Syke_Dali
16.10.2024 07:31
Meniñ iş yerimde ateist diýseň kän, men olaryň her dürlisine gabat gelip gördüm. Meniñ iş yerim transport ulgamyna degişli bolany üçin, gije-gündiz işlemeli bolýar. Şol sebäpden biz hem gije-gündiz nobatçylyga çykýarys. Biz nobatçylyga hemişe 2-3 adam bolup çykýarys, gapdalymda nobatçy (çalşyk) inžener bolýar, biziň oturýan iş otaglarymyz aýry aýry. Ana, şol nobatçy inženerleriň içinde, köplenç ateistler gabat gelýär. Olaryň köpüsi özleriniň kimdigini aç-açan boýun alýarlar, käbirleri gizlenýärler, käbirleri bolsa: -Kakam Hudaý ýok diýdi diýip, özleriniň ateistdigini kakdyrýarlar. Olar näme diýseler- de, olaryň barsynyň arasynda bir meňzeşlik bar, olar gijeki nobatçylykda, iş otagda çyrany söndürmän oturýarlar. Näme üçin beýle edýäňiz diýip soramda, birden biri meni barlamaga gelse, maňa ýatan öýdäýmesin diýýärler. Dogrymy aytsam, gije çyralary ýanyp duran otagy görüp, bu ýerde-de gije adam bolýan eken diýip, her tüýsi adamlar olaryň ýanyna gelýärdi. Daşyndan göräýmäge ateist adamlar hem, adaty durmuşy ýaşaýan ýaly bolsa-da? Hakykatda ýagdaý beýle däl eken. Ateistleriň durmuşy aňsat däl, sebäbi her bir adamyň durmuşynda Hudaý bolaýmaly, başgaça aýdaňda meýilnama bölümi. Mysal üçin, meniň durmuşymy we gelejegimi Hudaý meýilleşdirýär. Maňa onuň ygtyýaryndan sypma ýok, başyma näme gelse Hudaýdan gelýär. Ateistleriň durmuşynda Hudaý ýok, ýöne Hudaýyň wezipesini barybir biri, hökman ýerine ýetirmeli. Onsoň ateistleriñ özleri bar zady meýilleşdirip başlaýarlar. Gije çyra sönmeli däl, işe mydama doly formada gelmeli, galstuk mydama dakylgy bolmaly, bar zady bolmalysy ýaly ýerine ýetirmeli. Hepde-de bir-iki gezek hökman uly başlyklaryň gözine görünmeli we olar bilen ýylgyryşmaly. Öziňi peýdaly işgär hökmünde görkezmeli, başga işdeşleri satmaly. Aklymdan çykmaz ýaly, elmydama täze informasiýa çöplemeli, we iň soňky gep- gybatdan habarly bolmaly. Garaz ateistler, dumly-duşdan ätiýaçly bolmaly adamlar eken. Hudaý ýok, diýmek ýykylsaň galdyrjak we syrtyňy ýapjak ýok. Diýmek ähli soraglarda öz syrtyňy özüň ýapmaly. Aýalyň agyr keselledimi, aýalyňy taşlaýaň, gabrystanda entek diri wagtyň ýer satyn alýaň, we ýadygärlik dikýäň, diňe içine giräýmeli edip goýýaň. Kelle gije-gündüz gelejegi meýilleşdirýändigi sebäpli, känbir dinç alyp bileñok, şeýle kelläni gijelerine öçürmeli bolýar, onsoň ateistler ýuwaş- ýuwaşdan arak içip başlaýarlar. Iň soňunda- da şol beladan ölüp gidýärler. Köplenç internetde, käbir adamlar özleriniň ateistdigini bir tüýsli buýsanç bilen yglan edýärler, hamala Hudaý ýok diýip aç-açan aýtmak, olary başgalardan tapawutlandyrýan ýa-da beýgeldýän ýaly? Siziň baryňyz kör, men bolsa gözli we şoňa meňzeş pikirler. Hakykatda bolsa bu yerde buýsanara hiç zat yok, men ateistleri diýseň golaýdan gördüm we olaryň ähli kemçiliklerini bilýärin. Eger daş-töwerek gaýnaberse, hatda öz ejelerini we çagalaryny ortada goýup, öz gara başlaryny satyn almaga kaýyl. Sebäbi Hudaý ýok, O dünýe ýok, diýmek ertir hiç kimiň öňünde ýüzüňi sallap durmaly däl

