Dünýäde iň sagdyn adamlar kimler?
Günorta Amerika materigindäki Amazonka tokaýlygynda taýpa bolup ýaşaýan ýaşaýjylaryň iň sagdyn adamlardygyny alymlar anykladylar. Bu taýpalaryň ýaşaýjylarynyň ösen gan aýlanyş we akyl ýetiriş ulgamyna eýedigini ylmy barlaglar subut etdi.
Boliwiýa döwletiniň Amazon tokaýlygynda ýaşaýan siname taýpasynyň ýaşaýjylary ýabany tebigat gurşawynda ýaşaýandyklaryna garamazdan, olaryň bedeni örän sagdyn bolup çykdy. Alymlar bu taýpanyň 17 müňe golaý ýaşaýjylaryny öwrenip, olaryň has garrylarynyň hem köp ýaşuly nesle mahsus kesellere seýrek uçraýandyklaryny belleýärler. Has takygy, bu taýpanyň ýaşuly adamlarynyň 85%-de ýürek-damar keselleriniň hiç hili alamaty ýüze çykarylmady. «Lancet» žurnalynyň berýän maglumatynda, 85 ýaşly siname taýpasynyň ýaşaýjysynyň ýürek-damar ulgamynyň 60 ýaşly amerikan ýaşaýjysynyňkydan sagdyndygy bellenýär.
Ylmy gözlegler ýabany tebigatda ýaşaýan adamlaryň nerw kesellerine seýrek uçraýandyklaryny we ýaşyň geçmegi bilen döreýän huşsuzlyk hadysasynyň örän pes derejededigini subut etdi. Alymlar ýaşy 60-dan geçen 435 sany siname taýpasynyň ýaşaýjylarynyň diňe 5-sinde huşsuzlyk hadysasynyň pes derejesini hasaba aldylar. Amazonkanyň baý ösümlik we haýwanat dünýäsiniň önümleri bilen iýmitlenýän ýaşaýjylarynda garrama hadysasy hem häzirki zaman şertlerde ýaşaýan adamlaryňkydan pes derejede bolup geçýär