur çaŷ, bu durmuşyňyzda işiňiz näçe kyn bolsa-da, muňa garamazdan ýakynlaryňyz we dostlaryňyz bilen çaý içip, bilelikde wagt geçirmäge pursat bardygyny aňladýar” diýýär.
20
82