Çeşme: kitapcy.ru
5
34
Syke_Dali
15.10.2024 12:11
Orta mekdebi gutaran biri edebiýat, himiýa we ş.m... babatda iň elementar zatlarda ortaça bilime eýe hasap edilýär. Mekdebiň funksiýasam şol. Töweregimizi gurşap alan dünýä düşüner ýaly ortaça bir sowat bermek. Ençeme ýyl öň şol bir brendiň iki hili şampunynyň arasyndan in optimalyny saýlajak boldum. Düzümine seredemde şol himikatlaryň hiç birine düşünmeýändigim ünsümi çekdi. Ol wagtlaram orta mekdebi gutaranyma 1-2 ýyl geçipdi. 10 ýyllap okap, himiki hasaplamalara, kesgitlemelere şonça ýyllap kelle döwüpdim, ýöne netijede ýönekeýje bir sabynyň düzümine-de düşünemokdym. Edebiyat-sungat babatda hem şolar ýaly. Flober bilen Balzagyň tapawudy näme? Nämüçin Pikassonyň gyşyk formalary kubizm diýlip arşa göterilýär-de, üç yaşly inimiň edil şoňky ýaly suratlarynyň hiç hili ähmiýeti ýok? Kiçijik zatlar, ýöne, möhüm zatlar. We biz şu zatlary internetden öwrenmeli bolýas. Jazz näme, pop näme? Sabynyň düzümi näme? Nädip kompyuterimi oňarmaly? Niräm agyrýar? Towugy nädip soýmaly? Noýbany nädip ekmeli? Iň gowusy mekdepler şu zatlary öwretsin. Barybir beýleki zatlar ekzamenden soň ýatdan çykýar. Durmuşda-da gazandyrýan zady ýok.
P.S. Hünär bilimi babatda 70-20-10 diýlen bir formula bar. Oňa görä adamlar öwrenip biljek zatlarynyň 70%-i informal usulda, ýagny işde, tejribede, özi islegi bilen ondan-mundan gözläp öwrenýär. Bary ýogy 10%-ni formal usulda öwrenip bilýär. Yagny mugallymlaryň on ýyllap kelle döwüp öwredip başarjak zady gaty ujypsyz...

çeşme: kitapcy.ru
3
6
Syke_Dali
11.10.2024 06:51
Edara ýolbaşçylarynyň biri töweregindäkilerde özüniň juda ge-
rekli we ähmiýetli adamdygy hakdaky pikiri oýarmak isleýän eken. Her gezek kimdir biri gapyny kakanda, dessine telefonyny eline alyp, özüni biri bilen gürleşýän kysmy alyp barypdyr. Gapydan giren adama bolsa: «Geliň, geçiň, oturyň. Ýöne bir minutjyk tagapyl ediň,men şu wagt bir möhüm meseläniň çözgüdini tapjak bolup otyryn» diýer ekeni. Soňra bolsa telefona dowam edip: «Hä, hawa... ýaňky aýdyşym ýaly ýerine ýetirseňiz, hökman netijeli bolar.. elbetde.. bolýar, habarlaşyp duruň» diýer ekeni. Bu gezek hem şu ýerine çenli hut şeýle bolupdyr. Ol telefon trubkasyny goýupdyr-da: «Aýdyberiň, näme mesele bilen geldiňiz?» diýip, täze gelen adamdan sorapdyr. Ol
adam elindäki gurallary görkezip: «Hojaýyn, men siziň işlemän duran
telefonuňyzy bejermäge gelipdim..» diýip jogap beripdir.
Ýasama häsiýet haçandyr bir wagt sepini bildirýär. Şonuň üçin
adamlara ýa-da ýagdaýlara görä öwsüp ýörmän, öz bolşumyz ýaly
görnübereliň.


