Zemheri
07.11.2022 13:26
Bu gün sen sanaýañ çüýşeleñ sanyn,
Munça içmekligiñ ýokdy geregi
Sen göýä dälidek ýitipdir añyñ,
çenden aşa köp içende aragy.

çüýşleriñ sany bolupdyr elli,
Seniñ bolup ýörşüñ şondanam belli,
Nirde ýatdyñ,nirde turduñ näbelli,
çenden aşa köp içende aragy.

Kanalizasýañ ysy gelýär ýüzüñden,
Jaý salyp hem boljak egniñ gumundan,
Düşdüñ şeýdip iliñ-günüñ gözünden,
çenden aşa köp içende aragy.

Jülgedir,Awaza hem-de ak bugdaý,
Garyşdyryp içdiñ ine-de ýagdaý,
şo gün dogmaly gün,üç gün soñ dogdaý,
çenden aşa köp içende aragy.

şol araklar aksa derýa bordy giñ,
Ikinji orunda galsa gerek Nil,
özüñe gelensoñ gözlediñ pahmil,
çenden aşa köp içende aragy.

Eşikleriñ trýapka-da ýaramaz,
Arak ýörär damarda gan ýöremez,
Iki üç hepdeläp heleý garamaz,
çenden aşa köp içende aragy.

Dostlaryñam hezil edip güldüler,
şo gün seniñ kimdigiñi bildiler,
Hormat edip kamerada Aldylar,
çenden aşa köp içende aragy.

ýakynda bolupdyñ edara başlyk,
Nebisiñ baýnady köp etdiñ hoşluk,
şeýdip iş ornuñda döredi boşluk,
çenden aşa köp içende aragy.

Bir günlük keýp üçin işiñem gitdi,
Şo gün urupdyrlar dişiñem gitdi,
Bu goşgy sen hakda,
Al!
Oka!
Bitdi...
"ÇENDENAŞA KÖP IÇENDE ARAGY"
21
548
Myhman Myhman
9 Noýabr 2022
𝗔𝗿𝗮𝗺 𝗮𝗿𝗮𝗺 𝗴𝗲𝗿𝗲𝗸
Relax
7 Noýabr 2022
Hemme zadyñ köpi zyýan...
Myhman Myhman
7 Noýabr 2022
Arak-bu saglyga zyýanly zat, şoň üçin ony içip ýok etmeli
Myhman Myhman
7 Noýabr 2022
Prosta bet
zolushka
7 Noýabr 2022
Saglyk üçin zäher galdyrýanlar!!
Marýam
7 Noýabr 2022
😁😅😅 Nesip bolsa okar 👍
Gozel🌷🌹🌹
7 Noýabr 2022
👍👍👍👌👌👌
Olka
7 Noýabr 2022
Sag bola
ay_kiz_
7 Noýabr 2022
👍
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.