Shining ✨
18.02.2023 08:29


Görmeksiz gyz


Aglama,gyz! Uÿajygym,gam çekme,
Bilip bolmaz ykbalyñy öñünden,
Bu howlukmaç ÿigitlere at dakma.
Kim geçenok öz bagtynyñ deñinden.

🎀----------🎀-----------🎀----------🎀-----------🎀

Tekepbir bol,çykyp bolmaz gaÿa dek.
Sada bol,aÿlaryñ doguşy ÿaly.
Şeÿle ÿigitler bar,( olar bar entek)
Sen dek gaÿalarda olañ hyÿaly!


Gurbannazar.Ezizow.
16
191
Shining ✨
15.02.2023 08:24


Bir gün garylsam-da mele topraga,
Sowurman söÿgiñi tupana,ÿele.
Seniñ söÿgiñ hiç guramaz kökleri,
Ÿaÿrar bu zemine ÿüregim bile.

----------✨-----------✨------------✨------------✨----------

Pursat ber,howlukma,
Gyssama meni,
Älemgoşaryña bir gaş kakaryn.
Öñümde ak kagyz.
Elimde galam.
Menem bir gün bergilemden çykaryn!


Gurbannazar.Ezizow.
21
144
Shining ✨
14.02.2023 08:43
" Meni ÿitirersiñ..."


Meni ÿitirersiñ... Bujagaz ÿitgi
Äleme ne ÿeñil,ne agyr düşer.
Ÿene öñküsi dek gülüp dogar Gün.
Ÿene öñküsi dek Aÿ dymyp ÿaşar.

---------🥀-----------🥀------------🥀------------🥀

Meni ÿitirersiñ...Ÿitenim bilen
Ne garalar,ne-de saralar jahan.
Ÿene öñküsi dek şuwlar gara gyş,
Ÿene öñküsi dek gül açar bahar.


Kerim.Gurbannepesow.
14
109
Shining ✨
11.02.2023 10:22
Ikisi hem ÿetmez.Geçmişi ÿatlarsyñ.Sen nirede bolsañda her sagadyñy her minudyñy ÿatlarsyñ.Meniñ bilen geçen ÿerleriñi geçmek,giden ÿerleriñe gitmek islärsiñ.Kimdir biri saña içiñdäki hasratdan dynmagyñ ÿoluny aÿtjak bolar,emma sen gaçarsyñ.Şol dynmak isleÿän derdiñden,ÿene dynmazlyk üçin dileg edersiñ.Durmuşyñ galanyny diñe meni ÿatlap geçirmek islärsiñ.Hiç bir ynsany meniñ ÿerime goÿup bilmersiñ.Seni hiç bir zat öziñe getirmez,we ÿene derdiñ dermanyny gözläp başlarsyñ.Nämedir bir zat saña az wagtlyk ähli zady unutdyrar,ÿöne meni unutdyrmaz.Ähli aÿdylan aÿdymlar,ÿazylan goşgular biziñ ikimiz üçin ÿaly bolar.Damagyñ dolar we diñläp,okap bilmersiñ.Uklamak kyn,oÿanmak añsat bolar.Hakykat bolmagyny islän düÿşleriñi görersiñ.Şäheriñ howasyny içiñe çekersiñ,kä wagt bolsa"käşgä hiç dañ atmasady,hiç oÿanmasadym" diÿersiñ.Ne gijeler saña rahatlyk berer,ne-de gündizler.Kimdir biri bilen gürrüñdeş bolanyñda ÿalñyşyp meniñ adymy aÿdanyñybilmän galarsyñ,ÿada meniñ aÿdÿan sözlerim has ÿakyn eşdiler gulaklaryña.Telefon jañynyñ gelmesine garaşarsyñ,jañ etmejegimi bilseñde.Her jañ gelende ÿüregiñ agzyña geler,ÿöne başga biriniñ jañ edÿänini görüp ÿene keÿpiñ gaçar.Aglaÿan halyñda gürleşersiñ jañ edÿänler bilen.Meniñ sesimi ÿekeje gezek eşitmek üçin ÿanyp tutaşarsyñ.Ÿüregiñ burulup,hasratyñ artar.Mundan soñ hiç wagt söÿmezlige ant içersiñ.Durmuşyñ üçin nämedir bir zatlar edesiñ gelmez.Hiç bir zadyñ manysyny görüp bilmersiñ.Emma her gezek meni göreniñde bolsa,ÿaşaÿan şäheriñi,okaÿan okuwyñy,işleÿän işiñi terk etmek islärsiñ.Meniñ bilen hiç hili bagly bolmadyk,menii ÿatlatmajak ÿerlere gidip ÿaşamak islärsiñ.Ÿöne ýene bir umyt durar içiñde
"BELKI BIR GÜN DOLANAR" diýe..
17
130