#Halallyk_kyssalary

Arap dilinden terjime eden Rahmet Gylyjow
10
57
Syke_Dali
04.10.2024 19:03
Garly günlerde her kim sowukdan ýaňa öýünden çykman oturýardy. Sowuk howa edil çöllükdäki şowlap öwüsýän şuwwulduly hemem ýiti ýel ýalydy. Bu howada her kim öýünde ýyly pejiň ýanynda süýt içip oturanlaryny gowy görýärdiler. Şäheriň çagalary diňe Windows ýa­-da PlayStation oýunlary bilen meşgullanmasa wagtlary geçmeýän
ýaly, 1 manat pul tapdyklary göni ''Kompýuterler dünýäsine'' tarap okdurulýardylar. Bilesigeliji çagalar fantastiki eserlerden toplanan bu oýunlary dünýägaraýyşlaryny artdyrmak üçin oýnamasalarda çaganyň ene­-atasy olaryň dünýägaraýşynyň giňeldilmesi diýip düşünýärdiler. Serdaryň eje-­kakasam özleriniň uly geljekleri üçin Serdary şeýle terbiýeläpdiler. Serdar özüniň tämiz düşünjeleri bilen ylmy­doktarlaryň münberlerinde öz ylmy subutnamasyny birnäçe gezek subut edipdi. Serdar Biologiýanyň ''Anatomiýa'' ylmyny has ünsli okapdy we Adamynyň agyr keselleriniň birnäçesine garşy suwuklyklar oýlap tapypdy. Ol öz subutnamalary bilen kän işleri bitiripdi. Ine Serdar bu gün hem bir tejribäniň başyny başlapdy. Ol öli ýatan adamynyň beden damarlaryny sperasuwuklyk ganlary bilen suwarypdy. Ol bu işleri bilen özüniň ilkinji ylmy işini ýazmaga başlady. Surnukdyryjy barlaglar, iş resminamalar, ylmy doktrina hasaplary Serdary günde diýen ýaly ýadatýardy. Şonuň üçin ol ýatdan çykarmasy bilen öli adam bedeniniň apparatyny söndürmegi (öçürmegi) ýatdan çykarýar. Ol şol gün Tejribehananyň gapysyny guranyndan hem bir zatlary ýadan çykarandygyny bildi we muňa telim gezek gapyny açyp seretmegi bilen karar tapman ol şol gün ol otagda ak uly stoluň üstünde ýatyp galdy. Sperasuwyklyk ganlary bu ölen adamda erbet täsir edip başlamaklyk bilen sperasuwuklyga garylan hereketsiz gan we daşardan gelýän arassa ganyň gyzgyn herekete gelmegi ilkinji gezek ýüregi sarsdyrdy. Herekete gelen ýürek ähli damarlary dolandyryp başlady. Öli adam aşa gan doýumlulugy bilen çişip giden damarlaryna sygman demini çalt-çalt alyp başlady. Ol itremeleri bilen içki myşsalar öli adamynyň öňki keşbini ýitirmäge mejbur edipdi. Kebze myşsalar çişdi burunboşlugy süňk kekirdewikleriniň gatamagy we çişmegi bilen göz damarlarynyň gany ýarylyp gyzarmagy bilen,el we aýak süňkleriniň damarlary çişmegi bilen aýylganç bir görlüp eşidilmedik adamyny emele getirdi.
Ol adam gyzylgana doýan gözlerini açdy. Hemme hereketsiz maddalar onuň gözüne gyzyl reňkde görünýärdi. Gan basyşynyň çogmagy netijesinde adam bedeni apparaty howply bir duýdurujysy bilen gygyrypdy. Ýerinden böküp galan Serdar gözlerini açmadan kagyz delolary ýykyşdyryp ömründäki ilkinji howlykmasyny hem­-de ýalňyşlygyny geçirýän ýaly alňasady. Emma bu alňasamasy onuň üçin juda giçdi. Ol tejribehana gireninden öli adamynyň ýerinde ýokdugyna derrew akyl ýetirmek bilen özüniň ilkinji ýalňyşyna düşünýän ýaly ellerini ýüzüne tutup urunup-urunup aglady. Ol aglamasy bu tejribäniň säwlik bilen geçendigi üçin däldi. Bu aglama il günüň üstünden ýyrtyjylyk alamatyny gopdurjak agydy. Şol gije tejribehananyň penjireleri Serdaryň gany bilen aýylganç serpelenipdi. Ol bu
ýyrtyjy adamhory ömründe birinji sapar görüpdi. Bu adamhor ony tama diräp bagyr öýkenlerini iýip durdy. Serdaryň içegeleri akyp tejribe gülleriniň ýapraklaryna çolaşyp durdy. Serdar bu nägehan adamhordan gutulup bilmän onuň ilkinji awy bolmak bilen gözlerini ýumdy. Bu adamhor tejribehanany ýykan ýumran edip urundy we penjiräni döwüp
daşara çykdy. Ýary gije bu işlerden kimiň habary boljak? Ol bolsa daňyň ataryna garaşyp aýylganç sesi bilen
gygyrdy. Ýary gije oýanan Döwranjyk bu sesiň möjegiň sesidir öýütdi...


