Zemheri
17.11.2022 02:46
Bir çagajyk öýleriniñ gapysyny gulplap, açary nirde goyanyny kagyza yazyp gidipdir. Birnäçe wagtdan soñ ol yere ogry gelipdir we açary tapman yzyna gidipdir. Sebäbi näme üçin?(Logiki sorag)
18
421
Zemheri
10.11.2022 14:29
Algyñy soran güniñ.😂
13
372
Zemheri
09.11.2022 08:23
Kiçijekligine garamazdan pili bir elinde göterip bilýän çaga kim diýilýär.(logiki sorag)
17
444
Zemheri
08.11.2022 11:26
Haçanda men garranymda sen gaharlanma gyzym...
15
150
Zemheri
07.11.2022 13:26
Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,
Munça içmekligiñ ýokdy geregi
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.

çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.

Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.

Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,
Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,
şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,
çenden aşa köp içende aragy.

şol araklar aksa derýa bordy giñ,
Ikinji orunda galsa gerek Nil,
özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,
çenden aşa köp içende aragy.

Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,
Arak ýörär damarda gan ýöremez,
Iki üç hepdeläp heleý garamaz,
çenden aşa köp içende aragy.

Dostlaryñam hezil edip güldüler,
şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,
Hormat edip kamerada Aldylar,
çenden aşa köp içende aragy.

ýakynda bolupdyñ edara başlyk,
Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,
şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,
çenden aşa köp içende aragy.

Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,
Şo gün urupdyrlar dişiñem gitdi,
Bu goşgy sen hakda,
Al!
Oka!
Bitdi...
"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"
21
548
Zemheri
06.11.2022 04:16
Içmeyan cekmeyan nasam atmayan
Agşam 9dan soñ öýden cykmaýan
Gyzdan gaçyan gyz elini tutmayan
Üns beriñ şeyleräk oglan gõzlenýär.

Ömir boyu meniñ elimi tutjak
Islan wagtym yaltanman näzimi çekjek
Şeyle yigit bolsa durmuşa çykjak
Habar salyñ şeyle oglan gözlenýär.

Islan wagtym islan zadymy etjek
Ukymdan doyyancam galmanjyk yatjak
1 ayda 15 sapar öymize gitjek
Şu şertime razy yigit gözlenýär

Ulagy hem bolsun bolsun bir jayy
Jany sagat bolsun bolmasyn maly
Ýone mertje durup etmeli zady
500mln galyñ berjek gözlenýär.

Şahyr yazar gelen ence hayyştdan
Hayyş geldi Jeren Jemal Nazikden
Şirindir Bahardyr Alma Uzukdan
40 gije toý tutjak ýigit gözlenýär.
18
872
Zemheri
05.11.2022 17:29
Bir patyşa nökerlerini alyp awa çykypdyr şol yolda öñlerinden dayhan dosty çykypdyr. Bular hal ahwal soraşypdyrlar. Soñra patyşa dayhana sorag bermane başlapdyr.
1Hasyl ekdiñmi? Dayhan: hasyl ekdim il ordy diyipdir.
2Uzak bilen arañ nähili diyipdir. Dayhan uzaga yakyna gelendir diýýä.
3Dostuñ bilen arañ nahili? Dayhan dostum bilenem öwerlikli däl şarkda-şurk gürpde-tarp diýýär
4Gaz ugratsam ütermiñ diyyar. Dayhan höwes bilen diyipdir.
Şeydip bular hoşlaşyar. Nokerler bu yagdaya dusunip bilman şalaryndan sorayar şa bolsa olara gitde dayhandan sorañ diyyär. Nokerler gaydyarda sorayar we alan jogaplaryna gülişip yzyna gaydyarlar.
Mahriban agzalarymyz menem sizden şol dort soragyñ jogabyna garaşyaryn.
16
664
Zemheri
Zemheri
04.11.2022 15:12
Ýakma bişersiñ gazma düşersiñ.
Zemheri
03.11.2022 12:02
Salam hemme agzalarymyza. Şeyleräk bir soragym bar bu sorag matematiki sorag bolup sizi biraz pikirlendirip biler.
Üç belgili sany alyanyz mysal üçin: 355 diyeli we şol sanyñ yzyna yenede 755 goyyas 755755 indi şu sany 3 gezek bölip başdaky 755 sany çykarmaly. Bölenimizde diñe 1lik sany ulanmaly däl. Isle 14 ise 39 islede 4 bolsun iiñ guzykly yerem şo bölen 3 sanyñyz siziñ her biriñiziñ alan sanyñyzy bõlip bilmeli. Mysal ucin 755755:?:?:?=755 şol soragyñ yerindaki sanlar siziñ hemmejäñiziñ dogry jogabyñyz bolmaly.
7
517