ab_o7o8
19.12.2023 18:14
Gardaş gaharlanma biraz giňräk bol
Gahar bu adama iň ganym duşman
Gahardan-gazapdan daşrakda bolsaň
Ýörärsiň durmuşda asla ýalňyşman

Gahar-bu adamyň ömrün gysgaldar
Gahar ýürekleri eder peýekun
Biri-biri bilen kybapdaş olar
Gahar hem-de joşan wagtynda Jeýhun

Gahar bu tümlüge eltäýjek bir ýol
Gahar gelen wagty gapar garagy
Gahar erklileriň barmaz golaýna
Erksizleriň bolsa möhüm ýaragy

Gahar adamzady eder betgelşik
Gahar ýüzlermiziň nurun söndürer
Gaharyň beräýjek uly zyýany
İçiňdäki ynsanlygy öldürer
17
48
nuranow
19 Dekabr 2023
@ab_o7o8, 😉
ab_o7o8
19 Dekabr 2023
@nuranow, kop sagbolun
nuranow
19 Dekabr 2023
👍 galamyň ujy ýiiti bolsun
ab_o7o8
19 Dekabr 2023
@loona_girl, minnetdar aydanyn gelsin
ab_o7o8
19 Dekabr 2023
@loona_girl, 🤗😊saol
loona_girl
19 Dekabr 2023
Galamyn yiti bolsun
loona_girl
19 Dekabr 2023
Birinji postuň gutlyş
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.