Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
11.06.2023 05:50

bilşimiz ýaly ,BMG- niň ylym bilim we medeniýet boýunça guramasy ÝUNESKO-yň dünýä myrasy sanawyna häzirki wagta çenli "Nusaý " "Gadymy Merw" "Köneürgenç" döwlet taryhy medeni goraghanalary girizildi. Indi bolsa , Türkmen topragynyň täsin künjekleri bolan sünt hasardagy rowaýatyň hem şemalyň mekani hasaplanylýar Bathyzy , Gadymy dinozawirlaryň yzy tapylan Köýtendag goraghanasyny Garagum sährasyny hem-de beýleki täsin tebigatly ýerleri oňa goşmak baradaky teklipler taýýarlanyp işlenip düzüldi .

3
28
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
12.05.2023 15:55
"Toýota " hem-de onuň golçur kärhanalary bolan " Diahatsu " we "Hino " 2022 nji maliýe ýylynda (2022 nji ýylyň 1 nji aprelinde 2023 nji ýylyň 31 nji marty ) Dünýäde rekord mukdarda ulag öndürip satdy . Awtoulag öndürijisi degişli döwrüne 10, 73 million awtulag öndürip , dünýäde 10,56 million Awtulag satdy .
13
188
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
30.04.2023 15:58

Ak didary meňzär aýa ,

Aljak gyzdyr aljak gyzym.

Hakdan razy bu serpaýa ,

Alçak gyzdyr aljak gyzym.


Arşa näzli , diýseň kejir ,

Näzin çekmek däldir ejir .

Sözi süýji bişen injir ,

Alçak gyzdyr aljak gyzym.


Lowlar ýürekdäki yşgym,

Agraslygy bezär keşbin.

Giňäp gitdi koňük köşküm,

Alçak gyzdyr aljak gyzym.


Bu gün düşdi başa heser,

Ýylgyrşam kämil eser .

Ýedi ölçäp ,ýeke keser ,

Alçak gyzdyr aljak gyzym.


Günüň nury düşen ýaly ,

Gül düşelen geçen ýoly .

Edil mährem ejem ýaly,

Alçak gyzdyr aljak gyzym.


Meniň arzuwlarym aşa ak ,

Ah, yşkdan dolup daşamok .

Entek özümem duşamok ,

Alçak gyzdyr aljak gyzym .


Awtor: Kerim Hallyýew


10
63
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
25.04.2023 11:55

Tailandly biologiki mangoliýa güllüler maşgalasyna degişli bolan täze ösümligiň üstüni açdylar . Hoşboý ysly bolan bu ösümlige K-pop toparnyň ýyldyzy Lisa manobanyň ady dakyldy .bu ösümlige Çiangmaý uniwersitetiniň alymlary ýurdyň günortasyndaky Narathiwat şäheriniň golaýynda tapdylar .


Internet sahypasy

14
59
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
15.04.2023 17:11
Hindistanda Assam ştatynyň Guwahati şäherinde 11 müňden gowrak tansçy we sazanda Bihu tansyny ýerine ýetirip tansçylaryň we depçileriň sany boýunça iki dünýä rekordyny goýdular bu barada "Furonews" teleýaýlymy habar berdi . Assam medeniýetiniň aýrylmaz bölegi bolan Bihu tansy ýerli senenamada Täze ýylyň başlanmagyny aňladyp , her ýylda gurnalan festiwalda ýerine ýetirilýär

Internetdäki maglumat
18
195
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
11.04.2023 15:42
Birleşen arap emirliklerinden 4 ýaşly oglan dünýäniň iň ýaş ýazyjysy boldy bu barada ginnesiň rekordlar kitabynyň web sahypasynda habar berildi . Said Raşed Al-Mheýriniň 4 ýyl 218 gün ýaşyndaka " Saidiň pili we aýysy " atly kitaby çap edildi . Oglanjygyň sözlerine görä ejekesiniň täsiri bilen hoşniýetlilik bilen dosluk barada kitap ýazmaly diýen karara gelýär . Onyň ejekesi Al -Dabi hem 8 ýaşynda iki dilde kitap neşir etdirip rekord goýan ýaş ýazyjydyr

