ab_o7o8
28.12.2023 10:37
Elmydam ömrüne ýalkym çaýylar
Ýaşasa hossary ynsanyň ähli
Seň üçin bar zatdan üstün saýylar
Atanyň söýgüsi enäniň mähri

Olaň huzurynda saklagyn diliň
Asla haýbat bilen galmasyn eliň
Hemmä nesip etmez gadryny biliň
Atanyň söýgüsi enäniň mähri

Mähriban ene hem gahryman peder
Elmydam goldawdyr etseň-de heder
Hiç haçan kemsinme göwnüň hoş eder
Atanyň söýgüsi enäniň mähri

Asla hor bolmarsyň duz bilen nana
Käbäň,Kyblaň barka howp gelmez jana
Mençe deňelmeli uly asmana
Atanyň söýgüsi enäniň mähri

Bu päkligi taryplamaýyn neçüýn
Çäksiz duýgy her ýagşy perzent üçin
Maňa zerur ylham hem her bent üçin
Atanyň söýgüsi enäniň mähri
16
29
ab_o7o8
27.12.2023 11:12

Bosagaňdan ädim ätdik

Sumkajygy yza asyp

Ýazdyk biz ilkinji harpy

Ak medebe gadam basyp


Käte bezzat kä akylly

Mugallym sözi nakyldy

Diýýäs:"Ana jaň kakyldy"

Ak mekdebe gadam basyp


Şatlyk näme gaýgy näme

Dostluk näme söýgi näme

Höwes dörär her senäňe

Ak mekdebe gadam basyp


Dogry bilemzok suwara

Kitap bilen ýakyn ara

Jogap tapdyk kän sowala

Ak mekdebe gadam basyp


Öwrendik galam tutmagy

Ýeňilmän diňe utmagy

Saýgardyk dana,akmagy

Ak mekdebe gadam basyp


Wagtam geçip dur günsaýyn

Her işe ýapyşdyk gaýym

Bolduk gelejege taýyn

Ak mekdebe gadam basyp

16
12
ab_o7o8
24.12.2023 07:51
Gijeler hemmä-de bolýar ýakymly
Zähmet çekensoňlar janyn aýaman
Ýöne şol ukydan oýanmak gerek
Şükür edip turanmyza sag-aman

Ganalyň-ganalyň tämiz säheriň
Çekip içe jana şypa howasyn
Diň salyp azanyň mahmal sesine
Her kim aýtsyn kalpdan dileg-dogasyn

Durmuş hakda geljek hakda oýlanyp
Pikir ummanyna çümüp birsellem
Niýet edip ýagşy zatlar barada
Biraz dosty bolup mylaýym ýelleň

Synlap ýagty Günüň doguş pursadyn
Şol päk gözellige gowşuryp salam
Taňry rysgal paýlap goldasa bizi
Şol meňem,seniňem ýykylmaz galaň

Janlanyp ugranda gözel tebigat
Şonuň kimin gözel bolmagmyz ýaly
Bu gün iň ajaýyp günleň birisi
Bolsun diýip günümize başlaly

Akmyrat Öwlýagulyýew
16
7
ab_o7o8
23.12.2023 09:50
Ynjytýan käbämi ynjytýan juda
Ýyly güneş deýin dursa-da çoýup
Her sapar enemi gygyrdan çagym
Kalbynda döreýä kiçijik oýuk

Ýene göwne degsem şol kiçi oýuk
Wagt geçmegi bilen ulalýar assa
Şeýdip beýik zenan mukaddes enem
Men sebäpli bolýar biçäre hassa

Soňam aýdyp kalp agyrtjak sözlerden
Bolgusyz zat üçin göwnine degýän
Hem-de juda degýän,şol mährem zenan
Biz üçin dik başyn bolsa-da egýän

Ynjytýan käbämi ynjytýan juda
Biz üçin bar zada bolsa-da taýyn
Beýdip ýüregini agyrtma derek
Gaýtam beren halal süýdin haklaýyn
20
21
ab_o7o8
22.12.2023 21:57

Ezerler ezerler juda ezerler

Kän gezek üstüňden gülüp gezerler


Ýöne olaň bolşy çekmesin ünsüň

Geçirimlli bolup geziber ümsüm


Soň saýlan ýoluňy gönükdir öňe

Gez ýöne gyssasyz,şatlanyp diňe


Dünýä tegelekdir ýatdan çykarma

Garaşgyn hasaply günüň çykarna

17
26
ab_o7o8
21.12.2023 07:54
Eger sowuk şemal bürese daşyň
Açaýyn goýnumy ýylanaý gülüm
Döz gelip men ähli ejir süteme
Seni söýjegime ynanaý gülüm

Aşygnyň kalbynda galyp keşt eden
Hak bar gözelligi saňa keşp eden
Akýan dury suw dek tämiz çeşmeden
Seni söýjegime ynanaý gülüm

Meň ýolumy aýdyňladýan şöhlesiň
Jan goşýar janyma jadyly sesiň
Bolup mydam arzuwym hem höwesim
Seni söýjegime ynanaý gülüm

Taryp edip ajap syratyň diňmän
İň süýji sözlerden aýdyp men kemmän
Aýap ähli zatdan eý görüp iňňän
Seni söýjegime ynanaý gülüm

Çykarmaryn bir gireň soň kalbyma
Çalyşmaryn seni merjen laglyna
Toprak meni tä basýança bagryna
Seni söýjegime ynanaý gülüm
19
46
ab_o7o8
20.12.2023 16:39
İlki müdimilik abadan eýle
Mährem ene toprak söýen ýerimi
Ondan soñam etjek beýik dilegim
Taňrym özüň gora söýenlerimi

Tümlüge düşseler yolun çyraglat
Hasratdan halas et göklerde galgat
Aglatsaňam diňe begençden aglat
Taňrym özüň gora söýenlerimi

Dostuň hilesinden duşman şerinden
Rehimsizden hem oň bolan ýerinden
Gadyrsyz ärden hem ýaman gelinden
Taňrym özüň gora söýenlerimi

Görmesinler asla agyr ýoksullyk
Etmesinler senden özgä hiç gulluk
Göwünlerne meslik berme hem ululyk
Taňrym özüň gora söýenlerimi

Olar ajap zatlaň baryna rowa
Zalyma däl diňe duşsunlar gowa
Dilimden düşmejek ömürlik doga
Taňrym özüň gora söýenlerimi
20
54
ab_o7o8
19.12.2023 18:14
Gardaş gaharlanma biraz giňräk bol
Gahar bu adama iň ganym duşman
Gahardan-gazapdan daşrakda bolsaň
Ýörärsiň durmuşda asla ýalňyşman

Gahar-bu adamyň ömrün gysgaldar
Gahar ýürekleri eder peýekun
Biri-biri bilen kybapdaş olar
Gahar hem-de joşan wagtynda Jeýhun

Gahar bu tümlüge eltäýjek bir ýol
Gahar gelen wagty gapar garagy
Gahar erklileriň barmaz golaýna
Erksizleriň bolsa möhüm ýaragy

Gahar adamzady eder betgelşik
Gahar ýüzlermiziň nurun söndürer
Gaharyň beräýjek uly zyýany
İçiňdäki ynsanlygy öldürer
17
48