Author: ©Anonim
çeşme: internet sahypalaryndan
7
76
Syke_Dali
01.10.2024 18:45
😁😁😁
12
271
Syke_Dali
29.09.2024 20:18
Like basmagy unutma❤️
11
212
Syke_Dali
28.09.2024 07:28
Peýdasy degmegi mümkin...
8
47
Syke_Dali
27.09.2024 07:26
Ganhor daýza


Gyş aýynyň şuwlap öwüsýän sowuk howasy diňe aýaklaryň barmaklarynyň uçlaryny doňduryp alyp barýandyr. Garaňky gijelerde bolsa asman sarymtyk buluda gaplanan. Köçeleriň diňli yşyklarynda (stolba) gar tozgalary syrap ýagýardy. Gar diňe şol yşykdan peýda bolýan ýalydy. Köçelerde şol gije gara pişikleriň biri hapa atylýan bedreden çykyp öňümden kesip geçdi. ­"Ine saňa gerek bolsa" diýip Begenç ata­baba däbinden tutduryp ugrady. "Öňünden gara pişik kesip geçse gowulygyň alamaty dälmiş'' Ol şeýdip pyýadalaryň gatnawynda her hili zatlary kellesine getirip gelýärdi. Ol etaž jaýlaryň arasynda egmiş uzyn plažly gara şlýapaly, şarfly elini jübsine sokup duran birine gözi düşüp:­ "Häzir bu adam meni ýanyna çagyrar" diýip pikir etdi. Soňra ol meni "pylanyň öýüni tanaýaňmy?" diýer we maňa pistolet diýräp "şol pylanylara çenli äkit diýer" diýip pikir etdi. ''Ýa­da ol meni etaž jaýlaryň içinde öldürip etimi dograp-dograp halta salyp goýar'' diýip Begenç gorky bilen kellesine erbet zatlary getirip başlady. Ýöne onuň bu eden pikiri başa barmady. Ol jübsinden elýaglygyny çykaryp derlän ýaňaklaryny süpürdi. Geň zat ol üşemesini ýatdan çykaraýypdyr. Esli wagt ýöränden soň duralga­da oturan bir gara gözi düşdi. Zordan körelip ýanýan duralganyň yşyklary käte gyrpyp kä ýiti ýanyp gidip durdy. Begenç duralga golaýladygyça bu gara bükülip oturan biridigini bilýärdi. Begenç içinden gorkyny aýyrmak üçin,
öz­-özüne teselli bermek üçin: "­Bu bir haltadyr. Ony biri unudyp galdyryp gidendir... Ýok bu bir ganhoruň ganarydyr. Onuň içinde bigünä adamynyň kelle baş aýagy ýatandyr..."
Duralganyň ýanyna golaýladygyça onuň dogrudanam bükülip oturan daýzadygyny bildi. Begenç howsala düşmesini dowam etdi. Oturan daýza: ­"Wäääääää" edip gygyryp birden yzyna bakdy we hyrlap Begenje dişini görkezende Begenjiň ýüregi agzyna geldi. Ol kellesindäki pikirlerini şol duralganyň ýanynda ýatdan çykaryp gaçyp gitdi. Daýza Begenjiň yzyndan ýyndam ylgawy bilen sypdy. "Eý Alla bu näme boluş" diýip ýeňsesinden ylgap gelýän daýzany ýitirdi. Begenç ylgawyny güýçlendirdi, seretse
yzynda etažlaryň ýüzünden keseleýin bükülip gelýän daýzany görüp, köçäni kesip beýle tarapa geçdi. Ol etažlaryň arasyna geçip demi­ demine ýetirip bilmän hopugup ýakasyny gysdy. Adamzat gorkan mahaly imany uçdy diýilýäni. Ol birsalym demini aldy. Soňra ol ögäp ­gaýtarmaga durdy.
Onuň ýeňsesine nämedir bir gyzgyn suwuklyk damdy. Begenç gyssagarada bu daman suwuklyk gar ýa­-da ýagyş
diýip düşünse­de bu düşünjesine ynanasy gelmedi. ''Bu bir bendäniň penjiresinden damýan kandisoneriň suwydyr" diyip bildi. Begenç ýokaryk gaňrylyp seredende bolsa pasyrdap öz üstüne topulyp gelýän hälki daýzany görüp bu gezek hem ýalňyş pikir edendigini bildi. Daýza öz paýyna gelen bu awuny ilki bokurdakdan başlady. Begenjiň arkasyndan aslyşan ganhor daýza hileli gülkisi etažlaryň arasyndan ýaňlanyp durdy. Begenjiň boýun damaryndan syçrap çykýan gandan ýaňa ysgyndan gaçan Begenç iň soňky deminde...
Şol gije, etažlygyň arasyndan aýylganç gykylyk sesi eşidildi...


