Syke_Dali
15.10.2024 12:11
Orta mekdebi gutaran biri edebiýat, himiýa we ş.m... babatda iň elementar zatlarda ortaça bilime eýe hasap edilýär. Mekdebiň funksiýasam şol. Töweregimizi gurşap alan dünýä düşüner ýaly ortaça bir sowat bermek. Ençeme ýyl öň şol bir brendiň iki hili şampunynyň arasyndan in optimalyny saýlajak boldum. Düzümine seredemde şol himikatlaryň hiç birine düşünmeýändigim ünsümi çekdi. Ol wagtlaram orta mekdebi gutaranyma 1-2 ýyl geçipdi. 10 ýyllap okap, himiki hasaplamalara, kesgitlemelere şonça ýyllap kelle döwüpdim, ýöne netijede ýönekeýje bir sabynyň düzümine-de düşünemokdym. Edebiyat-sungat babatda hem şolar ýaly. Flober bilen Balzagyň tapawudy näme? Nämüçin Pikassonyň gyşyk formalary kubizm diýlip arşa göterilýär-de, üç yaşly inimiň edil şoňky ýaly suratlarynyň hiç hili ähmiýeti ýok? Kiçijik zatlar, ýöne, möhüm zatlar. We biz şu zatlary internetden öwrenmeli bolýas. Jazz näme, pop näme? Sabynyň düzümi näme? Nädip kompyuterimi oňarmaly? Niräm agyrýar? Towugy nädip soýmaly? Noýbany nädip ekmeli? Iň gowusy mekdepler şu zatlary öwretsin. Barybir beýleki zatlar ekzamenden soň ýatdan çykýar. Durmuşda-da gazandyrýan zady ýok.
P.S. Hünär bilimi babatda 70-20-10 diýlen bir formula bar. Oňa görä adamlar öwrenip biljek zatlarynyň 70%-i informal usulda, ýagny işde, tejribede, özi islegi bilen ondan-mundan gözläp öwrenýär. Bary ýogy 10%-ni formal usulda öwrenip bilýär. Yagny mugallymlaryň on ýyllap kelle döwüp öwredip başarjak zady gaty ujypsyz...

çeşme: kitapcy.ru
3
6
Teswir ýazmak üçin içeri giriň.