20
171
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
08.04.2023 16:57
Aşgabat şäheriniň dil derslerini çuňlaşdyryp öwretýän 87-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Linawur Berdiýewa okuwdan boş wagtlary bir ýyldan gowurak wagt bäri Aşgabat şäherindäki "kämil bilim " okuw merkeziniň Anzan mega Mental arifmetika okuwna gatnaýar 2022 nji ýylda mental arifmetika boýunça Türkmenistanyň birinjiligi ugrunda ýaryş geçirildi şol ýaryşda Linawur Berdiýewa Türkmenistan boýunça kümüş medaliň eýesi boldy şol gün Mental arifmetika ugry boýunça Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny hasaba almak ugrunda ýaryş hem guraldy Liwanur şol rekord ýaryşynda 0,3 sekunt tizlikde 1 belgili 200 sany sanlary yzly yzyna 5 gezekde goşup dogry hasaplap, Türkmenistanyň ilkinji milli rekordyny gazanmagy başardy hem-de bu rekord halkara MEMORAD bütindünýä zehin sport federasiýasy tarapyndan hasaba alyndy we degişli sertifikady gowşuryldy ýaş rekordsmen Anzal Türkmenistan mega Mental arifmetika dersiniň utgaşdyryjysy ,"Kämil bilim" okuw merkeziniň mugallymy Döwletmyrat Durdymämmedow ýaryşa taýýarlady.

23
302
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
29.03.2023 11:45
Finlandlar pikir soraýşyklarda özüni bagtly saýýanlaryň arasynda hemişe öňdäki orunlary eýeleýärler . Dünýäniň iň bagly adamlary isleg bildirýanlere bagtly bolmagy öwretmek maksat edinýär ýurdyň syýahatçylyk pudagynyň ýolbaşçylary bagtly bolmagy öwrenmek isleýänler üçin okuw derslerini bermegi meýilleşdirýär.
Ýurdyň Leýkländ sebitine barjak syýahatçylar üçin ýaşamak üçin ähli amatlyklar döredilen obada dynç alarlar bu ýerde dynç almaga Myhmanlar tebigatdaky materýallardan zad ýasamagy öwrenerler, tokaýda we kölüň ýakasynda köşeşdiriji ses we saz diňläp , fiziki we ruhy taýdan dynç alarlar . Olar ýörite hünärmenleriň gatnaşmagynda fin ýaşaýyş äheňinde ýaşap görerler . Bilermenler finlandiýanyň tebigatyny halaýan we gowy bolmagy ymtylýan , köpçüligi halaýan adamlaryň bu hyzamatdan peýdalanmagynyň has netijeli boljagyny belleýärler

Gyzyklanma bildirýänler 2 nji aprel çenli internet arkaly ýüz tutup bilýärler .

Internetden alyndy
16
170
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
28.03.2023 14:58
Türkmeniň mukaddes saýýan namysyn
On edip epläp ädäýdiň tik tok,
Unutdyryp gerçek ýigitleň jynsyn,
Arly gyzlarmyzy nädäýdiň tik tok,

Süýji dilli gyzlaň agzynda kalýan,
Ownan ýigitleriň üstünden gülýäň.
Bizi nädip beýle täsire salýaň,
Ynsany sygyr dek idäýdiň tik tok

Ahu sizde kaka dogan bir barmy,
Ýa olaram gyzym öldimi diýip ýörmi,
Ýa gulagy Kermi gözleri körmi,
Şu soragdan halys ýadaýdym tik tok.

Awtor Kerim Hallyýew
16
186
Tkm_Aýdymçy_Ýigit_98
27.03.2023 13:17
Günlerde bir gün Ependiniň aýaly äri özüni sowgat alyp bermegini isläpdir :
- Maňa gyzyl matadan ýaglyk sowgat edsene -diýip haýyş edipdir . Onda Ependi:
- ulylygy nähiliräk ? Şunuň ýaly bolsa bolarmy -diýip ' gulajyny (gulaç -ölçeg birligi .) Açyp iki elini serip sorapdyr , aýaly :
- howwa bolar diýipdir. Ependi ölçegi ýadyndan çykarmajak bolup gulajyny açyp ,ak bazara rowana bolupdyr . Barýarka öňünden çykan adamlara :
- sowylyň ,ölçegmi bozaýmaň !-diýipdir.

Halan bolsaňyz like 👍❤️
14
330