Author: ©Anonim
çeşme: internet sahypalaryndan

Like basmadyklara daýzaň sataşma ähtimallygy ýokary :)
12
132
Syke_Dali
26.09.2024 06:11
#Ýerasty geçelgedäki ganhor...

­Men indi näme etsemkäm daş töwerekde adam gara görnenok... "kömek ediň ,kömek ediii...kööü.." diýilip ýerasty geçelgäniň içinden çykan çirkin ses asfaltdan gelyän Mekany ürküzdi. Ol bir az dymdy:
­"Bu ýerde kim barka?" diýip pikir etdi.
Mekan Uniwersitetda okaýardy. Şu gün bolsa ol Botanika bagynda öz söýüşýän gyzy Bahar bilen oturup duşuşup öyüne gitmegide ýatdan çykaryp wagtyň geçenini bilmedi.
Sagat bolsa gije 21:13. ­"Aý bir är­-heleý oňuşuksyz hala gelendir, bir düşünişmezlik bardyr" diýip ýerasty geçelgä tarap ýöneldi. Ýöne näme üçindir ýerasty geçelgäniň asty garaňky. Mekan muny başda­da aňdy "özä gowluk däl". Mekan demini rahatlyk bilen goýberip ýerasta girdi we telefonuny çykaryp onuñ ýagtysyny öňüne tutdy. Körejik ýagtylygy basmarlaýan garaňkylyk Mekanyň ýürek urgusyny çaltlandyrdy: "Ýok, yza gaýdaýyn, aý ýok erkek ýaly girdim indi yza ýol ýok, meniň gedemligim gurasyn nirä batyrsyran bolyaň... köşeş Mekaaan,köşeş...''
diýip Mekan kellesindäki gapma ­ garşylykly pikirini rahatlandyrdy.
Mekanyň telefonunyň yşygy bir sumkany tapdy. Mekan ony ýerden galdyryp ýetişdi. Şol wagt hem pytyrdap ýanan ak swetlar daş töwerekdäki gana boýalyp ýatan maslyklar aý­aýdyň bolup Mekanyň
gözlerine elhenç gorky bilen görünipdi. Onuň garşysynda duran gara kožaly kellesi protowoý gazly aýaklary ädikli
eli maññally adam edil kinofilimlerdäki gorkunç gahrymanlara meňzäp durdy.
Mekan daş-­töwerekdäki maslyklardan adam jesetlerinden göwni geçdi...
"Şundan nädip gutulaýyn" diýip pikirini çalt kellä getirdi. Onuň aýaklaryny tutuş süňňüni garşysyndaky duran adam baglap durdy. Mekan aljyrady, özüni ýitirdi, elindäki telefonuny gaçyrdy. Bu bolsa Mekanyň ömründe birinji saparky özüni ýitirmesidi.
Onuň aýaklary doňup dur. Birden onuň gözleri ýerde gara gözlerini açyp ýatan Bahara düşüp gany depesine
galdy. Ýo­o­o­o­o­o­o­ok...
Ses bütin ýerzemini ýaňlandyryp gitdi. Baharyň balkyldap seredýän gara gözlerinde bir az bolsa­da şatlyk bardy, ol ýylgyrýardy begenjinden aglaýan sessiz agy Mekanyň gaty gaharyny getirdi, ol gaharlanmady onuñ ruhybelent agysy içini ýyrtyp gelýärdi.
Mekan ganhoruň üstüne ylgady. Haýbatly topuldy garnyndan batly geçen maññalyñ ujy bolsa onuň badyny ýatyrdy. Gara gana bulanan ak eşikden serpilip çykýan gan Baharyň ýüzüne syçrap durdy. Mekan demini bir ýere toplap sumkany açdy onuň içine elini sokdy. Ganhor maññalyny galdyrdy. Mekan soňky deminde eline ilen galyň aýnaly duhini ganhoruň süýr depesinden saldy. Duhi ganhoruň depesinde pytrap gitdi. Iki sany garşydaş ikisi birden ýere ýykyldy. Bahar ysgynsyz göwresi bilen süýşenekleýärdi. Ol Mekanyň halyna sessiz aglaýardy. Doňňara daş bolup ýatan Mekan jan beripdi... Bahar zordan barmaklary bilen ýeri dyrmalap Mekanyň eline­ berip ýetişdi. Ol şol ýerde gözlerini ýumdy we çaşdy.
Ertesi bolsa özüni hassahanada gördi...


Author: ©Anonim
çeşme: internet sahypalaryndan

Like basmagy unutmaň!
11
87
Syke_Dali
25.09.2024 10:05
Elhenç janlanan waka

Güýz aýlarynyň başlarydy, ýagyş ýagjagynam bilenok dymjagynam bilenok. Asmandaky gara bulutlar göýä üstüňe abanyp duran eli dyrnakly al­arwahy ýatladyp durdy. Men hem gaty gijä galmaýyn diyip gulaklygymy (nauşnik) gulagyma gysdyryp işden çykdym. Stolbalardaky sary yşyklar öçügsi ýürekgysgynç ýanyp durdy. Şol bada jübi telefonumdaky aýdym aýtma gezegi ýürekgysgynç skripka sazy aýtmaga durdy. Ho­o­ol aňyrrakda 300 metrlikde hem duralganyň sary yşyklary parlap durdy. Ine şol pursat hem gapdalymda peýda bolan gara reňkli "Mersedes-Benz" durup yzky gapysy açyldy. Men gorkup ugradym. Derrew gulaklygymy aýryp şol ýerde aýak çekdim. Şafýor tarapdan ­"Mün inim, ugruň nirä?­"
"Ýok sag boluň men aýlaň çaylaňa çykdym. ­Ah­eýýoga sen bu töwerekde
ýaşamaýanlygyň bildirip dura. ­Näme üçin siz meni äkitjek bolýaňyz men sizi tanamogama?" Şol wagt yzky açyk
duran gapydan el çykyp meniň ýakamdan gysyp maşyna tarap çekdi. Gapy ýapyldy. Mersedes-Benz ugrady. Şondan soňra men bu maşynyñ içinde şeýle wakany başdan geçirdim. Meni der basýar dilim tutulup hiç hili yñkymy çykarman otyryn. Ýaňky şatyrdadyp ýakamdan tutana seretdim. Ýüzi gara negr adam. Asmandaky gara dyrnakly bulut ýadyma düşüp gitdi. Men bir az rahatlandym. Soñra demimi dürsäp ­"Salowmaleýkim agam" diydim. "W­o­o­o maladees" "Siz meni nirä alyp baryaňyz?" diýdim. "­Aýtdyma körpe öyüñize diyip!" Menden ses üýn çykmady. Bir seretsem daş töwerekdäki ýagtylyk ýitip köçelerdäki yşyklar ýitip ugrady. Şafýor aljyrap elýaglygyny çykaryp, titräp yüz ­gözüni süpürdi. Birden erbet sarsgyn bolup maşyn doňup galdy. Kelläm öçüp, gözlerim ýumuldy. Bir seretsem endam janym gara­gan. Gapdalymdaky gara plajly adam şafýoruň oturgyjynyñ aşagynda düýrlenip ýatyr. Şafýoruň ýarty göwresi maşynyň penjiresini ýaryp çykyp ýatyr. Onuñ oňurgasy görnüp durdy. Galan ýerlerinden içegeleri çykyp integem gan syzdyryp ýatyrdy. töweregime seredip kömek etjek birini gözledim. Hiç hili adam ýok, daş töweregimi duman basypdyr. Megerem, daň atan bolsa gerek...

#Ýerasty geçelgedäki ganhor

dowamy bar...
9
84